Met­ro­da

So­wuk ýan­war sä­he­ri Wa­şing­to­nyň met­ro be­ket­le­ri­niň bi­ri­ne bir adam ge­lip, skrip­ka çal­ma­ga baş­lap­dyr. Ol 45 mi­nu­tyň do­wa­myn­da 6 sa­ny saz ese­ri­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir. Şol wagt gat­na­wyň has ýyg­jam wag­ty bo­lan­ly­gy üçin, onuň de­ňin­den müň­ler­çe adam ge­çip, ola­ryň kö­pü­si hem işe bar­ýan eken.

Üç mi­nut­dan soň­ra, or­ta ýaş­la­ryn­da­ky bir adam sa­zan­da dyk­gat­ly se­re­dip, ädim­le­ri­ni ha­ýal­la­dyp, sä­hel­çe salym aýak çekipdir we soň­ra öz işi­ne how­lu­gyp­dyr.

Ýe­ne-de bir mi­nut­dan soň, skrip­ka­çy özü­niň il­kin­ji ga­zan­jy­ny alyp­dyr: bir aýal gu­ta pul taş­lap, ýo­lu­ny do­wam et­di­rip­dir.

Soň­ra bir­nä­çe mi­nut­­dan bir er­kek ki­şi di­wa­ra söýenip, diň­le­mä­ge baş­lap­dyr, ýö­ne ol hem ba­sym sa­ga­dy­na se­re­dip, öz ýo­lu­ny do­wam et­di­rip­dir.

Üç ýaş­ly­ja og­lan­jyk sa­zan­da aý­ra­tyn üns be­rip­dir. Onuň eje­si how­luk­maç­lyk bi­len ça­ga­ny özü­ne çe­kip­dir, ýö­ne og­lan­jyk skrip­ka­ça se­ret­mek üçin sak­la­nyp­dyr. Eje­si ça­ga­ny has ga­ty çe­kip­dir, ýö­ne og­lan­jyk do­wam­ly yzy­na gaň­ry­lyp, eje­si bi­len ýo­lu­ny do­wam et­di­rip­dir. Bu ýag­daý baş­ga-da bir­nä­çe ça­ga­da gaý­ta­la­nyp­dyr. Ene-ata­la­ryň äh­li­si ka­da­ny boz­man, ça­ga­la­ry­na bir mi­nut hem du­rup se­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­män­dir.

45 mi­nu­tyň için­de di­ňe 6 adam az wagt­lyk aýak çe­kip, diň­läp­dir, ýe­ne-de 20-si bol­sa, sak­lan­man di­ňe pul taş­lap geçipdir. Sa­zan­da­nyň ga­zan­jy 32 dol­lar bo­lup­dyr.

Ge­çip bar­ýan­la­ryň hiç bi­ri­si hem skrip­ka­çy­nyň dün­ýä bel­li sa­zan­da Jo­şua Bell­di­gi­ni bil­män­dir. Ol ha­çan-da bol­sa, bir ma­hal ýa­zy­lan iň kyn saz eser­le­ri­niň bi­ri­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir, saz gu­ra­ly hök­mün­de bol­sa, ba­ha­sy 3,5 mil­li­on dol­la­ra ba­ra­bar bo­lan Stra­di­wa­ri­niň skrip­ka­sy hyz­mat edip­dir. Met­ro­da çy­kyş et­mez­den iki gün ozal, onuň Bos­ton­da eden çy­ky­şyn­da anş­lag yg­lan edi­lip, bi­le­tiň ba­ha­sy 100 dol­la­ra deň bo­lan eken.

Jo­şua Bel­liň met­ro­da­ky çy­ky­şy “Wa­shing­ton Post” ga­ze­ti­niň öteg­çi­le­riň duý­gur­ly­gy, hö­we­si we ün­si ba­ra­da ge­çi­ren so­si­al bar­lag­la­ry­nyň bir bö­le­gi bo­lup, onuň mak­sa­dy iş gün­le­rin­de bi­ziň oňaý­syz pur­sat­da gö­zel­li­gi du­ýup bil­ýän­li­gi­mi­zi we ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ze­hin­le­ri ta­nap ba­şar­ýan­ly­gy­my­zy aý­dyň­laş­dyr­mak­dan yba­rat bo­lup­dyr.

Fer­mer we mek­ge­jö­wen

Bir ýo­la met­bu­gat iş­gä­ri hil bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­de ýy­lyň-ýy­ly­na ýe­ňiş ga­zan­ýan fer­mer­den özü­niň ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän mek­ge­jö­we­ni­niň sy­ry­ny paý­laş­ma­gy­ny so­rap ýüz tu­tup­dyr. Fer­mer mu­nuň sy­ry­nyň ekiş üçin iň go­wy to­hum­la­ry­ny goň­şu­la­ry­na paý­la­ýan­ly­gyn­dan bo­lup bil­jek­di­gi­ni aýdypdyr.

– Eger-de olar he­mi­şe se­niň bi­len bilelikde, äh­li bäs­le­şik­le­re gat­na­şyp, bäs­deş­le­riň bol­jak bol­sa­lar, nä­me üçin ola­ra iň go­wy to­hum­la­ry paý­la­ýan­ly­gy­ňa we­lin, hiç dü­şünmeýärin? – diýip, metbugat işgäri gyzyklanypdyr.

– Nä­hi­li dü­şün­dir­sem­käm – di­ýip, fer­mer ýyl­gy­ryp­dyr. – Ýel­ler me­niň ekin meý­da­nym­dan goň­şu­la­ry­myň ekin meý­dan­la­ry­na toz­ga­la­ry sü­rüp äkid­ýär­ler ýa-da ter­si­ne ge­tir­ýär­ler. Eger-de goň­şu­la­ry­myň eken to­hum­la­ry­nyň hi­li pes bol­sa, on­da ba­sym me­niň­ki hem er­bet­le­şip baş­lar. Bi­ziň ekin meý­dan­la­ry­na nä­hi­li ideg edi­şi­miz, eý­ýäm baş­ga me­se­le – diýip fermer jogap beripdir.

Şu­nuň ýa­ly ýag­daý adam­la­ryň dur­mu­şyn­da hem bo­lup geç­ýär. Kim­de-kim işi­niň şow­ly bol­ma­gy­ny is­le­ýän bol­sa, on­da ýa­kyn­la­ry­ny ala­da bi­len gur­şap, üs­tün­lik ga­zan­ma­ga kö­mek et­me­li. Se­bä­bi tö­we­re­giň­dä­ki­leň iş­le­ri nä­çe ro­waç bol­sa, se­niň­ki hem şeý­le bol­ýar. Çün­ki bi­ziň äh­li­miz bu dün­ýä­de bir-bi­ri­mi­ze bag­ly ýa­şa­ýa­rys.