Ýeri Günüň ýagtyldýandygyny hemmämiz bilýäris. Gijesine bolsa, Gün ýaşyp, daş-töweregi garaňkylyk gurşap alýar. Agşamlaryna asmana seredenimizde bolsa, ýyldyzlary görýäris. Eýsem, ýyldyzlar ýagtylyk saçýan bolsa, onda asman näme üçin garaňky bolýarka?!
Gün hem edil beýleki ýyldyzlar ýaly asman jisimleriniň biri. Käbir ýyldyzlar Günden kiçi bolsa, käbirleri onlarça esse uly bolýar. Muňa garamazdan, kosmos giňişligi garaňky bolýar. Munuň sebäbini bilmek üçin ilki görmek hadysanyň nähili bolup geçýändigine seredeliň! Biz haýsydyr bir jisime şöhläniň degip, döwlenden soňra, gözümize gelip ýetmegi bilen görýäris. Kosmosyň garaňky bolmagynyň sebäbi hem şunda. Älem giňişliginde bolsa, ýagtylyk saçýan ýyldyzlaryň degip, yzyna serpikdirjek asman jisimleriniň sany gaty az. Şol sebäpli, ýyldyzdan çykan şöhle çäksiz giňişlige tarap ýoluny dowam etdirýär. Kosmosyň garaňky bolmagynyň ýene bir sebäbi, ýyldyzlar bizden şeýle bir uzakda welin, olar emele geleni bäri şöhleleri bize gelip ýetmändirler.
KOSMOSYŇ HOWA ÝAGDAÝY
Eýsem, kosmosda howanyň ýagdaýy nähilikä?! Ýyldyzlaryň örän gyzgyndygyna garamazdan, kosmos giňişliginde howa örän sowuk. Munuň sebäbi älem boşlugynda atomlaryň ýok bolmagy bilen baglydyr. Her planetanyň we asman jisiminiň temperaturasy hem başgaça bolýar. Älem giňişliginiň iň sowuk ýeri -272 derejedir. Kosmonawtlar hem kosmos bekedinden çykanlarynda Gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden we sowukdan ýörite eşigi arkaly goranýarlar. Häzire çenli adamyň aýak basan ýeke-täk asman jisimi bolan Aýda Günüň düşýän ýerinde +120 dereje yssy, garaňky tarapda -156 dereje sowuk bolýar.
Perseids-milky-way-bulgaria-SKYTRIPS0717.tif