2020-nji ýyl­da çig ne­bi­tiň ýer­le­ni­şi­niň we sarp edi­li­şi­niň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki muk­da­ry has-da ar­tar. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň Ener­gi­ýa mag­lu­mat­la­ry mü­dir­li­gi (EIA) mä­lim et­di. Mü­dir­li­giň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, 2020-nji ýyl­da ne­bi­tiň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ýer­le­ni­lişi gün­de 1,6 mil­li­on bar­re­le, dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki sarp edi­li­şi bolsa, 1,3 mil­li­on bar­re­le deň bo­lup, bu ýag­daý dün­ýä­niň ne­bit ätiýaçlyklarynyň her gün­de 300 müň bar­re­le çen­li art­ma­gy­na se­bäp bo­lar. Ener­gi­ýa mag­lu­mat­la­ry mü­dir­li­gi­niň be­ýa­na­ty­na gö­rä, 2020-nji ýyl­da ne­bit ýer­le­me­giň ösü­şi bo­ýun­ça Ne­bit eks­port edi­ji ýurt­la­ryň gu­ra­ma­sy­nyň (OPEK) ag­za­sy bol­ma­dyk ýurt­lar, esa­san hem, ABŞ, Nor­we­gi­ýa, Bra­zi­li­ýa we Ka­na­da li­der­lik eder­ler. Mü­dir­li­giň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk we ösüş gu­ra­ma­sy­na (OECD) gir­me­ýän ýurt­lar, esa­san hem, Hy­taý we Hin­dis­tan ne­bi­te bo­lan is­le­giň art­ma­gy­na iter­gi be­rer­ler.