2025-nji ýy­la çen­li ne­bi­te bo­lan dün­ýä is­le­gi 2018-nji ýy­lyň gör­ke­zi­ji­le­ri­ne ga­ra­nyň­da, 6,8% ar­typ, her gün­­de 103,5 mil­li­on bar­re­le deň bo­lar. Bu ba­ra­da Hal­ka­ra ener­ge­ti­ka agent­li­gi ha­bar ber­ýär. Şeý­le hem ösüp bar­ýan ýurt­lar­da ne­bi­te bo­lan is­leg her ýylda bir gije-gündizde 900 müň bar­re­le çenli artar. 2040-njy ýy­la çen­li glo­bal is­le­g 9,8% ar­typ, her gün­de 106,4 mil­li­on bar­re­le ýet­jek­di­gi­ni agent­lik ha­bar ber­ýär.

Rus­si­ýa­da ne­bi­te bo­lan is­leg her gün­de 2018-nji ýyl­da 3,2 mil­li­on barrel bo­lan bol­sa, 2025-nji ýy­la çen­li 3,4 mil­li­on bar­re­le çen­li ar­tar. 2025-2030-njy ýyl­lar­da bu gör­ke­zi­ji 3,4 mil­li­on bar­rel de­re­je­sin­de sak­la­nar.

ABŞ-da ne­bi­te bo­lan is­leg pe­se düş­ýär. Ne­bi­te bo­lan is­leg 2018-nji ýyl­da, her gün­de 18,5 mil­li­on bar­rel bo­lan bol­sa, bu gör­ke­zi­ji 2025-nji ýy­la çen­li 18,4 mil­li­on bar­re­le çen­li aza­lar. Bu ýurt­da ne­bi­te bo­lan is­le­giň 2030-njy ýy­la çen­li her gün­de 17,4 mil­li­on bar­re­le, 2040-njy ýy­la çen­li bol­sa, 15,1 mil­li­on bar­re­le çen­li pe­se ga­çar.

Şol bir wag­tyň özün­de OPEK ýurt­la­ryn­da ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy 2018-nji ýy­lyň gör­ke­zi­ji­le­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 2025-nji ýy­la çen­li 3,2%, ýag­ny, 36,2 mil­li­on bar­re­le çen­li bolar. 2025-nji ýyl­dan soň, gör­ke­zi­ji­ler ösüp ug­rar we 2040-njy ýy­la çen­li 40,1 mil­li­on bar­re­le ba­ryp ýe­ter.

Hal­ka­ra ener­ge­ti­ka agent­li­gi­niň pi­ki­ri­ne gö­rä, OPEK ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da Yrak ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy­ny art­dy­rar. Şeý­le­lik­de, Yrak­da ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy 2018-nji ýyl­da her gün­de 4,7 mil­li­on bar­rel bo­lan bol­sa, 2025-nji ýy­la çen­li 5,3 mil­li­on bar­re­le çen­li ar­tar. 2018-2040-njy ýyl­lar­da bu ýurt­da ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy ösü­şi­ni do­wam et­di­rip, her gün­de 6,5 mil­li­on bar­re­le deň bo­lar.

OPEK-iň iň köp ne­bit çy­kar­ýan ag­za­sy Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da hem ösüş­ler do­wam ed­ýär. Bu ýur­duň gör­ke­zi­ji­le­ri 2018-nji ýy­lyň gör­ke­zi­ji­le­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 2025-nji ýy­la çen­li 1,6%, ýag­ny her gün­de 12,6 mil­li­on bar­re­le çen­li ar­tar. Ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy 2040-njy ýy­la çen­li her gün­de 13,1 mil­li­on bar­re­le ýe­ter.

2018-2040-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da dün­ýä­de ne­bit çy­kar­mak­da OPEK-iň pa­ýy 36-39%-den yba­rat bo­lar. ABŞ-da slanes ne­bi­ti­ni we ga­zy­ny çy­kar­mak ba­ra­da gür­rüň goz­ga­lan­da bol­sa, 2030-njy ýy­la çen­li dün­ýä­niň ne­bit çy­ka­ry­ly­şy­nyň 85%-i, ga­zyň çy­ka­ry­ly­şy­nyň bol­sa, 30%-i bu ýur­duň pa­ýy­na dü­şer. Bu ýag­daý ýan­gy­jyň iki gör­nü­şi­ni hem eks­port ed­ýän ýurt hök­mün­de ABŞ-nyň or­nu­ny ber­kid­ýär. 2025-nji ýy­la çen­li ABŞ-da slane­s ne­bitiniň we gazynyň çy­ka­ry­ly­şy­nyň umu­my muk­da­ry beý­le­ki ýurt­la­ryň­ky­dan ýo­ka­ry bo­lar. Şol bir wag­tyň özün­de ABŞ-da ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy ýo­kar­lan­ar. Eger-de gör­ke­zi­ji 2018-nji ýyl­da her gün­­de 15,5 mil­li­on bar­rel bo­lan bol­sa, on­da ol 2025-nji ýy­la çen­li 20,9 mil­li­on bar­re­le çen­li ar­tar, 2030-njy ýyl­da ýo­ka­ry de­re­jä – 21,7 mil­li­on bar­re­le, 2040-njy ýyl­da bol­sa, 19,8 mil­li­on bar­re­le çen­li pe­se dü­şer. ABŞ-da ne­bi­tiň uly muk­da­ry­nyň çy­ka­ryl­ma­gy, onuň dün­ýä de­re­je­sin­de çy­ka­ry­ly­şy­nyň muk­da­ry bo­ýun­ça OPEK ýurt­la­ry­nyň pa­ýy­ny ep-es­li azald­ýan­dy­gy ba­ra­da Hal­ka­ra ener­ge­ti­ka agent­li­gi­niň bi­ler­men­le­ri mä­lim ed­ýär­ler.