Türkmeniň milli aý-gün senenamasy
Hä­zir ýur­du­myz­da gyş pas­ly do­wam ed­ýär. Türk­men hal­ky­nyň aý-gün se­ne­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Uly çil­le­den soň Ki­çi çil­le baş­lan­ýar. Bu dö­wür Üç­ýyl­dy­zyň il­kag­şam dog­ýan (ýan­war aýy­nyň 17-si) ýa-da Ýal­dy­rak ýyl­dy­zy­nyň daň­dan­lar ýaş­ýan wag­ty bi­len Ki­çi Kö­pek ýyl­dyz­lar to­pa­ry­nyň Pro­si­on ýyl­dy­zy­nyň ag­şam dog­ýan (few­ral aýy­nyň 5-i) wagt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky dö­wür­dir. Haý­sy mü­çe ýy­lyn­da gel­ýän­li­gi­ne ga­ra­maz­dan, Ki­çi çil­le ço­pan­dyr ço­luk­la­ryň hy­syr­dy­sy­ny art­dyr­ýar. Ho­wa, köp­lenç, so­wuk we gar­ly bol­ýar. Ot-çöp­le­riň üs­tü­ni gar bas­ýar, oba ýer­le­rin­de-de mal­la­ra se­ret­mek işi kyn­laş­ýar. Şu ýer­de türk­men­le­riň ara­syn­da: “Ki­çi çil­le­de ba­lam bol­saň dam­ma, Uly çil­le­de ga­nam bol­saň diň­me” di­ýip aý­dy­lan pä­hi­miň jaý­dar dü­şen­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär­siň. Umu­man ala­nyň­da bol­sa, çar­wa hal­ky Ki­çi çil­lä­niň çalt­rak ge­çe­ri­ni, zy­ýan­syz sow­la­ny­ny kem gör­me­ýär. Se­bä­bi, bu dö­wür­de çar­wa­la­ryň ýe­lin aýy (ene do­war­la­ryň ýaz­lag­da sa­gyl­ýan döw­ri) baş­lan­ýar, ow­lak-gu­zu­lar se­çil­ýär. Meý­dan­da­ky hor­tap mal­la­ryň ýag­da­ýy kyn­laş­ýar. Ço­pan­lar­dan “Do­ku­zyň üçe ýet­ýär­mi?” di­ýip so­ra­ber­me­li­dir, bu sö­züň aňy­r­syn­da uly ma­ny ýa­tyr, do­ku­zyň üçe ýet­ýär­mi di­ýil­me­gi­niň özi hem ýaz, to­mus, güýz pas­ly­nyň aý­la­ry je­mi do­kuz aý bo­lup, şol dö­wür­dä­ki ot-iým äti­ýaç­ly­gyň, gyş pas­ly­nyň üç aýy­na ýet­ýär­mi di­ýen ma­ny­syn­da dü­şün­di­ril­ýär. Ha­wa, Ki­çi çil­le er­bet ge­len­de, onuň oý­ny ýe­ser bol­ýar. Söz us­sa­dy­myz be­ýik Mag­tym­gu­ly Pyragy hem “Çil­le do­lup, dag­lar gyş­dan aý­ryl­sa” di­ýip, ýö­ne­li­ge ýaz­ma­dyk bol­sa ge­rek.

Si­ziň bil­şi­ňiz ýa­ly, Uly çil­le gy­şyň ör­kü­ji ha­sap­lan­ýar we bu dö­wür­de so­wuk­lyk pes­räk bol­ýar. Ýa­şu­ly adam­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, gyş ümür­li gel­se, ho­wa ma­ýyl bol­ýar, mal-ga­ra üçi­nem, meý­dan iş­le­ri­ni ge­çir­mek üçi­nem amat­ly bol­ýar. Gyş pas­ly­nyň çil­le döw­ri ba­ra­da şa­hyr Ata Gur­ba­now “Ýyl ha­sap­lan­ýar” di­ýen goş­gu­syn­da şeý­le tes­wir­le­ýär:

Ýan­wa­ryň ba­şyn­da çil­le mi­ze­mez,

“Çil­le­de suw içen üzüm suw­sa­maz”

Halk na­ky­ly ýat­la­ma­gym kem bol­maz

Atyz­da doň­dur­lan buz ha­sap­lan­ýar.

Ki­çi çil­le ba­ry-ýo­gy 20 gün do­wam et­se-de, mal­jan­ly adam­la­ryň hy­syr­dy­sy­ny art­dyr­ýar. Bu ýag­daý öri meý­dan­lar­da has-da çyl­şy­rym­ly. Ot-çöp­le­riň üs­tü­ni gar bas­ýar, oba ýer­le­rin­de ot-iým, be­de, sa­man ýa­ly zat­la­ryň äti­ýaç­ly­gy ahyr­la­ýar. Do­war­la­ry goş­ma­ça iý­mit­len­dir­me­li bol­ýar. Yn­ha şu ýer­de-de Uly çil­lä­niň ini­si­ne: “Git-de, so­wuk­lyk dö­ret, öz bor­ju­ňy ber­jaý et” di­ýen sar­gy­dy ýe­ri­ne düş­ýär-de du­ru­ber­ýär. Uly çil­lä­niň beý­le diý­me­gi aşak­da­ky ma­ny­ny ber­ýär. “Adam­lar, ha­bar­dar bo­luň, Uly çil­le geç­di di­ýip ar­ka­ýyn­lan­maň, me­niň yzym­dan inim Sa­ry, ýag­ny Ki­çi çil­le-de gel­ýän­dir”. Dog­ru­da­nam, çar­wa adam­lar bu döw­ri ha­la­ma­ýar­lar, se­bä­bi di­ýe­niň­de, şat­la­ma aýaz­lar we gar­ly ho­wa­lar do­war­la­ryň örü­si­ni da­rald­ýar, ola­ry el­den iý­mit­len­dir­me­li bol­ýar. Ýö­ne ýan­war – few­ral aý­la­ryn­da aram-aram ma­ýyl ho­wa­la­ram bo­lýar. Beý­le ho­wa köp­lenç bir­ki gi­je-gün­di­ziň için­de bo­lup geç­ýär. Er­ti­ri­ne şe­mal­syz-zat­syz ýy­ly ho­wa +8…+10°C ba­ran­dyr. Soň­ra bir­den to­zan­ly tu­pan tu­rup, bir­de­nem tem­pe­ra­tu­ra üzül-ke­sil pe­sel­ýär we ag­şa­ma­ra­lar ýa­gyş ýa­gyp baş­la­ýar. Şol ýa­gyş hem, gi­jä­niň bir wag­ty yzy­ny ga­ra tut­dy­ryp, er­ti­re go­laý -10…-15°C so­wuk bol­ýar. Şeý­le­lik bi­len, ýur­du­my­zyň gü­nor­ta et­rap­la­ry­nyň ila­ty bir gi­je-gün­di­ziň için­de bir­ba­da ýy­lyň dört pas­ly­nyň ho­wa­sy­na döz gel­me­li bol­ýar.

Şo­nuň ýa­ly aň­zak­ly so­wuk 1967-nji ýy­lyň few­ral aýy­nyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da bo­lup­dyr. Ýur­du­my­zyň en­çe­me et­rap­la­ry şol ýyl tu­tuş ga­ra ba­sy­ry­lypdyr, ga­ryň ga­lyň­ly­gy 15-20 san­ti­met­re ýet­ipdi. 1969-njy we 1972-nji ýyl­la­ryň tu­tuş few­ral aý­la­ry hem şo­nuň ýa­ly aň­zak so­wuk­ly­gy­dyr ga­lyň gar­ly­gy bi­len tapa­wut­la­nyp­dyr. Şol ga­zap­ly gyş­da nar, in­jir, üzüm ýa­ly ýy­ly­ly­gy söý­ýän mi­we­li we ir-iý­miş­li agaç­la­ry tu­tuş­la­ýyn so­wuk urup­dyr, mal­dar­çy­ly­ga uly zy­ýan ýe­ti­ri­lip­dir.

Gü­nüň uzal­ma­gy bi­len ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­sin­de-de öz­ge­riş­lik­ler ge­çip baş­la­ýar. En­tek ola­ryň kö­pü­si gy­şyň dynç­lyk ýag­da­ýyn­da bol­sa-da kä­bir­le­ri sä­hel ho­wa maý­la­dy­gy jan­la­nyp baş­la­ýar­lar. Mer­ke­zi Kö­pet­da­gyň ge­riş­le­rin­de, de­mir­ga­zyk ýap­gyt­la­ryn­da gar gö­rün­ýän bol­sa-da, bi­raz aşag­rak­da, de­re­le­riň gü­neý ýap­gyt­la­ryn­da maý­da ot­lar gül­le­ýär. Ola­ryň owa­dan sa­ry gül­le­ri ýap­rak­la­ryn­dan has öňür­ti peý­da bol­ýar. Dag etek düz­lük­le­rin­de bol­sa dä­li­gö­je­le gül­le­ýär, ýaz so­ga­ny sa­ry­ja gül­le­ri­ni gü­ne ço­ýu­şyp otur­ýar.

Ho­wa­nyň oňat ýag­da­ýyn­da ýaz­ky me­ýdan iş­le­ri­ne taý­ýar­lyk gör­lüp baş­lan­ýar. Ki­çi çil­lä­niň ahy­ryn­da ir­ki ýaz­lyk bug­daý we ar­pa eki­lip ug­ral­ýar. Te­bi­ga­ty sö­ýü­ji­ler, bag­ban­lar en­tek agaç­lar­da şi­re­le­riň he­re­ke­ti baş­la­man­ka agaç na­hal­la­ry­ny otur­dyp ug­ra­ýar­lar, ýer ag­dar­ýar­lar, ders dök­ýär­ler. Kö­ne agaç­la­ryň şa­ha­la­ry­ny seý­rek­led­ýär­ler, ti­mar ber­ýär­ler, tä­ze mi­we­li agaç­la­ryň na­ha­lla­ry­ny oturd­ýar­lar. Bu dö­wür­de mi­we­li agaç­la­ryň düýp­le­ri agar­dyl­ýar we agaç­la­ra zä­her­li hi­mi­kat­lar pür­kül­ýär. Agaç­lar­da gyş­lan her hi­li zy­ýan­ly mör-mö­jek­ler ýok edil­ýär. So­wuk ho­wa­la­ryň yzy­na öw­rü­lip ge­läý­me­gin­den ägä bol­mak mak­sa­dy bi­len, esa­san-da, mi­we­li we ir-iý­miş­li agaç­la­ryň gül­län wag­tyn­da, ýer­ler ha­pa-ha­şal ot­lar­dan aras­sa­la­nyp, tüs­se et­mek üçin üý­şü­ri­lip go­ýul­ýar. Go­wa­ça, bak­ja we gök ekin ekil­jek ýer­ler­de ýu­wuş su­wy, soň­ra tagt su­wy tu­tul­ýar, mah­la­sy, gel­jek­ki ha­syl üçin ýer­ler taý­ýar­la­nyp go­ýul­ýar.

Ene­sol­tan GUR­BAN­DUR­DY­ÝE­WA,

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let

uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.