Adamzat durmuşy ýollar bilen aýrylmaz baglydyr. Ýollar adamy barmaly ýerine eltýär, ýükleri eýesine gowşurýar. Şonuň üçin adamzat ýollaryň, ulaglaryň dürli görnüşini, bütin bir ulgamyny döredipdir. Ulag ulgamyndaky işleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdiripdir. Biziň ýurdumyzda hem bu ugurda köp sanly iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny görkezmek bolar. Şu ýerde ýokary tizlikli awtomobil ýollaryň taryhy barada söhbet etmegi makul bildik.

XIX asyr­da, sa­gat­da 100 km tiz­lik bi­len de­mir ýol­lar ar­ka­ly ot­lu­la­ryň he­re­ke­ti ama­la aşy­ry­lyp­dyr. XXI asyr­da hem de­mir ýol ula­gy ýo­ka­ry tiz­lik bi­len ýo­lag­çy­la­ry we ýük­le­ri da­şa­mak­da bi­rin­ji­li­gi el­den ber­me­ýär. Hä­zir­ki wagt­da adam paý­ha­sy ne­ti­je­sin­de dö­re­di­len ot­lu­lar, sa­gat­da 300 km tiz­lik bi­len he­re­ket et­mä­ge ukyp­ly­dyr. Em­ma, aw­to­mo­bil sü­rü­ji­le­ri her bir met­ri, ki­lo­met­ri az wagt­da geç­mek üçin, ýol gur­lu­şyk iş­gär­le­ri bi­len ut­ga­şyk­ly zäh­met çek­me­gi do­wam ed­ýär­ler. Aw­to­mo­bi­liň ot­ly bi­len bäs­deş­li­gi XX asyr­da baş­lap­dyr. 1907-nji ýyl­da Mosk­wa–Pe­ter­burg ara­ly­gyn­da aw­to­mo­bil ýa­ry­şy ge­çi­ri­lip­dir. Fran­suz sü­rü­ji­si Artur Dýu­re “Dit­rih” di­ýen aw­to­mo­bil­de iki şä­her ara­sy­ny 10 sa­gat­da geç­me­gi ba­şa­ryp­dyr. Ça­par (kur­ýer) ot­lu­sy bu ara­ly­gy has gö­ni ýol­lar ar­ka­ly 9 sa­gat­da ge­çip­dir. Aw­to­mo­bil ula­gy­nyň ot­lu­dan ga­zan­ýan her bir ýeň­şi ga­ra ýol­la­ry gur­mak işi­ni tiz­leş­di­rip­dir.
Aw­to­mo­bil­ler üçin ni­ýet­le­nen il­kin­ji ýol­lar hök­mün­de ýa­ryş tras­sa­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar. Ýa­ryş tras­sa­la­ry senagat taýdan ösen döw­let­ler­de aw­to­mo­bil se­na­ga­ty­nyň ala­ma­ty hök­mün­de peý­da bo­lup­dyr. Şeý­le ýo­luň il­kin­ji tas­la­ma­sy 1907-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­da dö­re­di­lip – AFUS – “aw­to­mo­bil he­re­ke­ti we tür­gen­le­şi­gi üçin ýol” di­ýen ady alyp­dyr. Em­ma, Bi­rin­ji ja­han ur­şu­nyň baş­lan­ma­gy se­bäp­li, bu tas­la­ma 14 ýyl yza süý­şü­ri­lip­dir. 1921-nji ýyl­da AFUS tras­sa­sy açy­lyp­dyr. Il­kin­ji ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ri­len wag­ty ýo­luň uzyn­ly­gy 19,5 km ba­ra­bar bo­lup, sa­gat­da 128,8 km tiz­lik ga­za­ny­lyp­dyr. AFUS ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny ama­la aşyr­mak işi­ni tiz­leş­di­rip­dir. Ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň dö­rän ýe­ri Ýew­ro­pa­dyr. Dün­ýä tej­ri­be­sin­de “aw­tos­t­ra­da” (ital­ýan­ça), “aw­to­ban” (ne­mes­çe) di­ýen adal­ga­la­ryň peý­da bol­ma­gy hem Ýew­ro­pa se­bi­ti bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Il­kin­ji ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry Ita­li­ýa­da peý­da bol­ýar. “Aw­tost­ra­da” di­ýen adal­ga­ny dö­re­di­ji­ler ital­ýan­lar­dyr. Aw­tost­ra­da­nyň peý­da bol­ma­gy­na ital­ýan in­že­ne­ri, sy­ýa­sat­çy Pýe­ro Pu­ri­çel­li (1883-1951) uly go­şant go­şup­dyr. Pýe­ro Pu­ri­çel­li “ýol­la­ryň şa­sy” di­ýen at bi­len ta­ry­ha gi­ren ýol gu­ru­jy in­že­ner­dir. Aw­to­mo­bil ulag­la­ry­nyň adam­zat dur­mu­şy­na or­na­şyp baş­lan döw­rün­de hem­me­ler, şol san­da Pýe­ro Pu­ri­çel­li hem bu tä­sin ula­gyň muş­da­gy bo­lup­dyr. Ol aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­ul­ma­gy­na aý­ra­tyn üns ber­ip­dir, mak­sa­dy­na ýet­mek üçin ýö­ri­te in­že­ner hü­nä­ri­ni ele alyp­dyr. 1922-nji ýyl­da Pýe­ro Pu­ri­çel­li­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ita­li­ýa­da, uzyn­ly­gy 10 km bo­lan “Mon­sa” at­ly ýa­ryş ýo­da­sy gu­r­lup­dyr. Şol bir wag­tyň özün­de Pu­ri­çel­li aw­tost­ra­da­nyň gur­lu­şy­gy­nyň me­ýil­na­ma­sy­ny taý­ýar­lap­dyr. Pu­ri­çel­li­niň me­ýil­na­ma­syn­da aw­tost­ra­da aw­to­mo­bil gat­na­ýan beý­le­ki ýol­lar­dan ta­pa­wut­la­nyp­dyr. Aw­tost­ra­da­dan we­lo­si­ped­li, at­ly we ara­ba­ly, py­ýa­da he­re­ke­ti ga­da­gan et­mek göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. De­mir ýol bi­len ke­siş­me­ýän, ara­ba­nyň we at­ly­la­ryň he­re­ke­ti­ne ni­ýet­lenil­me­dik, çat­ryk­la­ry bol­ma­dyk ýol gur­mak ba­ra­da­ky pi­kir aw­to­mo­bil­leş­mek işi­niň baş­la­nan ýyl­la­ryn­da bu pu­da­gyň gel­je­gi üçin öw­rü­li­şik­li çöz­güt bo­lup­dyr. Se­bä­bi, aw­to­mo­bil ula­gy hem­me adam­lar üçin el­ýe­ter­li bol­man­dyr. Mo­to­sik­li bar adam­lar gurp­ly ha­sap­la­nyp­dyr. Gür­rü­ňi edil­ýän dö­wür­de, Ita­li­ýa­da 400 ital­iýa­la bir aw­to­mo­bil dü­şüp­dir. Şo­nuň üçin, Pu­ri­çel­li­niň bu tas­la­ma­sy jem­gy­ýet­çi­lik­de ses­len­me tap­man­dyr. Em­ma, us­sat in­že­ne­riň öň­den­gö­rü­ji­lik­li tas­la­ma­sy­ny döw­let gol­dap­dyr. 1924-nji ýy­lyň 21-nji sent­ýab­ryn­da Ita­li­ýa­nyň ko­ro­ly Wik­tor Em­ma­nu­il III (1869-1947) gat­naş­ma­gyn­da dün­ýä­de il­kin­ji aw­tost­ra­da açy­lyp­dyr. Aw­tost­ra­da Ita­li­ýa­nyň de­mir­ga­zyk şä­her­le­ri­ni, Mi­lan bi­len Wa­re­se şäherlerini bir­leş­di­rip­dir. Uzyn­ly­gy 55 km bo­lan tä­ze ýol iki­ta­rap­la­ýyn he­re­ke­ti ama­la aşyr­ma­ga ni­ýet­le­nip­dir. Ýo­luň her ta­ra­pyn­dan iki sa­ny zo­lak çy­zy­lyp­dyr. 1933-nji ýyl­da Ita­li­ýa­da tä­ze ýo­luň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­jak il­kin­ji ka­nun çy­kyp­dyr. Ka­nu­na la­ýyk­lyk­da, bu ýol­dan di­ňe aw­to­mo­bil ulag­la­ry he­re­ket edip bi­lip­dir. Il­kin­ji ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­ly tö­leg­li esas­da hal­ka hyz­mat edip­dir. Tö­leg alyn­ýan no­kat­lar­da aw­tost­ra­da­nyň iş­gär­le­ri sü­rü­ji­le­ri hor­mat bi­len gar­şy­lap, ola­ry ug­rat­ma­ly bo­lup­dyr. Bu düz­gün 1946-njy ýy­la çen­li sak­la­nyp­dyr. 1939-njy ýy­la çen­li Ita­li­ýa­da 500 km-e go­laý aw­tost­ra­da gu­rlup­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da Ita­li­ýa­da ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri ösen­dir. Ýurt­da de­mir we aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gür ulgamy dö­re­di­len­dir. 2016-njy ýyl­da Ita­li­ýa­da ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ryň uzyn­ly­gy 7 müň km-e ýe­tip­dir.
XX asy­ryň ba­şyn­da ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry gur­ma­gyň yş­gy­na dü­şen ýe­ne bir döw­let Ger­ma­ni­ýa­dyr. Bu ýer­de ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­na “aw­to­ban” di­ý­lip­dir. Ne­mes aw­to­ban­la­ry­nyň “ata­sy” Fris Todt (1891-1942) ha­sap­lan­ýar. Ol Ger­ma­ni­ýa­nyň Karls­rue şä­he­rin­dä­ki Teh­ni­ka ins­ti­tu­ty­ny ta­mam­lap, in­že­ner hü­nä­ri­ni ele alyp­dyr. 1931-nji ýyl­da Todt “Aw­to­mo­bil ýol­la­ry­na as­falt we ga­ra ýag ört­mek­de goý­be­ril­ýän kem­çi­lik­ler” di­ýen mowzukda dok­tor­lyk dis­ser­ta­si­ýa­sy­ny go­rap­dyr. F. Todt aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na bü­tin öm­rü­ni ba­gyş­lap­dyr. 1926-njy ýyl­da F. To­dtyň gat­naş­ma­gyn­da ýol gur­lu­şyk iş­le­ri­ne ba­gyş­la­nan 70 jiltlik ki­tap ýa­zy­lyp­dyr. Ki­tap­da Ger­ma­ni­ýa­da gu­rul­ma­ly aw­to­mo­bil ýol­lar, ola­ryň tas­la­ma­la­ry, aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da be­ýan edi­lip­dir.
XX asy­ryň 20-nji ýyl­la­ryn­da Ger­ma­ni­ýa aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny gur­mak işi­ne aý­ra­tyn üns be­rip­dir. Bu ýer­de aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny gur­ýan bir­nä­çe jem­gy­ýet­ler, as­so­sia­si­ýa­lar dö­re­di­lip­dir. Şo­lar­dan iň bel­li­si “Gan­za-Frank­furt-Ba­zel aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň” gur­lu­şy­gy­ny taý­ýar­lan jem­gy­ýet­dir. Bu jem­gy­ýe­tiň ta­gal­la­sy bi­len 1929-1932-nji ýyl­lar­da Ger­ma­ni­ýa­da il­kin­ji ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­ly gur­lup ula­nyl­ma­ga be­r­lip­dir. Kýoln-Bonn şä­her­le­ri­ni bir­leş­di­ren 20 ki­lo­metr­lik ýo­luň gur­lu­şy­gy­na 4 ýyl sarp edi­lip­dir. 1932-nji ýyl­da Kýoln-Dýus­sel­dorf şä­her­le­ri­niň ara­syn­da ikin­ji aw­to­ba­nyň gur­lu­şy­gy baş­la­nyp­dyr. Il­kin­ji ne­mes aw­to­ban­la­ry, sa­gat­da 130 km tiz­lik bi­len he­re­ket et­mä­ge ni­ýet­le­nip­dir. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, XX asy­ryň ba­şyn­da ula­nyş­da bo­lan aw­tou­lag­la­ryň tiz­li­gi­niň iň ýo­ka­ry çä­gi, sa­gat­da 60 km-den geç­män­dir. 1941-nji ýyl­da aw­to­ban­la­ryň uzyn­ly­gy, bu döw­let­de 3700 km-e ýe­tip­dir.
Ne­mes aw­to­ban­la­ry­nyň ital­ýan aw­tost­ra­da­la­ryn­dan ar­tyk­maç­ly­gy, iki­ta­rap­la­ýyn ýo­luň ara­sy 3,5-dan 5 met­re çen­li in­li­lik­de bö­lü­ji ger­mew­ler bi­len bö­lün­me­gin­de­dir. Ita­li­ýa­da­ky il­kin­ji ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ryn­da ta­rap­la­ryň ara­syn­da bö­lü­ji ger­mew­ler bol­man­dyr. Ger­ma­ni­ýa­da ga­raň­ky gi­je­ler­de gar­şy­dan gel­ýän aw­tou­la­gyň yşyk ýag­ty­synyň sü­rü­ji­le­riň gö­zü­ni ga­maş­dyr­maz­ly­gy üçin, bö­lü­ji ger­mew­le­re gy­rym­sy agaç­lar eki­lip­dir. Aw­to­ban­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de ýol ug­run­da ýan­gyç guý­ýan no­kat­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­lip­dir. Bu no­kat­lar her 30-40 km ara­lyk­da ýer­leş­di­ri­lip­dir. Ýol ug­run­da­ky myh­man­ha­na­lar her 150-200 km-den gur­lup­dyr. Aw­tou­lag be­jer­ýän us­sa­ha­na­lar hem üns­den dü­şü­ril­män­dir. Ýol ug­run­da ýer­leş­ýän äh­li des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na döw­le­tiň iň us­sat binagärleri çe­ki­lip­dir. Aw­to­ban tas­la­ma­la­ry land­şaft di­zaýn­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp­dyr. Ýol ug­run­da jan­dar­lar üçin ge­çel­ge­ler, gal­ma­ga­ly pe­sel­di­ji­ler göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da Ger­ma­ni­ýa ulag ýol­la­ry­nyň gür­lü­gi bo­ýun­ça dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ry­na gir­ýär. Bu döw­let­de ýük we ýo­lag­çy do­la­ny­şy­gyn­da aw­to­mo­bil ula­gy bi­rin­ji or­ny eýe­le­ýär. Ýur­duň aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň umu­my uzyn­ly­gy 230 müň km bolup, şo­nuň 11 müň km-i ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­dyr.
XX asy­ryň ba­şyn­da Ýew­ro­pa bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, ABŞ-da aw­to­mo­bil gur­lu­şy­gy güýç­li dep­gin­de ama­la aşy­ry­lyp­dyr. Bu dö­wür­de her bä­şin­ji ame­ri­ka­ly­da öz şah­sy aw­tou­la­gy bo­lup­dyr. Ýew­ro­pa­ly aw­to­mo­bil sö­ýü­ji­le­riň sy­na­gyn­dan ge­çen ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­lar ame­ri­ka­ly­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çe­kip­dir. ABŞ-da ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry gur­mak işi­ni baş­lan in­že­ner we sy­ýa­sat­çy To­mas Har­ris Mak­Do­nald­dyr (1881-1957). Mak­Do­nald iş­çi maş­ga­la­da önüp-ösüp­dir. Onuň ka­ka­sy bug­daý we agaç önüm­le­ri­ni da­şa­mak bi­len meş­gul­lan­ýan sü­rü­ji bo­lup­dyr. Döwrebap ýol­la­ryň gu­rul­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­na Mak­Do­nald oňat dü­şü­nip­dir. Şo­nuň üçin, ol ýol gur­lu­şyk işi­ni öw­ren­mek we bu ug­ra bü­tin öm­rü­ni ba­gyş­la­mak mak­sa­dy bi­len ýo­ka­ry okuw mekdebine oku­wa gi­rip­dir. Bu dö­wür­de ABŞ-da aw­to­mo­bil ula­gy he­re­ket et­mek üçin ikin­ji de­re­je­li se­riş­de ha­sap­la­nyp­dyr. Ýurt­da esa­sy orun­da de­mir ýol­lar we ot­lu­lar du­rup­dyr. Mer­ke­zi býu­jet­den aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy üçin se­riş­de­ler örän ujyp­syz goý­be­ri­lip­dir. Gu­rul­ýan ýol­lar­da çat­ryk­la­ryň, ýol yşyk­la­ry­nyň köp bol­ma­gy he­re­ke­ti howp­suz ama­la aşyr­ma­ga kyn­çy­lyk dö­re­dip­dir. Ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy üçin se­riş­de tap­mak mak­sa­dy bi­len Mak­Do­nald şeýle ýollaryň tölegli bolmagyny maksadalaýyk hasaplapdyr.
Mak­Do­nal­dyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýö­ri­te to­par dö­re­di­lip, onuň ta­gal­la­sy bi­len bü­tin ABŞ-da ýol gur­lu­şyk iş­le­ri­ni ge­çir­mek üçin geo­lo­gik mag­lu­mat­lar top­la­nyp­dyr. Ta­kyk mag­lu­mat­lar bi­len üp­jün edi­len to­par bü­tin ABŞ-da gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ryň kar­ta­sy­ny dü­züp­dir. Kar­ta­nyň uzyn­ly­gy 10 met­re go­laý bo­lup, on­da ABŞ-da gu­rul­ma­ly äh­li ýol­la­ryň çyz­gy­sy gör­ke­zi­lip­dir. 1922-nji ýyl­da ABŞ-nyň go­şun ge­ne­ra­ly Jon Per­şing taý­ýar­la­nan me­ýil­na­ma ba­ra­da Kong­re­se ha­sa­bat be­rip­dir. 1938-nji ýyl­da Mak­Do­nald Ger­ma­ni­ýa­nyň ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň me­ýil­na­ma­sy­ny öw­re­nip­dir we işi­ne goş­ma­ça­lar gi­ri­zip­dir. ABŞ-nyň 34-nji Pre­zi­den­ti Duaýt Eý­zen­haue­riň do­lan­dy­ran ýyl­la­ryn­da (1953-1961) Mak­Do­nal­dyň me­ýil­na­ma­sy esa­syn­da ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ryň gur­lu­şy­gy­na baş­la­nyp­dyr. 1956-njy ýyl­da ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy üçin 26 milliard ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de pul goý­be­ri­lip­dir. Bu Ame­ri­ka­nyň ta­ry­hyn­da döw­let işi­ne goý­be­ri­len uly ma­ýa go­ýu­my­dyr.
Me­ýil­na­ma bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn gat­naw ýo­ly gu­r­lup­dyr. Ta­rap­la­ryň ara­sy 1,5 m-den az bol­ma­dyk bö­lü­ji bi­len bö­lü­nip­dir. Her ugur­da gat­naw üçin ini 3,67 m bo­lan 4 sa­ny zo­lak bol­ma­ly edi­lip­dir. Ýol­la­ryň “egin­le­ri­niň” – gy­ra­sy­nyň bol­ma­gy hök­ma­ny bo­lup­dyr. Sag gy­ra­sy­nyň ini ula­gyň ha­dy­sa uç­ran ýag­daý­la­ryn­da çyk­mak üçin 3 m-den, çep gy­ra­sy 1 m-den az bol­ma­ly däl eken. He­re­ket wag­ty 90 derejeli öw­rüm­ler, duý­dan­syz öw­rüm­ler ga­da­gan edi­lip­dir.
XX asyr­da, 50 ýy­lyň için­de ýur­duň äh­li ýe­ri­ni bir­leş­dir­jek 70 müň ki­lo­metre barabar bolan ýo­ka­ry tiz­lik­li ýol­lar gu­r­lup­dyr. ABŞ-da ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ryna “high­way” di­ý­lip­dir. Bi­ziň gün­le­ri­miz­de ABŞ-da umumy uzynlygy
78 000 km bolan ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­lar gu­r­lup, olar döw­let­de ýer­leş­ýän äh­li ýol ulgamynyň 1 gö­te­ri­mi­ne deň­dir. Em­ma, mu­ňa ga­ra­maz­dan, bu ýol­lar ulag­la­ryň bäş­den üç bö­le­gi­ni öz üs­tün­den gün­de­lik ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ABŞ-da ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri ösen­dir. Äh­li ulag ýol­la­ry­nyň uzyn­ly­gy bo­ýun­ça, ABŞ dün­ýä­de bi­rin­ji or­ny eýe­le­ýär.
XXI asy­ryň ba­şyn­da ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny gur­mak­da Hy­taý äh­li döw­let­ler­den öňe ge­çip­dir. 2018-nji ýy­lyň ba­şy­na çen­li bu ýurtda umumy uzynlygy 136 müň km aw­tost­ra­da­lar bo­lup, şo­la­ryň 38 müň 645 km-i soň­ky bäş ýy­lyň do­wa­myn­da gu­r­lup ula­nyl­ma­ga be­r­lip­dir. Hy­taý­da ýo­ka­ry tiz­lik­li ýol­la­ry gur­mak tej­ri­be­si 1988-nji ýyl­da baş­la­nyp­dyr.

Lä­le AL­LA­BER­DI­ÝE­WA,
H. Der­ýa­ýew adyn­da­ky
Mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­niň
ta­ryh mu­gal­ly­my.