Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar. Sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilmegi, sanly tehnologiýalaryň ykdysady işe ýokary derejede aralaşmagy bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen, dünýäniň bazar giňişliginde ýurduň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti halk hojalygynyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrmak milli Liderimiziň baştutanlygynda şu ýylyň 10-njy ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýene-de bir gezek ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda pudagara toparyny döretmek hakynda çözgütler kabul edildi. Elektron söwda we internet-dükanlaryň döredilmegi babatda degişli hasabatlar bilen çykyş edildi.
Sanly ulgamy söwda pudagynda hem giňden ulanmak babatda degişli işler ýola goýuldy. Bu ugurda ilata edilýän söwda hyzmatlaryny döwrebap derejede kämilleşdirmek, şol sanda internet-dükanlarynyň işini ýola goýmak arkaly “Harytlary uzaklykdan satmagyň Düzgünleriniň” taslamasy taýýarlanyldy. Bölek söwda ulgamynda internet-dükanlaryň hereket etmegi ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlige ukyply bazar gatnaşyklaryny kemala getirmäge oňyn täsirini ýetirer.
Elektron söwda hem satyja hem-de müşderä uly artykmaçlar getirer. Elektron söwdada söwda hyzmatlary dürli alyş-satyş söwdalaryny guramaga ähli şertler döreder. Elektron söwda meýdanynda harytlar bada-bat maglumatlar giňişligine düşýär. Şeýle hem elektron söwda ulgamy degişli ugur boýunça işleriň, hyzmatlaryň netijesini, bahasyny deňeşdirmäge, gerekli harytlary, hyzmatlary dogry saýlamaga mümkinçilik döreder. Gyzyklanylýan söwdalary tiz gözläp, tapyp bolar. Iş ýeriňden çykman dünýäniň islendik nokadyndaky söwdalara gatnaşmaga mümkinçilik berer.
Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, elektron söwda köp babatda uly mümkinçiliklere eýe ulgamdyr. Bu ulgamyň dünýä tejribesi hem 1960-1970-nji ýyllara baryp ýetýär. 1979-njy ýylda Maýkl Oldriç ilkinjileriň hatarynda onlaýn-söwda ulgamyny birinji gezek tanyşdyran hem bolsa, internet ulgamynyň giňden aralaşmagy bilen soňky ýyllarda elektron söwda bazary has-da giňäp, sarp edilýän harytlaryň bazarynda onuň möçberi dünýäde 1 trillion dollardan hem geçdi. Elektron söwda ulgamy häzirki zaman ykdysadyýetiniň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Sarp edijileriň agramly bölegi özüne gerekli bolan harytlary internet ulgamy arkaly satyn alýarlar. Ýewropada elektron söwda görkezijisi 312 milliard dollardan geçdi. ABŞ-da ilatyň umumy çykdajylarynyň 10,3 göterimi elektron söwda bilen baglanyşykly bolup durýar. Mundan başga-da, ABŞ-nyň ilatynyň 60 göterimden gowragy söwda amallaryny internet arkaly amala aşyrýarlar. Elektron söwda bazarynda Beýik Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa we Russiýa ýaly ýurtlar hem öňdeligi eýeleýärler. Häzirki wagtda ABŞ-daky “Amazon.com” we Hytaýdaky “Alibaba Group” kompaniýalarynyň elektron söwda bazarynda dünýäniň iň iri hem-de uly girdeji gazanýan kompaniýalarynyň hataryna goşulandygyny hem bellemek gerek.
Dünýä ykdysadyýetiniň gazananlaryndan birjik-de kem galmaýan biziň ýurdumyzda hem sanly ykdysadyýet ulgamy barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksatnamalaýyn esaslary goýlup, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem hususy telekeçiler tarapyndan tapgyrlaýyn esasda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işi giň gerimde dowam edýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi işewürlik we özbaşdak işi amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen, ýurtda iş bilen üpjünçiligiň derejesiniň ýokarlanmagyna, täze görnüşli iş orunlarynyň döremegine, zähmetiň görnüşleriniň we şertleriniň özgermegine hem oňyn täsirini ýetirýär.
Şeýlelikde, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşmagyny, onuň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyň düýpli ýokarlandyrylmagyny hem-de milli ykdysadyýetimiziň ösüşiň täze innowasion tapgyryna geçirilmegini üpjün eder.
Maýa MIŞEKOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.