Sa­na­wyň bi­rin­ji or­nu­ny eýe­le­ýän Gon­kon­ga 26,7 mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly ba­ryp­dyr. Bu mag­lu­mat­la­ryň ýyl ta­mam­lan­man­ka ýaý­ra­dy­lan­dy­gy üçin reý­ting­dä­ki orun­la­ryň az­da-kän­de üýt­gäp bil­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. Mag­lu­mat­da ýy­lyň do­wa­myn­da 1,5 mil­liard ada­myň da­şa­ry ýurt­la­ra sy­ýa­hat et­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Gon­kong Gün­do­gar me­de­ni­ýe­ti bi­len Gün­ba­tar me­de­ni­ýe­ti­niň du­şuş­ýan ýe­ri ha­sap­lan­ýar. Şä­he­riň yk­dy­sa­dy inf­rast­ruk­tu­ra­sy, bi­na­gär­li­gi, ylym-bi­li­mi we şä­her me­de­ni­ýe­ti da­şa­ry ýurt­lu­la­ry özü­ne çek­ýär. Şä­he­riň kö­çe­le­rin­de hy­taý halk luk­man­çy­ly­gy­na de­giş­li der­man­la­ry­ny sat­ýan ki­çi­räk dü­ka­ny ýa-da aku­la­nyň ýüz­gü­jin­den çor­ba bi­şi­ril­ýän res­to­ra­ny hem gör­mek bol­ýar. Şol bir kö­çe­de hal­ka­ra res­to­ran­lar top­lu­my­nyň şa­ham­ça­sy­ny, iň soň­ky pro­ka­ta çy­kan film­le­ri gör­kez­ýän ki­no­te­at­ry hem gör­mek bol­ýar.
Sa­na­wyň ikin­ji or­nu­ny Tai­lan­dyň paý­tag­ty Bang­kok eýe­le­ýär. Ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­re baý bo­lan bu şä­he­re ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 25,8 mil­li­on adam ge­lip­dir. Bang­ko­gyň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler mer­ke­zi Çauph­ra­ýa der­ýa­syn­da­ky Rat­ta­no­ko­sin ada­sy ha­sap­lan­ýar. Tai­çe­de “be­ýik gym­mat­lyk” diý­me­gi aň­lad­ýan ada­nyň daş-tö­we­re­gi ka­nal­lar, diň­ler we di­war­lar bi­len gur­şa­lyp, olar şä­he­ri go­ra­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­lip­dir. Bu ýer­de ýer­leş­ýän ta­ry­hy köş­güň daş-tö­we­re­gin­dä­ki di­wa­ryň uzyn­ly­gy 1900 met­re ýet­ýär.
Ma­kao sa­naw­da üçün­ji or­ny alyp­dyr. Ady­bir ýarym ada­da ýer­leş­ýän bu şä­he­re 20,6 mil­li­on myh­man ge­lip­dir. Açyk port­ly bu şä­her dün­ýä­niň iri ma­li­ýe we güý­men­je mer­kez­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­da ýer­leş­ýän Sin­ga­pur reeks­port ba­bat­da ösen ýurt­la­ryň bi­ri bo­lup, şol bir wag­tyň özün­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa hem aý­ra­tyn üns ber­ýär. Iri hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­lar tä­ze önüm­le­ri­ni bu ýer­de iş­läp taý­ýar­la­ýar­lar we sy­nag­dan ge­çir­ýär­ler. Şeý­le bo­lan­soň, ýur­duň myh­man­la­ry ýyl­sa­ýyn art­ýar. 11 aýyň do­wa­myn­da bu ýe­re 19,8 mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly ba­ryp­dyr. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň ara­syn­da şä­he­riň tä­sin­lik­le­ri­ni syn­la­ma­ga bar­ýa­ny hem bar, te­le­ke­çi­lik mak­sa­dy bi­len bar­ýa­ny-da.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­do­na 19,6 mil­li­on myh­man ba­ryp­dyr. Mun­dan ozal­ky sa­naw­lar­da has ýo­kar­ky bas­gan­çak­la­ry eýe­län Lon­do­nyň pa­ýy­na il­kin­ji bäş­li­giň soň­ky bas­gan­ça­gy dü­şüp­dir. Şä­her dün­ýä­niň iri ma­li­ýe mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lup, Lon­don bir­ža­sy köp ha­ry­dyň glo­bal nyr­hy­ny kes­git­le­ýär. Iki gat­ly aw­to­bus­la­ry, ta­ry­hy sa­gat di­ňi we beý­le­ki me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne ben­di ed­ýär.
Fran­si­ýa sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýur­dy ha­sap­lan­ýar. Mun­da bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­ly­gy we be­lent­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan Pa­riž­dä­ki Eý­fel di­ňi­niň pa­ýy ulu­dyr. Ýur­duň paý­tag­ty ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 19,1 mil­li­on myh­man ka­bul edip­dir. Şä­her­de dün­ýä­niň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, şeý­le hem hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ştab-kwar­ti­ra­la­ry ýer­leş­ýär. Se­na der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da­ky bu şä­her asyr­la­ryň do­wa­myn­da ösü­şi­ni do­wam et­dir­di.
Sa­na­wyň 7-nji or­nun­da ýer­le­şen Du­ba­ýa 16,3 mil­li­on myh­man ba­ryp­dyr. Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň iri söw­da, ma­li­ýe we sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi ha­sap­lan­ýan ke­nar­ýa­ka şä­her reeks­port­dan has köp gir­de­ji ga­zan­ýar. Çuň suw­ly por­ty, söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan­lar üçin dö­red­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri, ýyl­sa­ýyn ös­ýän güý­men­je pu­da­gy şä­he­riň myh­man­la­ry­nyň sa­ny­ny art­dyr­ýar.
Hin­dis­ta­nyň paý­tag­ty De­li dün­ýä­niň iň köp ilat­ly şä­her­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Baý me­de­ni­ýe­ti, däp-des­sur­la­ry, öz­bo­luş­ly aş­ha­na­sy da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ry hem özü­ne çek­ýär. Bu şä­he­re 15,2 mil­li­on myh­man ba­ryp­dyr. Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty bo­lan bu şä­her­de döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk­la­ryň hem gu­ral­ma­gy myh­man­la­ry özü­ne çek­ýär. Şä­he­riň ta­ry­hy bö­le­gi ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri De­mir­ga­zyk Hin­dis­ta­nyň söw­da mer­kez­le­ri bo­lup, bu ýer­de köşk­ler, ba­zar­lar gur­lup­dyr. Ba­zar­lar­da ha­ryt­la­ryň örän giň gör­nü­şi müş­de­ri­le­re hö­dür­le­nip­dir.
Iki yk­ly­myň ara­ly­gyn­da ýer­leş­ýän Stam­bul şä­he­ri 14,7 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­ny ka­bul edip, sa­na­wyň 9-njy or­nu­na ýer­le­şip­dir. Tür­ki­ýä­niň esa­sy söw­da, se­na­gat, we me­de­ni­ýet mer­ke­zi ha­sap­lan­ýan şä­her­de iri port hem bar. Bos­for bo­ga­zy­nyň ke­na­ryn­da­ky şä­her Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­nyň ara­ly­gyn­da ýer­le­şip, köp­rü­ler we su­was­ty ge­çel­ge­ler ar­ka­ly bir­leş­ýär. Şä­he­riň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň uly bö­le­gi Ýew­ro­pa ta­ra­pyn­da ýer­leş­ýär. Şä­her­de 70 mu­zeý bo­lup, di­ňe Тоpka­py köş­gi we Аýa­sof­ýa mu­ze­ýi her ýyl­da 30 mil­li­on dol­lar aras­sa gir­de­ji ge­tir­ýär.
Ma­laý­zi­ýa­nyň paý­tag­ty Kua­la-Lum­pu­ryň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­dan al­ýan gir­de­ji­si köp ýur­duň umu­my gir­de­ji­sin­den hem ýo­ka­ry­dyr. Ýur­duň ýyl­sa­ýyn ösüp bar­ýan paý­tag­ty­na 14,1 mil­li­on adam ge­lip, ol sa­na­wyň il­kin­ji on­lu­gy­ny jem­läp­dir. Kua­la-Lum­pur­da Mil­li mu­zeý, Mil­li met­jit, dür­li ugur­la­ra ni­ýet­le­nen 5 sa­ny te­bi­gy se­ýil­gäh we beý­le­ki des­ga­lar da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri ha­sap­lan­ýar. “Pet­ro­nas ekiz diň­le­ri” köp ýyl­dan bä­ri şä­he­riň sim­wol­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.