Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň milli medeni, edebi we taryhy, lukmançylyk mirasymyzy ylmy esasda öwrenip, ajaýyp eserlerini türkmen we dünýä halklaryna sowgat etmegi dünýä ylmynyň, şeýle hem ýurdumyzyň saglyk, sport ulgamlarynyň ösüşine uly itergi berýär. Bu günki gün dünýä lukmançylygynda, medeniýetinde milli Liderimiziň ylahy zehini bilen saglyk, sport ulgamyna, atçylyk sungatyna, haly sungatyna, milli medeniýetimize, nusgawy edebiýatymyza we beýleki birnäçe ugurlara bagyşlap, döreden eserleri ylymlar dünýäsinde aýdyň gollanma bolup hyzmat edýär.
Bagtyýarlyga beslenýän häzirki döwrümizde adamlaryň saglygynyň berkidilmegi, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Bu ugry ylmy esasda ösdürmek we dolandyrmak wezipesinde milli Liderimiz birnäçe gymmatly kitaplary halkymyza peşgeş berdi. Şeýle kitaplaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň birnäçe ýyl bäri üstünde yzygiderli işläp gelýän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy işini guwanç bilen görkezmek bolar. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň bu ylmy işiniň VIII jildini okyjylara sowgat etmegi ýurdumyzyň we dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde möhüm waka boldy.
Gyraýany ajaýyp dermanlyk ösümlikler bilen bezelen täze kitap many-mazmun jähetinden dürli aýratynlyklara eýe.
Hak nazary düşen sahawatly türkmen topragy dürli ösümliklere baý ülke hökmünde bütin dünýäde belledir. Tyllaýy Günüň nury, bereketli topragyň yzgary bilen emele gelýän şol ösümlikleriň esasy aýratynlygy olaryň aglaba böleginiň ynsan saglygy üçin ýaramlylygydyr. Ol ösümlikleri ylmy esasda birin-birin öwrenmek bolsa, ylmy agtaryşlary, irginsiz gözlegleri we netijeleri talap edýär. Mähriban Arkadagymyz bu irginsiz işiň hötdesinden gelip, dermanlyk ösümlikleri hemişe öwrenmek arkaly olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny mälim edýär.
Hormatly Prezidentimiz ylmy işiniň täze jildinde dermanlyk ösümlikleriň 108-sini elipbiý tertibinde ýerleşdirip, olaryň biologik we himiki aýratynlyklarynyň beýanyny, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň esaslary barada gymmatly maglumatlary berýär. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşynda göz ýetirmäge mümkinçilik berýän dürli suratlar onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ylmy işinde ösümlikleriň atlarynyň türkmen, latyn we rus dillerinde bolmagy onuň okyjylar köpçüliginiň arasynda giňden meşhur bolmagyna esas döredýär. Çünki, häzirki zaman dünýäsinde lukmançylyk adalgalary latyn dilinde ýazylyp, dolanyşyga girizilýär. Kitapda dürli keselleri bejermek üçin otlardan, ýapraklardan, miwelerden we dermanlyk ösümlikleriň köklerinden derman taýýarlamagyň hem-de ony talabalaýyk ulanmagyň ugurlary salgy berilýär. Ylmy işde olaryň her biriniň özüne mahsus bolan häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, tebigatyna görä ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy barada anyk we doly maglumatlar beýan edilýär. Munuň özi her bir ösümlik barada anyk netijäni almaga esas döredýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen topragyndaky ösümlikler pasyllara, howa şertlerine laýyklykda ösýär. Meselem, bir ösümlik özüne Gün şöhlesini köp wagtlap siňdirmegi halaýan bolsa, ýene bir ösümlik salkyn howada boý almaga ukyply bolýar. Käbir ösümlik gyzgyn, käbirisi bolsa, sowuk howada ýaýrap, miwelemäge uýgun bolýar. Şonuň üçin kitapda dermanlyk çig mallary ýygnamagyň senenamasy berlip, onda ösümlikleriň ady, olaryň köküni, ýapragyny, gülüni, miwesini we gabygyny haýsy aýda ýygnamalydygy görkezilýär. Munuň özi dermanlyk otlar bilen iş salyşýanlara aýdyň esaslanma bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda: “Bu kitabyň esasynda meniň mähriban topragymyza we eziz halkyma bimöçber söýgim, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başarýan pederlerimiziň ajaýyp tejribesine çuňňur hormatym bar. Biziň Watanymyzyň örän baý ösümlik dünýäsi, onuň halk lukmançylygyndaky gadymy däpleri bilen tanyşmaklygy üçin bu kitabymy giň okyjylar köpçüligine niýetleýärin” diýip, halkymyza we mukaddes topragymyza bolan çuňňur söýgüsini beýan edýär.
Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen kitap diňe bir lukmançylyk bilen meşgullanýanlara däl, eýsem, her bir ugur babatda iş alyp barýanlara – daýhanlara, alymlara, talyplara, mahlasy, ähli ugurdakylara aýdyň gollanmadyr. Onuň gymmatly sahypalarynda lukmançylyk işleriniň ösmegine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesini we däp-dessuryny öwrenmäge ýardam edýär.
Meşhur lukman, tejribeli alym Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglyk ulgamyny dünýä derejesine çykarmak babatdaky taýsyz tagallalary netijesinde, soňky ýyllarda bitirilen işler bu gün dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edildi. Muňa 21-nji iýulda ýurdumyza Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalaryň hem-de şol gün paýtagtymyzda açylan täze saglygy goraýyş desgalaryna berlen binagärlik babatda gozgalmaýan mülk baýraklarynyň berilmegi-de doly güwä geçýär. Hakykatdan-da, gözel diýarymyzda 2012-nji ýylyň ýanwaryndan bäri geçen döwürde ýekeje gezek hem gyzylja we gyzamyk keselleriniň ýüze çykmagynyň hasaba alynmandygy saglyk ulgamynyň kämil derejelere ýetendigini aýdyň alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň VIII jildinde-de milli Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy içinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler çuňňur beýan edilýär. Milli Liderimiziň täze eseri geljekde degişli ugurda ylmy-barlag işlerini alyp barmaga täze mümkinçilikleri açýar.
Goý, Berkarar döwletimiziň saglyk ulgamyny şeýle belent derejelere çykaran, täze eseri bilen okyjylar köpçüligini begendiren mähriban Arkadagymyzyň döwet galamy hemişe ýiti bolsun!
Hemra KAKAJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň kafedra müdiri.