Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek hem-de
durnukly ösüşi gazanmak babatyndaky tagallalary bilen netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy düzýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýörite Rezolýusiýa arkaly ýene bir gezek tassyklanyldy. Munuň özi dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolan Watanymyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan goşandynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. Sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, durnukly ösüşi gazanmak ýaly ugurlara işjeň gatnaşýan Türkmenistan döwletimiz özüniň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen yzygiderli ýagdaýda halkara şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulyp gelýär. 2020-nji ýylyň dowamynda hem ýurdumyz birnäçe ugurlarda halkara şertnamalaryna goşulmagy meýilleşdirýär. Esasan hem, ykdysady, ulag, daşky gurşawy goramak, medeni-ynsanperwer we intellektual eýeçilik ýaly ugurlary gurşap alar.
Hormatly Prezidentimiz dünýäde hem-de sebitde durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy babatda derwaýys başlangyçlary öňe sürýär hem-de bu babatda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen dünýäniň ähli döwletleriniň arasynda özara bähbitli ykdysady hem-de söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy babatynda uly tagallalar edilýär. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň berkidilmegi ugrunda hem degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ykdysady ugur boýunça Araçylygyň esasynda gazanylan halkara ýaraşyk ylalaşyklary hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasyna goşulmagy göz öňünde tutýar. Bu resminama söwda jedellerini çözmegiň täsirli usuly hökmünde araçylyga ýardam bermegiň guraly bolup durýar.
Milli Liderimiziň soňky ýyllarda uly ähmiýet berýän ugurlarynyň hatarynda ulag ulgamyny görkezmek bolar. Döwlet Baştutanymyzyň dünýä döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek bilen ulag meseleleriniň netijeli çözülmegine gönükdirilen syýasy başlangyçlarynyň ähmiýeti yzygiderli artýar. Ýurdumyz bilen strategik häsiýete eýe bolan BMG hyzmatdaşlygynyň netijesinde, halkara ulag diplomatiýasy netijeli ösdürilýär. Munuň netijesinde, dünýäniň dürli künjegine uzaýan, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýan halkara awtoulag, howa, deňiz-derýa we demir ýollary gurlup, ulanylmaga berilýär, täze multimodal ulag geçelgeleri döredilýär. Ulag ulgamynda gazanylýan şeýle üstünlikleriň döwründe ulag ugry boýunça Halkara awtomobil baş ýollar hakynda Ýewropa ylalaşygyna goşulmak meýilleşdirilýär. Bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň işi alnyp barylýan sebitde halkara ýol ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Türkmenistan döwletimizde daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelere aýawly çemeleşmek we olary geljek nesillere ýetirmek ugrunda ekologiýa diplomatiýasy alnyp barylýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ekologiýa diplomatiýasy milli we halkara derejesinde uly abraýa eýe boldy. Bu ugurda BMG-niň köp sanly ylalaşyklaryna we konwensiýalaryna goşulan ýurdumyz ýene-de durnukly organiki hapalaýjylar hakynda Stokgolm konwensiýasyna goşulmagy meýilleşdirýär. Ol hem durnukly zäherli maddalaryň – organiki pestisidleriň ulanylmagyny bes etmegi göz öňünde tutýar.
Umuman, häzirki wagtda ýurdumyz köptaraplaýyn halkara resminamalarynyň 152-sine gatnaşýar. Şolaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary tarapyndan kabul edilen Konwensiýalaryň 133-si bar. Türkmenistan döwletimiziň goşulyşýan halkara şertnamalarynyň üstüniň yzygiderli ýetirilmegi, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrar.
Halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasyna laýyk gelýär. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda dekabr aýynda türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan halkara maslahatyň geçirilmegi hem-de ýurdumyzyň halkara konwensiýalarynyň birnäçesine goşulmagy, şu ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylmagynyň uly üstünliklere beslenjekdiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ogulnyýaz BABAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.