Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu ugra hususy pudagyň wekilleri hem işjeň çekilip, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz edilmegi babatda hem degişli işler ýola goýuldy.
Geçen ýylyň dowamynda dünýäniň dürli ýurtlaryndaky köp sanly syýahatçylyk ugry bilen baglanyşykly halkara forumlaryna gatnaşan türkmen syýahatçylyk kärhanalary 2020-nji ýylda-da bu ugurdaky işlerini netijeli dowam etdirýärler. Şu ýylyň 16-19-njy ýanwary aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde “Ferien-Messe Vienna 2020” atly halkara syýahatçylyk ýarmarkasy geçiriler. Bu iri forumyň işine türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Bu çäre ählumumy syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilen uly forumlaryň biri hasaplanýar. Bu ýerde syýahatçylyk we dynç alyş ulgamynyň ýeten sepgitleri we bu ugurdaky dürli täzeçil teklipleri barada gyzykly maglumat almaga mümkinçilik dörediler. Iri forumyň işine dünýäniň 80-den gowrak ýurdundan 800-e golaý wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.
Şeýle iri forumlara gatnaşýan türkmen wekiliýetleri Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ýurdumyzyň taryhy we medeni gymmatlyklary, Köýtendagyň ajaýyp dag etekleri, Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyplyklary bilen tanyşdyrmak mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Golaýda Amerikanyň we Awstraliýanyň bilelikdäki “Lonely Planet” neşiri ýylyň syýahatçylyk sebiti hökmünde Merkezi Aziýany saýlady. Bu neşir her bir jahankeşdä Merkezi Aziýa ýurtlaryna – Türkmenistana, Özbegistana, Täjigistana, Gyrgyz Respublikasyna we Gazagystana işjeň syýahat etmegi maslahat berýär. Bu barada neşiriň 2020-nji ýylda syýahat üçin iň gowy ýerler (“Best in Travel 2020”) reýtinginde bellenip geçilýär.
– Bu sebit bir döwürler söwdanyň hem-de jahankeşdeligiň mekany bolupdyr. Häzir hem täzeden dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezine öwrüldi. Gadymy şäherler, uly şowhunly bazarlar, Merkezi Aziýanyň ýabany landşafty üýtgeşik başdan geçirmeleriň gözleginde bolan syýahatçylary özüne çekýär. Ulag we infrastruktura ulgamynda özleşdirilen ummasyz möçberdäki maýa goýumlar häzirki zaman Beýik Ýüpek ýoluna syýahat etmek üçin örän oňaýly şertleri döretdi – diýlip neşirde bellenip geçilýär. Bu ýagdaý, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bar bolan taryhy ýadygärliklere we täsin tebigy gözelliklere arheologlaryň we syýahatçylaryň ägirt uly gyzyklanmasyny döredýär.
Häzirki wagtda syýahatçylyk ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düşewüntli pudaklarynyň birine öwrülýär. Ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmekde, ilkinji nobatda, jahankeşdelere edilýän hyzmatyň hiline we derejesine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzda syýahatçylaryň isleglerini kanagatlandyryp biljek dünýä derejesine laýyk gelýän myhmanhanalaryň üsti ýetirilýär. Syýahatçylyk ulgamynda öz hünärine ökde, tejribeli hünärmenler, ýolbeletler, terjimeçiler taýýarlanylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkara syýahatçylygy güýçli depginde ösdürilýär. Milli Liderimiziň goldawy netijesinde gadymy Nusaýa, Merwe, Köneürgenje, Köpetdagyň, Köýtendagyň we Garagum sährasynyň özboluşly ajaýyp ýerlerine syýahatçylyk ugurlary açylýar.
Umuman, ýurdumyzda täze syýahatçylyk ugurlarynyň açylmagy, daşary ýurt jahankeşdeleriniň täze akymynyň gelmegine mümkinçilik berýär. Türkmeniň baý milli mirasyny, gadymy ýadygärliklerini, täsin tebigy baýlyklaryny dünýä ýaýmaga, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende galdyrmaga, dünýäniň syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemäge doly mümkinçilikler döredilýär.
Syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine ýurdumyzyň hususyýetçileri hem işjeň gatnaşýarlar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagynda syýahatçylyk kärhanasy döredildi. Döredilen syýahatçylyk kärhanasy daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklary baglaşyp, olar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär.
Maksat JUMAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.