8-nji ýanwarda “Türk akymy” gaz geçirijisiniň resmi açylyşyna Russiýanyň we Türkiýäniň Prezidentleri gatnaşdylar. Gaz geçirijiniň gurluşygy hakyndaky döwletara ylalaşygy 2016-njy ýylyň oktýabrynda Stambulda ylalaşylypdy; soňra resminama Türkiýäniň Parlamenti we Russiýanyň “Dumasy” tarapyndan makullanypdy.
1100 kilometr uzynlykdaky “Türk akymynyň” 930 kilometri Gara deňziň 2200 metr astyndan çekildi. Gaz geçirijiniň deňiz we ýer üstündäki bölegi 2019-njy ýylyň martynda birikdirildi. “Gazprom” gaz geçirijiniň deňiz böleginiň gurluşygyna 2017-nji ýylyň maýynda başlapdy. Kuwwatlylygy ýylda 31,5 milliard kubmetre barabar bolan “Türk akymynyň” iki şahasy Russiýanyň Krasnodar ülkesiniň Anapa etrabyndan ugur alyp, Gara deňziň asty bilen Türkiýäniň demirgazyk-günbataryndaky Kyrklareli welaýatynyň Kyýyköý ilatly ýerinden çykýar. Iki şahanyň biri türk sarp edijilerine, beýlekisi bolsa, Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlary üçin niýetlenendir. Ol türk-bolgar araçägine golaý ýerleşýän Bolgariýanyň Stranža etrabynda gutarýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, “Türk akymy” Türkiýäniň we Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny berkitmekde uly ähmiýete eýe bolar. Olaryň pikirine görä, gaz geçirijiniň gazy gös-göni sarp edijä ýetirmekde aýratyn ähmiýeti bar.
Eýýäm, 1-nji ýanwardan başlap, Bolgariýa rus gazyny “Türk akymy” gaz geçirijisi arkaly alyp ugrady. Bu barada “Bulgartransgaz” habar berdi. Gazyň täze ugurdan akdyrylmagy 35 million ýewro tygşytlamaga mümkinçilik berer. Şeýle hem gazyň bahasy 5 göterim arzanlaýar. Bolgariýanyň her ýylda üç milliard kubmetr gaz satyn aljakdygy habar berilýär.
Rus gazyny
Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna ugratmak üçin niýetlenen “Türk akymy” gaz geçirijisi ulanmaga berildi.