Ýewropanyň energetika kartasy özgerýär. Afinyda Gresiýanyň hökümet başlygy Kiriakos Misotakis, Kipriň Prezidenti Nikos Anastasiadis we Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu “EastMed” suwasty gaz geçirijisiniň gurluşygy baradaky döwletara ylalaşygyna gol çekmek dabarasyna gatnaşdylar. Ylalaşyga Ysraýylyň, Kipriň we Gresiýanyň energetika ministrleri gol çekdiler. Bu turba geçiriji arkaly Gündogar Ortaýer deňziniň gaz ýataklaryndan Ýewropa gaz ugradylar. Bu gaz geçirijiniň dünýäniň iň uzyn suwasty gaz geçirijisi boljakdygy mälim edilýär. Gaz geçirijiniň uzynlygy 1900 kilometrden ybarat bolup, ol Gresiýany, Kipri we Ysraýyly Italiýa we Ýewropanyň beýleki günorta-gündogar ýurtlary bilen baglanyşdyrar. Onuň ýyllyk kuwwatynyň 10 milliard kub metr gaza deň boljakdygy çak edilýär. Bu taslama 2025-2026-njy ýyllarda ulanmaga berler diýlip garaşylýar.
Ysraýyl gazy gündogar ugry arkaly Ýewropa akdyrylar. Şunuň bilen birlikde, Italiýa we beýleki Günorta Ýewropa ýurtlaryna gaz ugratmakda “EastMed” gaz geçirijisi aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Ýewropa Bileleşigi 2015-nji ýylda bu gaz geçirijisine “Bilelikdäki bähbitleriň taslamasy” derejesini berip, onuň tehniki-ykdysady binýadyna 2 million ýewro geçiripdi. Häzirki wagtda bahasy 7 milliard ýewro deň bolan bu taslamanyň çykdajylarynyň ýarysyny Ýewropa Bileleşigi öz üstüne alyp almajakdygy barada Brýusselde karar kabul edilmegine garaşylýar.
Bilermenler bu taslamanyň energetika pudagynda Ýewropa üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny, şeýle hem, gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýeti üçin, sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem berkitmekde möhümdigini mälim edýärler.