Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň esasynda, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda oňyn ösüşlere eýe bolunýar. Muny ýurdumyzyň şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryndaky makroykdysady görkezijileri bilen bir hatarda Halkara Pul Gaznasynyň taýýarlan beýannamasy hem aýdyňlygy bilen subut edýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Mejlisiň dowamynda berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, milli ykdysadyýetimiz okgunly ösüşe eýe bolýar. Şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň jemi içerki önümi 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim ýokarlanan bolsa, ýanwar-oktýabr aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,1 göterim artyp, daşary söwda dolanyşygy 4,2 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň jemi içerki önümindäki durnukly ösüşi Halkara Pul Gaznasy tarapyndan hem tassyklandy. 5-12-nji noýabr aralygynda ýurdumyzda saparda bolan Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) wekiliýetiniň öz saýtynda beýan eden habaryna görä, ýurdumyzda ykdysady ösüşiň strategiýasyny maýa goýumlaryň hem-de importuň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň we eksporty höweslendirmegiň, maksatlaýyn ýeňillikli karzlary bermegiň, şeýle hem bu strategiýadan gelip çykýan halkara amallarda we töleglerde daşary ýurt pulunyň giň gerimli gözegçilik çäreleriniň hasabyna amala aşyrmagy dowam etdirilýändigi bellenilýär. Şolaryň netijesinde, 2019-njy ýylda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş derejesiniň 6,3 göterime ýetiriljekdigine doly mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ykdysady strategiýasy ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlaşdyrmak, senagat taýdan kuwwatly derejä çykarmak ýaly uly maksatlaryň esasy bolup hyzmat edýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem giňden alnyp barylýar. Eksport ugurly önümçilikleriň gurluşygy dowam edýär. Hususy pudagyň kuwwaty ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzyň yklymara ulag-logistika merkezine öwrülmegi, gazylyp alynýan peýdaly çig mal önümleriniň senagat taýdan gaýtadan işlenilmegi we olardan ýokary hilli taýýar önümleriň öndürilmegi, milli ykdysadyýetimiziň has-da ösdürilmegine ýardam etdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde döwletimizde işjeň maýa goýum syýasaty amala aşyrylýar. Ýurdumyzda uly möçberli maýa goýum işlerini amala aşyrmak üçin ähli ykdysady amatlyklaryň (ýeňillikli salgyt, karz, gümrük tölegleri we kepillendirilen ätiýaçlyk işleriniň) ýola goýulmagy we halkara talaplaryna laýyk gelýän berk binýadyň bolmagy, olaryň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ösdürilmegi, daşary ýurt maýadarlarda hem uly höwes döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, senagat jemgyýetini döretmek, çig mal nusgaly milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan maksadydyr.
Milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan, ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyk gelýän çäreleriň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň 8,2 göterime çenli ýokarlanmagyna, hyzmatlar ulgamynda 45,8 göterime, senagat pudaklarynda 33,8 göterime, gurluşykda 11,5 göterime, oba hojalygynda 8,9 göterime deň bolmagyna şert döreder. Maksatnama laýyklykda, geljek ýyllarda elektrik energetikasy, nebiti we gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek, elektronika, senagat, oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk hem-de syýahatçylyk pudaklaryny ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwürmek babatda giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň has-da ösdürilmegine uly goşant goşjakdygy ikuçsyzdyr.
Bu Maksatnama laýyklykda, oba hojalygyny hem döwrebap derejede özgertmek göz öňünde tutulýar. Ýakyn geljekde, oba hojalygynda 56 desgany işe girizmek we döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutuldy. Döwlet tarapyndan oba hojalygyna hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, şeýle goldaw obasenagat toplumynyň we tutuş obanyň ähli amatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goşant goşýar. Pudak iň gowy oba hojalyk, gurluşyk tehnikasy we beýleki ýöriteleşdirilen traktorlar, kombaýnlar, beýleki oba hojalyk gurallary bilen üpjün edilýär.
Ine, şeýle ösüşler ýakyn geljekde milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň has-da pajarlap ösmegine, halkara abraýynyň has-da belende galmagyna nobatdaky itergi bolar.
Jahan RAHMANOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.