Tä­ze 2020-nji ýyl ösüm­lik­le­ri go­ra­ma­gyň hal­ka­ra ýy­ly bo­lar. Şeý­le ka­rar Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy (FAO) ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­di. Biz öz iý­ýän na­ha­ry­myz­da ösüm­lik ýa­gy­nyň hök­man bo­laý­ma­ly zat hök­mün­de ka­bul edip­di­ris. Ýö­ne ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi hem-de ada­mzadyň Ýe­riň üs­tün­dä­ki alyp bar­ýan iş­le­ri ne­ti­je­sin­de, köp san­ly ösüm­lik­le­riň ýi­tip ýok bo­lup git­mek how­py bi­len ýüz­be-ýüz du­ran­dy­gy hak­da az pi­kir­len­ýä­ris.

Bi­ziň iý­mi­ti­mi­ziň 80 gö­te­ri­mi ösüm­lik­ler­den alyn­ýar. Olar bi­ziň dem al­ýan kis­lo­ro­dy­my­zyň köp bö­le­gi­ni iş­läp çy­kar­ýar­lar. Em­ma şol bir wag­tyň özün­de ösüm­lik­le­re zy­ýan­keş­ler we ke­sel­ler howp sal­ýar. Şol se­bäp­li, her ýyl­da bü­tin dün­ýä­de iý­mit alyn­ýan ösüm­lik­le­riň 40 gö­te­ri­me go­la­ýy ýok bo­lup gid­ýär­ler. Ne­ti­je­de, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň söw­da­sy her ýyl­da 220 mil­liard dol­lar zy­ýan çek­ýär. Şo­ňa gö­rä, dur­nuk­ly ösüş ba­bat­da­ky mak­sat­la­ra ýet­mek­de ösüm­lik­le­ri go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len çä­re­ler mö­hüm bo­lup dur­ýar.

– Ösüm­lik­ler Ýer­dä­ki dur­mu­şy üp­jün edip, adam­zat iý­mi­ti­niň esa­sy öze­ni bo­lup dur­ýar – di­ýip, Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň baş di­rek­to­ry Sýuý Dun­ýuý bel­le­di.

Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bilen ösüm­lik­le­riň köp san­ly gör­nüş­le­ri ýok bo­lup gidýär, şol se­bäp­li hem zy­ýan­keş­ler kö­pel­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de soň­ky on­ýyl­lyk­lar­da hal­ka­ra sy­ýa­ha­ty we ýük da­şa­ly­şy has-da ar­typ, söw­da­nyň möç­be­ri hem ýo­kar­lan­dy. Zy­ýan­keş­ler we ke­sel­ler ýer­li ösüm­lik­le­re we daş­ky gur­şa­wa uly ze­per ýe­tir­ýär­ler.

– Il­kin­ji no­bat­da öňü­ni alyş çä­re­le­ri­ne üns ber­me­li; dür­li ösüm­lik­le­riň ýok bol­ma­gy­na se­bäp bol­ýan adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni ara­dan aý­ra­nyň­dan, ösüm­lik­le­ri go­ra­mak yk­dy­sa­dy nuk­daý­na­zar­dan has peý­da­ly­dyr. Köp­lenç zy­ýan­keş­le­ri ýok et­mek we ösüm­lik­le­riň ke­sel­le­me­gi­niň öňü­ni al­mak ba­şart­ma­ýar we olar bi­len gö­reş köp wagt we pul se­riş­de­le­ri­ni ta­lap ed­ýär – diýip, Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy bel­le­di.

Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­syn­da bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, hö­kü­met­ler, fer­mer­ler we hu­su­sy pu­dak­lar zy­ýan­keş­le­riň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak bi­len mil­liard­lar­ça dol­lar tyg­şyt­lap, ila­ty ýo­ka­ry hil­li önüm­ler bi­len üp­jün edip bi­ler­ler. Bu dün­ýä­niň ösüp bar­ýan ýurt­la­ryn­da has-da mö­hüm­dir. Ösüm­lik­le­ri go­ra­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­re üns çek­mek üçin hal­ka­ra ýy­ly yg­lan edil­di. Bu ýy­lyň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­jek çä­re­le­riň ut­gaş­dy­ryş iş­le­ri­ni Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy (FAO) we ösüm­lik­le­ri go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­sy­nyň mü­dir­li­gi öz üs­tü­ne al­ýar.