Dünýä ilatynyň ýaryndan gowragy agaçlaryň selçeň ýerlerinde ýaşaýarlar. Alymlar şäherlerdäki seýilgähleriň ynsan saglygyna oňaýly täsir edýändigi, şol sanda, stresi azaldyp, ruhy saglygy oňatlaşdyrýandygy, ýürek-damar kesellerini aradan aýyrýanlygy barada mälim edýärler. Ýöne bu barlaglaryň köpüsi gysga möhletleýin bolup çykdy. Şoňa görä, alymlaryň halkara topary bu mowzuk boýunça ähli maglumatlary umumylaşdyrmaly we uzak möhletleýin seljerişleri geçirmeli diýen karara geldiler. Netijeler “The Lancet Planetary Health” žurnalynda mälim edilipdir. Hünärmenler Kanada, ABŞ, Ispaniýa, Italiýa, Awstraliýa, Şweýsariýa we Hytaý ýaly ýedi ýurtda geçirilen barlaglary içgin öwrendiler.
Geçirilen seljerişleriň netijesinde, öýleriň gapdalynda baglar näçe köp bolsa, ol ýerde ýaşaýanlaryň ömrüniň dowamlylygy hem şonça uzakdygy belli bolupdyr.
– Bu häzirki wagtda geçirilen iň uly seljeriş bolup, onuň netijeleri “ýaşyl zolaklaryň köplügi jemgyýetçilik saglygyny berkitmegiň strategiýasy bolup durýar” diýen pikiri makullaýar. Şeýle hem, bu barlaglar agaçlaryň adam saglygyna edýän täsiri baradaky geljekki işlerde ulanylyp, iň oňat maglumatlary berjekdigine şübhelenmeseň bolar – diýip, barlaglaryň ilkinji awtory, Barselonanyň Global saglyk institutynyň işgäri Dawid Rojas Rueda aýdýar.
– Şäherde agaç ekmek maksatnamasy diňe bir jemgyýetçilik saglygyny berkitmegiň açary däl-de, eýsem, biodürlüligi köpeltmäge, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmaga hem-de şäheri ýaşamak üçin has-da oňaýly etmäge ýardam berýär. Gök agaçlar howadaky zyýanly maddalary özüne çekýär – diýip, barlaglaryň awtordaşlarynyň biri, Barselonanyň Global institutynyň işgäri Mark Niwenhýoýsen aýdýar.
Alymlar “Newsweek” saýty bilen söhbetdeşlikde, şäherlerdäki agaçlaryň derejesiniň 20-30 göterime deň bolmalydygyny mälim etdiler. Şeýle hem olar ýaşyl zolakda hepdede 120 minut wagtyny geçirýänleriň muny etmeýänler bilen deňeşdireniňde, berk jan-saglyga eýedigini habar berdiler. Eger-de adamlar agaçlaryň arasynda ýygy-ýygydan gezim etse, olaryň ruhy ýagdaýy gowulaşyp, fiziki işjeňligi artýar – diýip, Niwenhýoýsen aýtdy.