Bu hoş ha­bar san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly ge­çi­ri­len mas­la­hat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ha­bar be­ril­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu çöz­güt 9-14-nji de­kabr ara­ly­gyn­da Ko­lum­bi­ýa­nyň paý­tag­ty Bo­go­ta­da ge­çi­ri­len ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň 14-nji mej­li­sin­de ka­bul edil­di. Bu şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de dür­li da­ba­ra­lar hem-de çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. ÝUNES­KO-nyň bi­ler­men­le­ri ta­ra­pyn­dan türk­men el ha­ly­çy­lyk däp­le­ri­ni tu­tuş dün­ýä­niň be­ýik me­de­ni mi­ra­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi hök­mün­de yk­rar edil­me­gi bu mil­li gym­mat­ly­gy­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky ab­ra­ýy­ny has be­len­de gal­dyr­jak­dy­gy ikuç­syz­dyr.

Ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­myz özü­niň göz­ba­şy­ny ir­ki dö­wür­ler­den alyp gaý­dyp, hä­zir­ki dö­wür­de has-da owa­dan­la­nyp, türk­me­ni dün­ýä ýü­zü­ne ta­na­dyp ge­len mil­li gu­wan­jy­myz­dyr. Türk­me­niň mu­kad­des öý-oja­gy­ny ha­ly­syz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Ha­ly göl­le­ri döw­let ny­şan­la­ry­myz­da hem öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Döw­let baý­da­gy­my­zy we Tug­ra­my­zy be­ze­ýän bäş sa­ny ha­ly gö­li hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, aba­dan­çy­ly­gy­nyň, asu­da we pa­ra­hat dur­mu­şy­nyň ny­şa­ny­dyr.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de dün­ýä meş­hur ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu aja­ýyp sun­ga­tyň ga­dy­my nus­ga­la­ry­ny go­rap sak­la­mak ba­ra­da uly ala­da edi­lip, ha­ly­çy­lyk pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýär. Ýur­du­myz­da tä­ze çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­la­ry gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýär. Ha­ly­çy ge­lin-gyz­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­megi we oňat dynç al­magy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Gah­ry­man Pre­zi­den­ti­mi­ziň ha­ly­çy­lar ba­ra­da ed­ýän ala­da­sy­ny ha­ly sun­ga­ty­nyň geç­mi­şi­ni, gel­je­gi­ni we şu gü­nü­ni şöh­le­len­dir­ýän “Jan­ly ro­wa­ýat”, “Ar­şyň ne­pis­li­gi” at­ly ki­tap­la­ryn­da hem gör­mek bol­ýar.

Türk­men ha­ly­la­ry­nyň haý­ran gal­dyr­ýan gö­zel­li­gi­ni we uzak wagt­lap ulan­ma­ga ýa­ram­ly­ly­gy­ny, ola­ryň ta­pa­wut­lan­dy­ry­jy aý­ra­tyn­ly­gy hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar, bu aý­ra­tyn­lyk­lar ha­ly­çy­ly­ga mah­sus ýö­rel­ge­ler­den ge­lip çyk­ýar. Köp asyr­lyk ta­ry­hyn­da ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty be­lent de­re­je­dä­ki kä­mil­li­ge ýe­ti­ri­lip, haly na­gyş­la­ry çe­per­çi­lik taý­dan tä­sir­li­li­gi bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Türk­men ha­ly­la­ry­nyň na­gyş­la­ryn­da türk­men hal­ky­nyň ge­lip çy­ky­şy­nyň ta­ry­hy, onuň pel­se­pe­si we dün­ýä­ga­ra­ý­şy be­ýan edi­len­dir.

Türk­men ha­ly­sy teh­ni­ki taý­dan taý­ýar­la­ny­ly­şy we es­te­ti­ki ma­ny-maz­mu­ny bo­ýun­ça ga­dy­my, seý­rek duş­ýan zat­la­ryň ha­ta­ry­na de­giş­li­dir. Bu ha­ly­nyň örän syk do­kal­ma­gy onuň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar, çün­ki ha­ly­nyň bir ine­dör­dül met­rin­de 200-400 müň we şon­dan-da köp çi­tim bar­dyr. Diý­seň syk do­kal­ýan­dy­gy üçin ha­ly­nyň nag­şy örän dürs we tä­sir­li bo­lup gö­rün­ýär. Ha­ly­da­ky reňk­ler ýer­lik­li we gö­ze ýa­kym­ly­dyr. Türk­men ha­ly­sy­nyň baş­ga-da haý­ran gal­dy­ry­jy we gym­mat­ly ta­rap­la­ry bar. Ýyl geç­di­gi­çe, türk­men ha­ly­sy tä­ze öwüş­gin­le­re eýe bol­ýar: reňk­ler has ýa­kym­ly we ýüz ta­ra­py mah­mal ýa­ly ýum­şak bol­ýar.

Paý­tag­ty­myz­da­ky Türk­men ha­ly­sy­nyň mil­li mu­ze­ýi ýüz­ler­çe gym­mat ba­ha­ly ha­ly eser­le­ri­niň ha­zy­na­sy bo­lup dur­ýar. Bu ýe­re ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­den ge­ti­ri­len çe­per­çi­lik gym­ma­ty we teh­ni­ki taý­dan taý­ýar­la­ny­şy bo­ýun­ça örän seý­rek ta­pyl­ýan baý gym­mat­lyk­lar top­lu­my ýyg­na­lan­dyr. Şo­nuň üçin, bu ýer ýur­du­my­za gelýän da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň hem-de myh­man­la­ryň iň bir ge­lim-gi­dim­li ýe­ri­ne öw­rül­di.

Göwher HOJANYÝAZOWA,

Türk­men döw­let me­de­ni­ýet

ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.