Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň ähli pudaklarynda uly sepgitlere ýetildi we uly üstünlikler gazanyldy.

Ba­ba­daýhan­la­ry­myz ak eki­ni­miz bo­lan bug­daýdan, “ak al­tyn­dan” we beýle­ki gök ekin­ler­den ýoka­ry ha­syl al­dy­lar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol-ýö­rel­ge­le­rin­den ugur alyp yk­dy­sa­dy­ýet­de, oba ho­ja­ly­gyn­da, halk ho­ja­ly­gyn­da, sag­ly­gy goraýyş­da, bi­lim­de-ylym­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy.

Yn­ha, Tä­ze ýyl hem gel­di. Mü­çe ýyly­nyň ter­tip boýun­ça il­kin­ji ýy­ly sy­çan ýyly­dyr. 12 ýy­ly öz içi­ne al­ýan mü­çe ýy­ly­nyň için­de ýa-da çar­wa se­ne­na­ma­syn­da il­kin­ji ýy­lyň sy­çan­dan baş­la­ma­gy we ola­ra de­giş­li ho­wa ýag­daý­la­ry köp­le­ri gy­zyk­lan­dyr­ýan bol­sa ge­rek. Bu hak­da mon­gol folk­lo­ryn­da şeý­le ro­wa­ýat bar. Bu ro­wa­ýat bo­ýun­ça Gü­ni kim öňür­ti gör­me­şek di­ýip dü­ýe bi­len sy­çan öza­ra je­del­leş­ýär. Dü­ýe sy­ça­na ga­rap:

– Se­niň bo­ýuň me­niň kir­pi­gim­den ar­tyk däl, men bol­sam sa­ňa ga­raň­da äpet dag ýa­ly – diý­ýär. Sy­çan oňa “Bo­ýu­ňa buý­san­ma-da, oýu­ňa buý­san” diý­li­şi ýa­ly göz gör­kez­ýär.

Dü­ýe uzyn­ly gi­je Gü­nüň dog­şu­ny gör­mek üçin gün­do­gar ta­ra­pa gö­zü­ni aýyr­man se­red­ýär. Sy­çan bol­sa dü­ýä­niň ör­kü­ji­ne çy­kyp, gün­ba­tar ta­rap­da­ky be­ýik da­ga ga­rap dur­ýar. Se­bä­bi, ol he­niz Gün ýer­den saý­lan­man­ka onuň şöh­le­si­niň gün­ba­tar ta­ra­pyn­da­ky be­ýik da­ga düş­jek­di­gi­ni bil­ýär eke­ni. Şeý­le­lik­de, sy­çan Gün şöh­le­le­ri­ni il­ki gör­ýär we şon­dan bä­ri mon­gol­lar bi­rin­ji aýy sy­çan di­ýip ýö­red­ýär­ler.

Hä­zir mü­çe ha­sa­byn­da do­ňuz ýy­ly­nyñ gy­şy hök­mü­ro­wan­lyk edip dur. Ol ast­ro­no­mi­ki ha­sap bo­ýun­ça 2020-nji ýy­lyñ mart aýy­nyñ 21-ine çen­li do­wam eder. Şon­dan soñra bol­sa, tä­ze mü­çe ýy­ly sy­çan ýy­ly baş­la­nar. Ýag­ny, 2019-2020-nji ýyl­la­ryñ gy­şy nä­hi­li bo­lar­ka di­ýip, is­len­dik adam gy­zyk­lan­ýan bol­sa ge­rek. Çar­wa adam­lar mal­la­ry gyş­dan sag-aman alyp çyk­mak, daý­han­la­ry­myz bol­sa gy­şyň ga­zap­ly gel­män, güýz­lük ekin­le­ri we mi­we­le­ri, tut bag­la­ry­ny so­wuk ur­maz­ly­gy­ny ala­da edin­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da do­ňuz ýyly bo­lan­soň, onuň aýak­la­ry suw­ly bat­ga­da bo­lup, ýan­war, few­ral, mart aý­la­ry ýa­gyn­ly, az-kem aýaz­ly ho­wa­sy­nyň bolýan­dy­gy, mart aýy­nyň 21-in­den baş­lap bol­sa ast­ro­no­mik ha­sap­dan sy­çan ýy­ly baş­lan­soň, sy­ça­nyň hem gu­rak­sy jan­dar bo­landygy üçin ho­wa­nyň my­laýym, yga­lyň or­ta­ça möç­be­re laýyk de­re­je­de bol­ma­gy­na ga­ra­sylýar.

Tä­ze Aý do­gan­da, şol wagt aýyň ba­şyn­da nä­me bol­sa, ýa­gyn-ýa­gyş ýag­sa, ýel tur­sa, sy­rap gar ýag­sa, imi-sa­la ma­ýyl­lyk bol­sa, ol tä do­gar aýa çen­li şon­lu­gy­na gid­ýär. Şo­nuň üçi­nem çar­wa­lar bir tu­tum tut­jak bol­sa, il­ki dog­jak aýyň ba­şy­na diň sal­ýar­lar. Şol se­bäp­li, çar­wa­nyň na­kyl de­re­je­si­ne çen­li be­len­de ga­lan pa­ra­sat­ly söz­le­ri bar.

Tej­ri­be­li adam­lar güý­zü­ne ýap­rak­la­ryň sa­ra­lyp ýe­re ga­çy­şyn­dan hem gyş ho­wa­sy­nyň nä­hi­li gel­jek­di­gi­ni bi­lip­dirler. Eger-de ýap­ra­gyň ýü­zi ýo­kar­ly­gy­na bol­sa, gyş ma­ýyl ge­ler, aşak­ly­gy­na bol­sa so­wuk ge­ler. Ýy­gy-ýy­gy­dan ümür­li ho­wa bol­sa, gyş ma­ýyl bo­lar.

Sy­çan dä­nä­ni go­wy gö­ren­soň, gel­jek ýyl­da oba ho­ja­ly­gyn­da dä­ne ekin­le­rin­den uly gir­de­ji ga­za­ny­lar. Onuň çalt, ýyn­dam­lyk hä­siýeti bol­sa ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ry­na bat­ly we ýoka­ry de­re­je­de üs­tün­lik­li ösüş­le­ri be­rer. Şeýle hem, sy­çan kö­pel­giç jan­dar bo­lan­soň, maş­ga­la­lar­da bä­bek­le­riň sa­ny ar­typ, köp­lenç ekiz we üçem ça­ga­lar dünýä inip, dog­lu­şyň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ga­ra­şylýar.

Sy­çan reň­ki boýun­ça ak reň­kde ga­bat gelýär, ak reňk bol­sa nu­ra­na ýag­ty ge­le­jek, ýag­ty ýol­lar, ak­ýü­rek­li­lik, ak bagt, päk ni­ýet­li­lik, ak­ly­ga çyk­mak, umu­man, düýş­de-de, huş­da-da ak reňk go­wy gö­rül­ýän naý­ba­şy reňk­le­riň bi­ri­dir. Bu ýy­ly­my­zyň nu­ra­na ak er­tir­le­re ýal­kym sal­jak ýyl­lar­dan bol­ma­gy­ny ar­zuw­la­ýa­rys. Tä­ze ýyl­da ak reňk­li egin-baş­la­ry, ju­da bol­man­da ak ýag­ly­gy eg­ni­ňe at­mak yrym edilýär.

Tä­ze ýyly­my­zyň rys­gal­ly, döw­let­li, be­re­ket­li, şow­ly ýyl bol­ma­gy­ny beýik Bi­ri­bar­dan di­leg edýäris! Goý, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, eziz hal­ky­my­zyň gör­je­gi di­ňe go­wu­lyk bol­sun!

Mer­jen HU­DAÝ­BER­DI­ÝE­WA,

Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.