Oba hojalyk toplumyny geljekde dünýäniň öňdebaryjy innowasion ýörelgeleri esasynda ösdürmek boýunça soňky ýyllarda ýurdumyzda birnäçe kanuny çeşmeler kabul edildi. Olaryň esasylarynyň biri hem 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Oba hojalyk toplumynyň pudaklarynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakyndaky çykaran karary bolup durýar. Kararda toplumyň düzümleýin pudaklaryny bazar ykdysady gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek baradaky kadalaşdyryjy kanuny çeşmeleri kämilleşdirmek barada teklipler orta atyldy we olary gaýragoýulmasyz tertipde ýerine ýetirilmek meselesi boldy. Bu bolsa geljekde, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň pudaklarynda eýeçiligiň, işleri gurnamagyň we dolandyrmagyň köpgörnüşli häsiýetinde önüm öndürmek we beýleki işleri ýerine ýetirmek meselesi boldy.

Şeý­le­lik­de, önüm­çi­lik gat­na­şy­gyn­da çy­kyş ed­ýän esa­sy we do­la­ny­şyk se­riş­de­le­ri bi­len bir ha­tar­da, ýe­ri hem 99 ýyl möh­let bi­len kä­ren­dä­niň li­zing gat­na­şy­gy esa­syn­da, ýag­ny so­ňun­dan ýe­ri we beý­le­ki önüm­çi­lik se­riş­de­le­ri bel­li bir de­re­je­de hu­su­sy­laş­dyr­mak me­se­le­si göz öňü­ne tu­tul­dy.

Uzak möh­let­le­ýin kä­ren­de­si­ne be­ril­jek ýer­le­riň 70% möç­be­rin­de döw­let bu­ýur­ma­sy esa­syn­da, ýag­ny döw­le­te ge­rek önü­mi ön­dür­mek we döw­le­tiň kes­git­le­nen çäk­li sa­tyn alyş ba­ha­sy bo­ýun­ça pag­ta­ny, bug­da­ýy hem-de döw­let bu­ýur­ma­sy­na gir­ýän beý­le­ki ze­rur önüm­le­ri ön­dü­rip, döw­le­te sat­mak (tab­şyr­mak) we­zi­pe bor­jy kes­git­len­di.

Kä­ren­de­si­ne be­ril­jek ýe­riň ga­lan 30% möç­be­rin­de ýe­riň, su­wuň ag­ro­teh­ni­ka, gid­ro­me­lo­ra­si­ýa, eko­lo­gi­ýa we beý­le­ki iş­le­ri dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy yl­my tag­ly­mat­la­ry we tej­ri­be­le­ri esa­syn­da, ekin do­lany­şy­gy­ny ýo­la go­ýup, ön­dü­ril­jek önü­miň gör­nü­şi­ni saý­lap-se­çip al­mak, ola­ry ýer­le­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ba­ha­ny, ba­zar şert­le­ri esa­syn­da kes­git­le­mek müm­kin­çi­li­gi, önüm ön­dü­ri­ji­le­riň özü­ne, do­ly de­re­je­de yg­ty­ýar be­ril­di.

On­dan da­şa­ry kä­ren­de­si­ne al­nan ýe­riň 70%-de döw­let bu­ýur­ma­sy esa­syn­da önüm ön­dür­mek bo­ýun­ça bag­la­şy­lan şert­na­ma­dan ar­tyk ön­dü­ri­len önü­miň möç­be­ri­ni ola­ryň özü­ne, is­län hy­ry­da­ry­na (müş­de­ri­si­ne), yla­la­şy­lan ba­zar ba­ha­la­ry bo­ýun­ça sat­ma­ga (ýer­leş­dir­mä­ge), yg­ty­ýar be­ril­di. Ha­çan­da, önüm ön­dü­ri­ji­ler, ýag­ny kä­ren­de­çi­ler, şert­na­ma­da bel­le­ni­len möç­ber­den ar­tyk ön­dü­ren önü­mi­ni ýer­leş­di­rip bil­me­dik ha­la­tyn­da, on­da ony döw­le­tiň özü­ne, döw­le­tiň çäk­li sa­tyn alyş ba­ha­sy bo­ýun­ça ony sat­mak we sa­tyn al­mak bo­ýun­ça ta­rap­lar üçin hu­kuk, borç kes­git­len­di.

Kä­ren­de­çi­le­re beý­le giň möç­ber­li müm­kin­çi­lik­le­riň be­ril­me­gi­niň düýp ma­ny-maz­mu­ny ýa-da öze­ni ýö­ne ýer­den däl. Se­bä­bi ýur­duň ila­ty­nyň 70-80%-i oba ýer­le­rin­de ýa­şa­mak bi­len ola­ryň gel­jek­de maş­ga­la ho­ja­ly­gy­ny döredip, do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça, gel­jek­de hiç bir mad­dy-mo­ral taýdan mä­täç­lik çek­män ýa­şa­magy ola­ryň gö­nü­den-gö­ni özü­ne bag­ly bo­lup dur­ýan­ly­gy­ny, döw­let hem özü­ne ýük­le­nen hu­kuk­la­ry, borç­la­ry we jo­gap­kär­çi­lik­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi ba­ra­da­ky tas­syk­laý­jy de­lil­na­ma bol­dy. Bu bol­sa ba­zar gat­na­şyk­la­ry döw­rün­de döw­le­tiň öňe sür­ýän, oba ho­ja­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň ma­ny-maz­mu­ny bol­ýar.

Oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da hem, hu­su­sy eýe­çi­li­giň ha­sa­by­na önüm­çi­li­gi ös­dü­rip, ba­zar yk­dy­sa­dy gat­na­şy­gy­na, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da, bas­gan­çak­la­ýyn ýa-da tap­gyr­la­ýyn geç­me­giň türk­men döw­le­ti­niň mil­li ýö­rel­ge­si­niň öze­ni (mo­de­li) di­ýip aýt­sak, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da öte geç­di­gi­miz bol­maz.

Beý­le öň­de­ba­ry­jy usu­la ge­çiş döw­rün­de, çy­kyş ed­ýän ta­rap­la­ryň hiç bi­ri­niň, şol bir san­da döw­le­tiň özü­niň hem hu­kuk­la­ry­ çäk­len­di­ril­män, ho­ja­lyk işi­ni gur­na­ma­gyň we do­lan­dyr­ma­gyň hä­zir­ki dö­wür bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, düýp­gö­ter tä­ze bir, baş­ga gör­nü­şi­ne, ýag­ny ba­zar yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­giň ýö­rel­ge­si di­ýip, at­lan­dy­ryp bo­lar.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­dumyz­da he­re­ket ed­ýän top­lum­la­ýyn pu­dak­la­ryň äh­li­si­niň dü­zü­min­de di­ýen ýa­ly, önüm ön­dür­mek, gaý­ta­dan iş­le­mek we beý­le­ki iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek me­se­le­si, bel­li bir de­re­je­de, ba­zar gat­na­şyk­la­ryň şert­li ta­lap­la­ry esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýan­ly­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ony hem hu­su­sy te­le­ke­çi­li­gi giň­den çe­kip, ola­ry mad­dy-mo­ral jä­het­den gol­dap, de­giş­li mas­la­hat­la­ry we tek­lip­le­ri be­rip, alyp ba­ryl­ýan­ly­gy­dyr. Edil şeý­le jä­het­den ugur al­nyp, Halk Mas­la­ha­tyn­da oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň önüm­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny hem tap­gyr­la­ýyn tertipde ba­zar şer­ti­ne ge­çir­mek ba­ra­da-da tek­lip edil­di.

Oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny tap­gyr­la­ýyn hä­si­ýet­de hu­su­sy eýe­çi­li­ge ge­çir­mek we ola­ry gol­da­mak bo­ýun­ça 2013-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan Oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň önüm­çi­li­gi­ni ös­dür­mek we gol­da­mak bo­ýun­ça 10 ýyl möh­let bi­len ýyl­lyk 1% (öň hiç ha­çan bol­ma­dyk gi­rew­siz) karz ber­mek we “Döw­let eýe­çi­li­gi­ni hu­su­sy­laş­dyr­mak” ba­ra­da ka­nu­ny çeş­me­ler ka­bul edil­di. Şu taý­da ýe­ne-de bir za­dy bel­le­me­gi­miz ge­rek, Halk Mas­la­ha­tyn­da ýer­le­ri uzak möh­let­le­ýin kä­ren­de­si­ne ber­mek ba­ra­da­ky ka­bul eden ka­ra­ryň düýp ma­ny-maz­mu­ny hem gel­jek­de döw­let eýe­çi­li­gi­ne de­giş­li esa­sy se­riş­de­le­ri hu­su­sy­laş­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, önüm­çi­lik ni­ýet­le­ri üçin bel­le­ni­len ýer­le­ri, örü­le­ri we beý­le­ki döw­let eýe­çi­li­gi­ne de­giş­li se­riş­de­le­ri hu­su­sy­laş­dyr­ma­gyň me­ýil­leş­di­ril­ýän­li­gi­dir.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek ba­ra­da ed­ýän ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, döw­let ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýän amat­ly şert­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ar­ka­ly önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­mi­ziň ýe­ne-de san­ly­ja ýyl­dan ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň möç­be­ri­ni has-da art­dyr­jak­dyk­la­ry­na tüýs ýü­rek­den ynan­ýa­rys.

Ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ril­me­gi­ne we ýo­ka­ry hil­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­mi­ziň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­be­ri­ni has-da art­dyr­mak­ly­ga uly müm­kin­çi­lik dö­re­dil­ýär.

Biz ata Wa­ta­ny­my­zyň kuw­wat­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek­de, ila­ty­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da uly tu­tum­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, be­lent tu­tum­ly iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris!

Hüseýin ŞA­ÝY­MOW,

Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň

uly mu­gal­lymy.