“Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de ge­çi­ril­ýän sport ýa­ryş­la­ry, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak babatynda gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän sport des­ga­la­ry­dyr sport mek­dep­le­ri ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň berk be­den­li, be­lent ruh­ly bol­ma­gy we bag­ty­ýar, asu­da dur­muş­da er­ka­na ýa­şa­ma­gy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­le­riň aýdyň be­ýa­ny­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da go­laý­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ber­len ha­sa­bat­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, şu ýy­lyň ýan­war-no­ýabr aý­la­ryn­da ýur­du­myz­da içer­ki ýa­ryş­la­ryň 162-si we köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri­niň 103-si gu­ral­dy. Türk­men tür­gen­le­ri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň 186-sy­na, şol san­da dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň 32-si­ne gat­na­şyp, 33 me­da­ly, Azi­ýa­nyň çem­pio­nat­la­ry­nyň 41-si­ne gat­na­şyp, 39 me­da­ly eýe­le­me­gi ba­şar­dy­lar. Il­deş­le­ri­miz hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­niň 113-sin­de çy­kyş edip, 212 me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Je­mi ga­za­ny­lan me­dal­la­ryň sa­ny 284 bo­lup, şo­la­ryň 94-si al­tyn, 92-si kü­müş we 98-si bü­rünç me­dal­lar­dyr.

Şeý­le hem 2020-nji ýyl­da ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek bir­nä­çe iri hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­na taý­ýar­la­nyl­ýar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Sam­bo bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny hem-de Fut­zal bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty­ny gör­kez­mek bo­lar. Fut­zal bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty­nyň gel­jek ýy­lyň 26-njy few­ra­ly – 8-nji mar­ty ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­me­gi, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä­niň iri sport ýur­dy hök­mün­de ka­bul edil­me­gi­niň hem-de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. 1999-njy ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän yk­ly­myň bu iri ýa­ry­şy­nyň bi­je at­mak da­ba­ra­sy­nyň hem Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­me­gi, dün­ýä­niň sport muş­dak­la­ry­nyň ýur­du­my­za bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy­ny ýe­ne-de bir ge­zek art­dyr­dy. Bi­je atyş­ly­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça Azi­ýa yk­ly­my­nyň iň oňat fut­zal to­par­la­ry­nyň 16-sy dört to­pa­ra bö­lün­di. Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy “A” to­par­da Oma­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň we Wýet­na­myň ýy­gyn­dy­la­ry bi­len du­şu­şar. Şeý­le hem ýur­du­my­za spor­tuň bu ug­ry bo­ýun­ça ök­de to­par­la­ryň – fut­zal bo­ýun­ça Azi­ýa fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň hä­zir­ki çem­pio­ny bo­lan Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Tai­lan­dyň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň mil­li ýy­gyn­dy­la­ry­nyň gel­me­gi, ýa­ry­şyň has çe­ke­le­şik­li hem-de sport jan­kö­ýer­le­ri üçin örän gy­zyk­ly bol­jak­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Umu­man, ýur­du­myz­da spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri­ni döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mek ug­run­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri ba­bat­da dür­li ýa­ryş­lar, çem­pio­nat­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Spor­tuň gyş­ky oýun­la­ry­nyň dü­zü­mi­ne gir­ýän hok­keý bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ku­bo­gy­ny al­mak bo­ýun­ça ýa­ryş ge­çi­ril­di. Hok­keý spor­ty hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Soň­ky ýyl­lar­da bu ugur bi­len gy­zyk­lan­ýan ýaş­la­ryň sa­ny bar­ha kö­pel­ýär.

Sport ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan ne­ti­je­li iş­ler ýur­du­my­zy iri sport çä­re­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­ma­ga hem-de ge­çir­mä­ge ukyp­ly döw­let­le­riň ha­ta­ryn­da dün­ýä äş­gär et­di. Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry, “Amul-Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si, Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty uly üs­tün­lik­le­re bes­le­nip ge­çi­ril­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň her ýy­lyň 3-nji iýu­ny­ny Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni di­ýip yg­lan et­me­gi, ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň giň yk­rar­na­ma­sy­na öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­niň 2020-nji ýyl­da To­kio­da ge­çi­ril­jek to­mus­ky Olim­pi­ýa we Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry­na ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­me­gi, sport ul­ga­myn­da tä­ze üs­tün­lik­le­riň amal ediljekdiginiň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ýur­du­my­zyň spor­tu­ny tä­ze sep­git­le­re ýe­ti­ren hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, döw­let­li iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris!

Re­sul AN­NA­ÝEW,

S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky

TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.