Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň

tagallasy bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýeti sazlaşykly ösüş depginine

eýe bolýar. “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýyly ýurdumyzyň ähli

pudaklary üçin hakyky rowaçlyk ýylyna öwrülip barýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­ga­lla­la­ry ne­ti­je­sin­de, bu gün ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, elekt­ron se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek, mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýan ösen yk­dy­sa­dy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek, in­no­wa­si­on, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly, bäs­le­şi­ge ukyp­ly san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­r ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da golaýda ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de mä­lim edi­len ýan­war-no­ýabr aý­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri hem do­ly gü­wä geç­ýär. 11 aýyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça halk ho­ja­ly­gy top­lu­my­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da dur­nuk­ly ösüş ga­za­nyl­dy. Ha­sa­bat döw­rü­niň jem­le­ri bo­ýun­ça je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 6,3 gö­te­ri­me deň bol­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösüşinde hu­su­sy pu­da­gyň pa­ýy kö­pe­lip, hä­zir­ki dö­wür­de 65,4 gö­te­ri­me deň bol­dy. Ýur­du­myz­da eks­por­ta ni­ýet­le­nen önüm­le­riň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ýur­du­myz­da ön­dür­mek, eks­port edil­ýän ha­ryt­la­ryň möç­be­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça tä­ze önüm­çi­lik­ler yzy­gi­der­li gur­lup ulanyl­ma­ga be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port edil­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­leri dö­red­ýän Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy bo­ýun­ça 11 aýyň do­wa­myn­da 230 bir­ža söw­da­sy ge­çi­ril­di we 27 müň 939 şert­na­ma ha­sa­ba alyn­dy. Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň giň­den ma­ha­bat­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem-de bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na şert dö­red­ýän Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len hyz­mat­la­ryň möç­be­ri 46,8 gö­te­rim ar­typ, ýan­war-no­ýabr aý­la­ryn­da ser­gi­le­riň 22-si we mas­la­hat­la­ryň 28-si ge­çi­ril­di. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň kär­ha­na­la­ry de­giş­li dö­wür­de se­na­gat önüm­le­ri­ni 16,3 gö­te­rim, oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­rini 16,4 gö­te­rim köp ön­dür­di­ler. Şeý­le hem ola­ryň da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port eden azyk ha­ryt­la­ry­nyň möç­be­ri 45,2 gö­te­rim, azyk däl we se­na­gat ha­ryt­la­ry­nyň eks­por­ty 10,1 gö­te­rim art­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da iş­le­nip dü­zül­ýän mil­li mak­sat­na­ma­lar döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Şol mak­sat­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de döw­re­bap dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň en­çe­me­si gu­rul­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li şä­her­le­ri­dir oba­la­ry ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­ýär.

Soň­ky ýyl­lar bi­ziň ýur­du­myz­da önüm­çi­lik we dur­muş ul­gam­la­ry­na örän uly ma­ýa go­ýum­la­ry go­ýul­ýar. Bu bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na bat­ly dep­gin­ler bi­len gir­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär. Mu­nuň özi yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ýo­ka­ry teh­no­lo­giýa­ly gur­lu­şyn­dan baş­ga-da, hal­kyň hal-ýag­da­ýy­nyň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny hem gör­kez­ýär. Paý­tag­ty­myz­da we se­bit­ler­de her ýyl za­wod­la­ryň we fab­rik­le­riň, dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň– mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň on­lar­ça­sy gu­rul­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň dur­muş maksatly ug­ru­na gö­nük­di­ril­me­gi, ýur­du­my­zyň öz­gert­me­le­riň ösüş ýo­ly bi­len üs­tün­lik­li öňe git­me­gi­ne, il­deş­le­ri­mi­ziň hal-ýag­da­ýy­nyň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­ňa dur­muş ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge býu­jet se­riş­de­le­ri­niň ag­la­ba bö­le­gi­niň gö­nük­di­ril­me­gi hem gü­wä geç­ýär.

La­çyn GEL­DI­ÝE­WA,

S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň

mu­gal­ly­my.