Gije bilen gündiz ýylyň dowamynda iki gezek deňleşýär – 21-nji martda hem-de 23-nji sentýabrda.
21-nji martdan soňra gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar.
23-nji sentýabrdan soňra gündiz gysgalyp, gije uzalýar.
21-nji iýun: iň uzyn gündiz, iň gysga gije. Bu seneden soňra gündiz gysgalyp, gije uzap başlaýar. Demirgazyk polýusda Gün batmaýar, Günorta polýusda Gün dogmaýar.
21-nji dekabr: Iň uzyn gije, iň gysga gündiz. Bu seneden soňra gije gysgalyp, gündiz uzalyp başlaýar.
Ýer gyşyna Güne golaýlaşýar, tomsuna daşlaşýar.
Howanyň gyşyna sowuk bolmagy, Gün şöhlesiniň gytak, tomsuna yssy bolmagynyň sebäbi, Gün şöhlesiniň dik düşmegi bilen baglydyr.
3-4-nji ýanwar: Ýeriň Güne iň ýakynlaşýan wagty.
4-5-nji iýul: Ýeriň Günden iň daşlaşýan wagty.
Ýer Güne ýakynlaşan döwri, Günüň dartyş güýjüniň täsiri artýandygy sebäpli, planetamyzyň orbitadaky tizligi hem artýar. Günden uzaklaşanynda bolsa, peselýär.
Ýer Günüň daşyndan ortaça 30 km/sekunt bilen hereket edýär. Bu tizlik sagatda 110 000 kilometre barabar bolýar.