Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösdürilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleriň ýola goýulmagy babatda, döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň hususy pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki paýy görnetin ýokarlanýar.
Häzirki wagtda bu görkeziji 65,4 göterime barabar boldy. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümindäki kärhanalar häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ugurlarda uly taslamalary amala aşyrýarlar. Türkmen telekeçilerine has çylşyrymly desgalar hem-de möçberi boýunça uly taslamalar ynanylýar. Olaryň hatarynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny we beýleki senagat düzümli taslamalary görkezmek bolar.
Türkmen telekeçileri oba hojalyk ulgamynda hem netijeli işleri alyp barýarlar. Oba hojalygynyň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmakda, obasenagat toplumyny ösüşiň täzeçil ýoluna geçirmekde, döwletiň goldaw bermeginiň hasabyna öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmakda döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklaryna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzda miwe we gök önümleriň önümçiligi boýunça täze kärhanalar, ýyladyşhanalar, eti gaýtadan işleýän bölümler we beýleki kärhanalar yzygiderli açylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap ýyladyşhanalar yzygiderli gurulýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda bazar bolçulygy döredilip, içerki bazary ter miwe we gök önümler bilen üpjün edýän türkmen telekeçileri daşary ýurt bazarlaryna hem pomidordyr hyýar we beýleki bakja önümleriniň eksportuny amala aşyrýarlar. 2019-njy ýylyň başyndan bäri türkmen telekeçileriniň daşary ýurt bazaryna 15 müň tonnadan gowrak pomidordyr hyýar eksport etmegi, ýurdumyzda giň gerime eýe bolan ýyladyşhana toplumlarynyň döredilmegi, döwlet tarapyndan goldaw bermek we ykdysady taýdan höweslendirmek çäreleri, şol sanda haryt öndürijilere ýerleriň uzak möhletleýin ulanylmaga berilmegi bilen berk baglanaşyklydyr. Ýyladyşhana ulgamyny giňden ýola goýan türkmen telekeçileri bu ugurda daşary ýurtlarda ýokary sylaglara hem mynasyp bolýarlar. Golaýda “Ýigit” hojalyk jemgyýeti Moskwada geçirilen “Russiýanyň we GDA-nyň ýyladyşhana toplumlary-2019” 4-nji maýa goýum forumynda “GDA-nyň ýyladyşhana pudagynda innowasion ösüş” ugrundan diploma we kuboga mynasyp boldy. Pomidor önümçiligini ýola goýan bu hojalyk jemgyýeti oba hojalygynyň bu pudagynda netijeli işleýär. Geçen ýyl 10 gektar ýapyk meýdanda üç müň tonnadan gowrak pomidor ýetişdirildi. Hasylyň ýarysyndan gowragy BAE, Gyrgyz Respublikasy, Gazagystana, Russiýa Federasiýasyna eksport edildi. Ekologiýa taýdan arassa önümiň eksport ugruny giňeltmek babatda Polşanyň, Ukrainanyň, Belarusuň wekilleri bilen gepleşikler geçirilýär.
Türkmen önümleriniň daşary ýurt bazaryna giňden ornaşmagy ugrunda tagalla edýän türkmen telekeçileri döwlet tarapyndan berilýän goldawy duýup, yhlasly zähmet çekýärler.
Sanly ykdysadyýeti döretmezden ýurdumyzyň ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däldir diýip, milli Liderimiz belleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen telekeçileri sanly ulgamy döretmek işine hem işjeň gatnaşýarlar. Umuman, ýurdumyzyň oba hojalyk we beýleki pudaklarynyň sanlaşdyrylmagy köp sanly ykdysady bähbitleri hem-de halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Sanlaşdyrmak ulgamynyň ýokary depgine eýe bolýan döwründe Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik bankynyň hünärmenleri hem maliýe-hasabat ulgamyna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak babatda uly işleri alyp barýarlar. Bu bank internet-banking ulgamyny ulanyşa girizdi. Internet-banking ulgamynyň ulanyşa girizilmegi, bank hyzmatlarynyň doly toplumyny öz içine alyp, esasan hem, müşderilere özleriniň hasap amallaryny aradaşlykdan dolandyrmaga, dürli töleg amallaryny we şuňa meňzeş amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bankyň müşderileri SMS habar beriş hyzmatyny goşup ýa-da aýryp, hasaplaşygyň göçürmesini elektron poçta arkaly alyp, dürli hyzmatlar üçin tölegleri geçirip, ykjam we öý telefonlaryna pul goýup, bergilerini üzüp, şeýle hem pul serişdelerini kartdan karta geçirip bilerler.
Şeýle hem “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky “QR kod” ulgamyny ulanyşa girizmegi meýilleşdirýär. Bank ulgamyndaky bu işler hem türkmen telekeçileriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen hasap amallaryny ýerine ýetirmegine köp sanly ýeňillikler döredýär.
Ogulşirin HAÝDAROWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.