Uly çille türkmen halkymyzyň wagt hasaby boýunça gyşyň örküji hasaplanýar we ol dekabr aýynyň 8-inden ýanwar aýynyň 17-sine çenli dowam edýär. Ol pars dilindäki “çil” diýen sözden gelip çykýar, ýagny, “kyrk” diýmekdir. Uly çille sowuk, garly, çygly howasy bilen tapawutlanýar. Türkmenleriň ýyldyz senenamasy boýunça Uly çille çopandyr çoluk üçin esasy jogapkärli möwsüm hasaplanýar. Gyş pasly we çille bilen baglanyşykly deňeşdirmeler şahyrymyz beýik Magtymguly Pyragynyň hem nazaryndan sypmandyr:
Garrylyk ýetişdi müň külpet bilen,
Mizan ötdi, hazan
geldi, gyş geldi.
ýa-da
Sil bolar, agdarylyp akar bulaklar,
Çille dolup, garlar gyşdan aýrylsa.
Bu ýerde mizan gije-gündiziň güýzki deňleşýän wagty (sentýabr aýynyň 23-ine) we mizan döwri sentýabr aýynyň 23-inden oktýabr aýynyň 22-sine, hazan bolsa güýzüň ahyrky günlerinde öwüsýän sowuk şemal, agaçlaryň ýapraklarynyň saralyp düşýän wagtydyr. Türkmenleriň wagt hasabynyň aňyrsynda ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan wagtlary (seneleri) ýatýar. Döwürler şol ýyldyzlaryň hereketine esaslanandyr. Eýsem, Uly çille döwri haýsy ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan senelerine bölündikä?
Uly çille Ülkeriň ilkagşam dogýan senesiniň (dekabr aýynyň 8-ne) we Üçýyldyzyň ilkagşam dogýan senesiniň (ýanwar aýynyň 17-sine) aralygyndaky döwürdir. Bu döwürde howa diýseň sowuk bolýar. Ot-çöpler gar bilen örtülýär. Dekabr-ýanwar aýlarynda howanyň ortaça aýlyk temperaturasy Daşoguz welaýatynda – 3…-6°C, Merkezi Garagumda -1…-3°C sowuk, Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda 0…+1°C gradus maýyl bolýar. Gyşyna Türkmenistanda has maýyl ýerler Esenguly, Etrek we Magtymguly etraplarynyň çäkleri hasaplanýar. Balkan welaýatynyň subtropik etraplarynda we Hazar deňiz kenar ýakasynda gyş aýlarynyň howasynyň ortaça temperaturasy +4…+5°C gradus maýyl bolýar.
Türkmenistanda Uly çille döwrüni ygalsyz, garsyz göz öňüne getirmek bolmaz. “Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz” diýlişi ýaly, aram-aram bolýan maýyl howalar öz ornuny şatylama aýazly howa bilen çalyşýar. Onuň yzy durnukly gar örtügine eltýär.
Uly çille kyrk gün dowam edýär we ol gyşyň örküji hasaplanýar. Onuň bilen baglanyşykly ilat arasynda “Gara goýunda guýruk goýman, saknyk aýalda hamyrmaýa” ýa-da tapmaça görnüşinde aýdylan “Ýedi goýun bir guzy, togsan beladan gorar” (içmek, possun) sözler bar. Uly çille has dowamly bolanlygy sebäpli, mal üçin taýýarlanylan bededir samanyň ätiýaçlygy gutarmaly däldir. Yzyndan has sowuk Kiçi çillede ýetip gelýändir.
Uly çillede tebigat peýzažy hem görnetin üýtgeýär. Dekabr aýynyň 22-sinde ýylyň gysga günüdir, gije bolsa örän uzyndyr. Aşgabatda Gün irden 8 sagat 19 minutda dogýar, agşam bolsa 17 sagat 51 minutda ýaşýar. Gündiziň uzynlygy 9 sagat 32 minuda deňdir.
Uly çillede daýhanyňam, ýerini kärendesine alanyňam işi özüne ýetik bolýar. Meýdany gowaça çöplerinden we beýleki haşal otlardan arassalamaly bolýar, ýuwuş hem yzgar toplaýyş suwuny tutmaly bolýar. “Ýeriňi güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür” nakyla eýerip, indiki ýaz ekişine taýýarlap goýmaly bolýar.
Enesoltan
GURBANDURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky
TDU-nyň Geografiýa
fakultetiniň gidrometeorologiýa
kafedrasynyň uly mugallymy.