ünýäniň ykdysady taýdan iň güýçli döwletleriniň biri hasaplanýan ABŞ-da 2016-njy ýyl prezident saýlaw ýyly boldy. Ýurduň esasy we iri syýasy çäresine ýylyň başyndan bäri taýýarlyk görülýär. Häzire çenli ABŞ-nyň prezident saýlawynyň ykbalyny iki partiýa çözüp gelýär. Olar: Demokratlar hem-de Respublikanlardyr. Ýylyň başynda bat alan prezident saýlawynyň ilkinji tapgyrynda partiýanyň öz dalaşgärleri özara bäsleşdiler. Ýurduň ähli ştatynda ilkinji saýlaw geçirildi. Şonuň netijesinde, her partiýa özüniň mynasyp dalaşgärini saýlady.
KLINTONYŇ GARŞYDAŞY
MILLIARDER TRAMP
Bir tarapda, Demokrat partiýasynyň dalaşgäri, belli syýasatçy, ýurduň döwlet sekretary (ozalky daşary işler ministri), ozalky Prezident Bill Klintonyň aýaly Hilari Klinton bar. Beýleki tarapda, işewür we ýurduň esasy baýlarynyň biri milliarder Donald Tramp bar. Ýurduň ykbalyny kesgitlejek saýlaw şu iki dalaşgäriň arasynda geçer. Golaýda her iki partiýanyň milli mejlisi geçirildi. Ilki bilen, Respublikan partiýasynyň ýygnagy geçirilip, onda Donald Trampyň dalaşgärligi resmi taýdan hasaba alyndy we tassyklandy.
ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Kliwlend şäherinde geçirilen ýygnakda partiýanyň agzalary Trampyň dalaşgärligini goldady. “Quicken Loans Arena” sport toplumyna partiýanyň 20 müňden gowrak agzalary ýygnandy. Olaryň arasynda hormatly myhmanlar – senatorlar, kongressmenler we gubernatorlar hem bar. Bu ýere ýygnananlar ellerinde “Amerikany täzeden güýçli döwlete öwreliň” diýen şygar bilen Donald Trampa goldaw berdi. Bu şygar işewüriň saýlaw kampaniýasynyň hem baş şygarydyr.
Ýygnakda wekiliýetiň agzalary elipbiý boýunça çykyş edip, Donald Trampyň 19 hepdeläp dowam eden ilkinji saýlawyň netijesinde gazanan ýeňşi bilen gutladylar. Partiýanyň agzalarynyň 2472-sinden 1725-si Trampyň dalaşgärligini goldady.
–Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde görkezendigiňiz üçin size ullakan hoşallygymy bildirýärin. Biz bilelikde partiýamyzy ýene-de Ak Tama elteris. ABŞ-nyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda bilelikde tagalla ederis. Biz jomartlygyň hem-de ýagşylygyň ýurdy bolarys – diýip, Donald Tramp partiýanyň agzalarynyň öňünde eden çykyşynda belläp geçdi.
Şol ýygnagyň çäklerinde Donald Tramp Indiana ştatynyň gubernatory Maýkl Pensi ABŞ-nyň wise-prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde görkezdi. 57 ýaşyndaky Pens bilimi boýunça hukukçy. Ol Respublikan partiýasynyň belli syýasatçylarynyň biridir we ABŞ-nyň Kongressiniň Wekiller palatasynyň düzümine birnäçe gezek saýlandy. 2009-2010-njy ýyllar aralygynda Pens partiýanyň düzüminde ýokary wezipelerde işledi, soňra Indiana ştatynyň gubernatory wezipesine saýlandy.
Donald Tramp garaşylmadyk dalaşgärleriň biri boldy. Işewür mundan ozal, saýlawa gatnaşyp, wezipä saýlanyp görmedik. Adatça, partiýanyň öňdebaryjy syýasy işgärleri prezidentlige dalaş edýärdi.
PREZIDENTLIGE
DALAŞ EDÝÄN ILKINJI ZENAN
Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde ýurduň beýleki güýçli syýasy partiýasy – Demokrat partiýasynyň ýygnagy geçirildi. Onda ozalky daşary işler ministri Hillari Klintonyň hem-de onuň wise-prezidentlige saýlan dalaşgäri Tim Keýniň dalaşgärligi tassyklandy.
Partiýanyň ýygnagynda agzalaryň 2383-si Klintonyň dalaşgärligini goldap çykyş etdi. Şeýlelikde, Hillari Klinton ABŞ-nyň taryhynda ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bolan zenan maşgala boldy. ABŞ-nyň 240 ýyllyk taryhynda ýurduň esasy partiýalaryndan ilkinji gezek zenan maşgalanyň dalaşgärligi tassyklandy.
Hillari Klinton bilen Tim Keýn ABŞ-nyň nobatdaky Prezidenti bolmak üçin Donald Tramp hem-de Maýk Pens bilen bäsleşer.
Ozalky Prezident Bill Klintonyň aýaly Hillari Klinton fewral-iýun aýlarynyň çäklerinde geçirilen ilkinji saýlawda partiýasynyň beýleki dalaşgärlerinden öňe saýlanyp, ýeke-täk dalaşgär bolmak hukugyna eýe bolupdy. Bu ýygnakda onuň dalaşgärligi partiýanyň agzalary tarapyndan tassyklandy, hem-de goldanyldy. Hillari Klintonyň bu ýaryşdaky esasy bäsdeşi senator Berni Sanders öz tarapdarlaryny Klintony goldamaga çagyrdy. Klinton hem, öz gezeginde, özüniň saýlawyň öň ýanyndaky maksatnamasyna senatoryň käbir tekliplerini goşmagy maksat edinýändigini aýtdy.
Demokratlaryň ýygnagy 4 gün dowam etdi. Oňa ýurduň ähli künjeginden müňlerçe adam gatnaşdy. 10 müňden gowrak žurnalist hasaba alyndy.
Ýygnagyň çäklerinde ABŞ-nyň häzirki Prezidenti, Demokrat partiýanyň agzasy Barak Obama, onuň aýaly Mişel Obama, wise-prezident Jo Baýden we ozalky Prezident Bill Klinton dagy çykyş etdi. Partiýanyň ýygnagynyň köp çäresi teleýaýlymlarda göni efirde görkezildi.
BARAK OBAMA: KLINTON
MYNASYP DALAŞGÄR
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama CBS teleýaýlymyna beren interwýusynda ýurduň ozalky döwlet sekretary Hillari Klintonyň prezidentlik wezipesi üçin taýýarlykly dalaşgärdigini mälim etdi.
–Ýurduň taryhynda iň ýokary döwlet wezipesi üçin taýýar dalaşgärleriň biri Hillari Klinton. Onuň ýurduň hökümetiniň düzüminde işlän döwründe toplan baý tejribesi bar. Çylşyrymly we kyn meseleler boýunça çözgüt tapmaga mümkinçiligi ýokary – diýip, Barak Obama belledi.
Hillari Klintonyň prezident bolmagyny diňe Barak Obama däl, eýsem, onuň aýaly Mişel Obama hem-de Berni Sanders hem şony isleýär. Berni Sanders ýurduň nobatdaky döwlet baştutanynyň partiýanyň düzümindäki esasy bäsdeşi Klintonyň bolmalydygyny mälim etdi.
Mişel Obama hem Klintonyň dalaşgärligini goldaýanlaryň biri. Ol partiýanyň Filadelfiýadaky ýygnagynda eden çykyşynda: – Meniň ynanýan ýeke-täk adamym bar. Onuň döwlet baştutanlygyna saýlanmagyna ýeterlik tejribesi bar. Ol hem Hillari Klinton – diýip belledi. Mişel Obama 2008-nji ýyldaky partiýanyň öz içindäki saýlawda Hillari Klintonyň Barak Obamadan asgyn gelendigini, muňa garamazdan, onuň öz syýasy ýoluny dowam etdirip, ýurduň döwlet sekretary wezipesini mynasyp ýerine ýetirendigini nygtady. Şeýle hem ol Hillari Klintonyň saýasynda ABŞ-nyň döwlet baştutanynyň zenan maşgalanyň hem bolup biljekdigini görkezýändigini belledi.
ABŞ-da prezident saýlawy 8-nji noýabrda geçiriler. Şol saýlaw, esasan hem, Klinton bilen Trampyň arasynda geçer. Ýöne bu gezek saýlawa Libertarian partiýasy hem öz dalaşgärini hödürledi. Nýu-Meksika ştatynyň öňki guberna-tory Geri Jonson bu partiýadan dalaşgär hökmünde görkezildi. Libertarian partiýasy 1972-nji ýyldan bäri prezident saýlawyna gatnaşyp gelýär, ýöne şu wagta çenli bu ugurda üstünlik gazanyp bilmedi. 1980-nji ýylda iň ýokary neti-je gazanyldy. Şol döwürde bu partiýanyň dalaşgäri Ed Klark 1 göterimden gowrak ses aldy. ABŞ-nyň taryhynda bu üçünji partiýanyň dalaşgäri prezident wezipesine saýlanyp bilmedi. Üstümizdäki ýylda Libertarian partiýasy döredileniniň 45 ýyllygyny belleýär.