– Baý­ram aga, yk­ba­ly­ňy­zy teatr dur­mu­şy bi­len bag­la­nyş­dyr­mak, ar­tist bol­mak ar­zu­wy siz­de ha­çan we nä­hi­li ýag­daý­da peý­da bol­dy?

– Bä­her­den et­ra­by­nyň Ak­de­pe ge­ňeş­li­gi­n­de ýer­leş­ýän or­ta mek­dep­de oka­ýar­kam, esa­san ede­bi­ýat sa­pa­gy­na ýyk­gyn ed­ýär­dim. Ýö­ne me­niň ka­kam soň­ra ar­tist bo­lup ýe­ti­şen ha­ly­pa­lar Ata­my­rat Bek­my­ra­dow, Ka­ka­baý Dur­dy­ýew, So­na we Su­raý My­ra­do­wa­lar bi­len bile Aş­ga­bat­da­ky ozal­ky Mu­gal­lym­la­ry taý­ýar­la­ýan mek­dep­de okap­dyr­lar. Şo­nuň üçin, ol ha­ly­pa­lar Bä­her­den ili­ne düş­se­ler, bi­ziň öýü­mi­ze so­wul­man geç­mez­di­ler. Bir gü­nem oba­my­za ha­ly­pa ar­tist­ler Aman Gul­mäm­me­dow bi­len Ba­zar Ama­now dra­ma­turg Gu­se­ýin Muh­ta­ro­wyň “30-njy ýyl­lar” at­ly sah­na oý­nu­ny gör­kez­mä­ge gel­di­ler. Şol sahnalaryň mende täsiri diýseň uly boldy. Şon­da me­ni­ňem şo­la­r ýaly artist bolmak höwesi döredi. As­lyn­da ba­bam Sü­leý­man aganyň du­tar­da saz ça­lyp, aý­dym aýt­mak­dan ba­şy çy­kyp­dyr. Ol aý­dym-saz bi­len oba­daş­la­ry­na he­zil be­rer eken. Me­ge­rem, şol wa­ka­lar me­niň ar­tist bo­lup ýe­tiş­me­gi­me, yk­ba­ly­my teatr sun­ga­ty­na bag­la­ma­gy­ma se­bäp bo­lan­dyr. Men or­ta mek­de­bi ta­mam­lap, 1962-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da­ky Ga­ra Se­ýit­li­ýew adyn­da­ky ozal­ky me­de­ni aň-bi­lim teh­ni­ku­my­nyň akt­ýor­çy­lyk bö­lü­mi­ne res­mi­na­ma­la­ry­my tab­şy­ryp, döw­let sy­nag­la­ry­ndan üs­tün­lik­li geçip, okap baş­la­dym.

– Şu pur­sat­da ta­lyp­lyk ýyl­la­ry­ňy­zy ýat­la­mak siziň üçin ýa­kym­ly bol­sa ge­rek.

– Teh­ni­kum­da to­pa­ry­my­za mu­gal­lym Öwez­dur­dy Ga­ra­ýew akt­ýor us­sat­ly­gyn­dan tä­lim be­rer­di. Şeý­le-de tej­ri­be­li mu­gal­lym Ro­za Na­za­ro­wa akt­ýor­çy­ly­gyň in­çe til­sim­le­ri­ni öw­re­dip­di­ler. Ta­lyp döw­rü­miz biz to­pa­ry­myz bo­lup “30-njy ýyl­lar” at­ly sah­na oý­nu­ny sah­na­laş­dyr­dyk. Bu sah­na oý­nun­da ma­ňa Çer­kez at­ly gah­ry­ma­nyň keş­bi­ni ynan­dy­lar. Biz bu ese­riň üs­ti bi­len syn­çy ag­za­la­ry­na bu ýer­de alan bi­lim­le­ri­mi­zi özü­mi­ze oňat or­naş­dy­ran­dy­gy­my­zy su­but edip bil­dik. 1965-nji ýyl­da oku­wy ta­mam­lam­soň me­ni ha­ly­pa ar­tist Aman Gul­mäm­me­dow ozal­ky Mol­la­ne­pes adyn­da­ky türk­men döw­let aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­na işe ça­gyr­dy. Bu ýer­de bir ýy­la go­laý iş­lä­nim­den soň, men harby gul­lu­gy­na git­dim. Gul­luk­dan ge­lem­soň, 1968-nji ýyl­da ýe­ne-de ozal­ky zäh­met çe­ken te­at­rym­da işe baş­la­dym.

– Baý­ram aga, ýaş hü­när­men hök­mün­de te­at­ryň sah­na­syn­da il­kin­ji dö­re­den keş­bi­ňiz ba­ra­da aý­daý­sa­ňyz?

– Il­kin­ji dö­re­den keş­bim “Ene Ku­ly­ýe­wa” spek­tak­lyn­da­ky Ne­pe­siň keş­bi bol­dy. Şol keş­bi jan­lan­dy­ra­nym­dan soň, te­at­ryň re­žiss­ýor­la­ry­nyň gö­zü­ne ilip baş­la­dym. Soň­ky dö­re­den keşp­le­ri­miň­den hem esa­sy­rak­la­ry­ny ag­zap ge­çä­ýe­ýin. Olar­dan ýa­zy­jy, dra­ma­turg Tow­şan Ese­no­wa­nyň eser­le­ri – “Se­niň yş­kyň­da” Hu­daý­na­za­ryň, “Ge­lin gel­ýär­de” Gur­duň, ha­ly­pa ar­tist, dra­ma­turg Ba­zar Ama­no­wyň – “Keý­mir Kö­rün­de” il­ki Aý­ly Ba­ty­ryň, soň-soň­lar Çap­raz Ha­nyň keşp­le­ri, “Ke­mi­ne­de” Küle söw­da­gäriň, “Ro­wa­na­da” My­ra­dyň, “Der­ňew­çi­de” pro­fes­so­ryň, “Yk­bal” po­wes­tin­de Aman­my­rat da­ýy­nyň, “Söý­gi” ro­ma­nyn­da il­ki Be­gen­jiň, soň-soň­lar Ýel­li Ha­nyň, “Ja­dy­ly na­gyş­lar­da” So­lo­ryň, “Ýe­diň ene­sin­de” Ke­ma­lyň, “To­ýuň to­pa­la­gyn­da” Ber­di­niň, “Be­laň kö­rü­gi ilik” sah­na oý­nun­da Meý­li­siň, “Per­wa­na­da” ýa­şu­ly­nyň keşp­le­ri teatr muş­dak­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan gyzgyn garşylandy.

– Ha­ly­pa hök­mün­de ýaş ar­tist­le­re ber­jek mas­la­ha­ty­ňyz, he­mem şä­girt­le­ri­ňiz bi­le­nem ta­nyş­dy­raý­sa­ňyz?

– Me­niň, ýaş­la­ra ber­jek mas­la­ha­tym, köp­räk çe­per eser­le­ri oka­syn­lar. Köp­çü­lik­de özü­ňi nä­hi­li alyp bar­ma­lydygyny öwrensinler. Men-men­likden gaça dursunlar. Köp­räk spek­takl­la­ra, ki­no­film­le­re to­ma­şa et­me­li. Ha­ly­pa ar­tist­ler­den gö­rel­de al­ma­ly. Ýur­du­myz­da geçirilýän teatr fes­ti­wal­la­ry­na gat­naş­ma­ly, beýleki döw­let­le­riň spek­takl­la­ry­ny gör­me­li we olardan özü­ňe ge­rek zat­la­ry al­ma­ly. Sun­gat­da bi­rek-bi­rek­den öw­re­nip dur­ma­ly. Mu­nuň ýaş ar­tist­le­ri­mi­ze tej­ri­be top­la­mak­da kö­me­gi örän ulu­dyr. Re­žiss­ýor keşp jan­lan­dyr­ma­gy ynan­sa, şol keş­biň di­ňe söz­le­ri­ni ýat tu­tup, sah­na çy­kaý­ma­ly däl. Şol keş­bi hem­meta­rap­la­ýyn öw­ren­me­li. Şo­ny süň­ňü­ňe or­naş­dyr­ma­ly. Şol keşp bi­len sah­na­da ýa­şa­ma­ly. Gel­di-ge­çer­li­ge ýol ber­me­li däl. Eger-de sen öz dö­red­ýän keş­bi­ňe özüň ýü­rek­den ynan­ma­saň, zal­da otu­ran to­ma­şa­çy­lary ynan­dy­ryp bil­mer­siň. Jo­gap­kär­çi­lik duý­ma­ly.

Şä­girt­lerim ba­ra­da aýt­sam, te­at­ry­my­zyň ar­tist­le­ri­niň deň ýa­ry­sy me­niň şä­girt­le­rim diý­se­mem bol­jak. Kä­bir­le­ri­ni ýat­la­ma­ly bol­sa, Aşyr Ýem­şi­kow, Aşyr Işan­gu­ly­ýew, Sa­ry Sa­ry­ýew, Döw­ran Ho­ja­gel­di­ýew, Mak­sat Hy­dy­row, Gül­şat Ta­hy­ro­wa da­gy­nyň at­la­ry­ny tu­ta­ýyn. Şu­la­ryň hem­me­si hem kä­ri­ni söý­üp, işine ýü­rek bi­len ýa­py­şyp ab­raý ga­zan­dy­lar. Äh­li­si hem sah­na us­sa­dy bo­lup ýe­tiş­di­ler.

– Si­ziň üçin sah­na­da keşp jan­lan­dyr­mak ýe­ňil­mi ýa-da ki­no­da?

– Bu­la­ryň iki­sem ar­tist­den ýi­ti ze­hi­ni, ukyp-ba­şar­jaň­ly­gy ta­lap ed­ýän sun­gat. El­bet­de, sah­na bi­len ki­no­nyň ta­pa­wu­dy ýer bi­len gök ýa­ly. Sah­na­da wa­ka bir, bir ýa­rym sa­ga­dyň do­wa­myn­da ge­çip gid­ýär. Şon­da nä­hi­li gud­ra­tyň bol­sa gör­ke­zi­ber. Çünki spek­takl­lar bir­nä­çe aýyň do­wa­myn­da taý­ýar­la­nyl­ýar. Bu ge­zek ýal­ňyş­dyň­my, in­di­ki ge­zek­de şo­ny dü­ze­dip bol­ýar.

Em­ma ki­no­da, bi­rin­ji­den-ä, kadr­lar bö­lek-bö­lek alyn­ýar, yzy­gi­der­li alyn­ma­ýar. On­so­ňam bir düş­düň­mi, soň ony tä­ze­le­jek güma­nyň ýok. Söz­le­ri­ni aý­daň­da sä­gi­näý­seň ki­no­da gap­dal­dan sa­ňa ýat­la­dyp bil­ýär­ler, se­bä­bi, ag­la­ba ses soň tä­ze­den ýa­zyl­ýar. Bu sun­gat­la­ryň iki­sem gy­zyk­ly. Haý­syn­da keşp jan­lan­dyr­sa­ňam esa­sy zat to­ma­şa­çy­ny ynan­dyr­mak.

– Baý­ram aga, siz Oguz­han adyn­da­ky “Türk­men­film” bir­le­şi­gi­niň önü­mi bo­lan “Ömür ker­we­ni” at­ly köp se­ri­ýa­ly çe­per film­de Dur­dy aga­nyň keş­bin­de çy­kyş ed­ýär­si­ňiz. Ki­no sun­ga­ty­na gel­şi­ňiz ba­ra­da-da du­rup ge­çäý­se­ňiz?

– Me­niň ki­no sun­ga­ty­na gel­me­gi­me Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti ki­no­re­žiss­ýor Hal­mäm­met Ka­ka­ba­ýew se­bäp bol­dy. Hal­mäm­met özü­niň “Giz­lin il­çi” at­ly fil­mi­ni su­ra­ta dü­şü­rip baş­lan­dy­gy­ny, şol film­de bol­sa Al­ty at­ly ýaş og­la­nyň keş­bi­ne sy­nag et­jek­di­gi­ni ma­ňa ha­bar ber­di. Men gar­şy bo­lup dur­ma­dym. Şeý­le­lik­de, Al­tyň keş­bi meniň üçin ki­no äle­mi­ne ýol aç­dy otu­ry­ber­di. Şon­dan bä­rem men esa­sy işi­miň da­şyn­dan ki­no­dan daşlaşamok. “Kö­pet­dag­ – es­ger ýi­gi­diň ar­zu­wy” at­ly film­indä­ki Ýal­kyn aganyň keş­bi, “Bag­ta bar­ýan ýol­lar” fil­min­dä­ki Ýal­kap aganyň, “Ül­kä­miň kuw­wat­ly ga­nat­la­ryn­da” Çetil Çar­wa­ýewiň, “Ne­jep og­lan­da” Mag­tymyň, “Ömür ker­we­ni” filminde Dur­dy aga­nyň keşp­lerinde çykyş etdim.

– Gel­jek­de et­jek iş­le­ri­ňiz bi­le­nem ta­nyş­dy­raý­sa­ňyz.

– Hä­zir­ki gü­ne çen­li ma­ňa re­žiss­ýor hök­mün­de ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen “Ene­miň ow­la­gy”, “Tä­ze ýyl ag­şa­my” ýa­ly şow­hun­ly spek­takl­la­ry taý­ýar­la­mak, şo­nuň ýa­ly-da “Ýü­rek ody” at­ly spek­tak­ly tä­ze­den sah­na­da goý­mak ýa­ly iş­ler mi­ýes­ser et­di. Ne­sip bol­sa, 2020-nji ýyl­da-da tä­ze eser­le­riň üs­tün­de iş­läp, öz muş­dak­la­ry­my be­gen­di­re­rin di­ýip ta­ma ed­ýä­rin.

– Si­ze da­şa­ry ýurt­ly akt­ýor­la­ryň haý­sy­sy­nyň dö­re­di­ji­li­gi ýa­kyn?

– Men da­şa­ry ýurt­ly ar­tist­le­riň hem­me­si­niň hem sun­ga­ty­na sar­pa goý­ýan. Ýö­ne şo­la­ryň için­de, esa­sa­n hem hin­di akt­ýor­la­ry Mit­hun Çak­ra­bor­ti­niň, Ami­tabh Baç­ça­nyň akt­ýor­çy­lyk ukyp­la­ry­na meniň sar­pam ha­sam uly. Şo­nuň ýa­ly-da rus­si­ýa­ly Ki­ril Law­ro­wyň dö­re­di­ji­li­gi hem me­niň göw­nüm­den tur­ýar.

– Baý­ram aga, maş­ga­la­ňyz bi­le­nem ta­nyş­dy­raý­sa­ňyz?

– Maş­ga­lam bi­len iki og­ly, dört gy­zy ös­dü­rip ke­ma­la ge­ti­rip, dur­mu­şa atar­dyk. Ola­ryň her haý­sy­sy bir kä­riň ba­şy­ny tu­tup, gö­wün sö­ýen kär­le­rin­de zäh­met çe­kip ýör­ler. Ma­ňa bol­sa og­lan­la­ry­ma, gyz­la­ry­ma, ag­tyk­la­ry­ma gu­wa­naý­mak gal­ýar. Ýe­ri ge­len­de, kör­pe og­lum Ser­da­ryň me­niň kä­ri­mi ýö­red­ýän­li­gi­ni, ýur­du­my­zyň Mol­la­ne­pes adyn­da­ky ta­lyp­lar te­at­ryn­da ses re­žiss­ýo­ry bo­lup iş­le­ýän­di­gi­ni buý­sanç bi­len ha­bar be­re­sim gel­ýär. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, biz me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­ne goý­ýan sar­pa­sy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mize jan sag­lyk, uzak ömür, alyp bar­ýan il bäh­bit­li, ýurt äh­mi­ýet­li iş­le­rin­de ro­waç­lyk­la­ry ar­zuw ed­ýä­rin.

Köp­le­riň ha­ly­pa­sy Baý­ram Ke­ri­mo­wa me­de­ni­ýe­te, sun­ga­ta go­şan go­şant­la­ry­ny na­za­ra alyp, 1992-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti, 2013-nji ýyl­da-da Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti di­ýen hor­mat­ly at­lar da­kyl­dy, bi­ze bol­sa sah­na hem ki­no us­sa­dy Baý­ram Ke­ri­mo­wa dö­re­di­ji­lik üs­tün­li­gi­ni ar­zuw edäý­mek gal­ýar.

Türkmen teatr sungatynyň taryhyna ser salanymyzda, özleriniň tebigy zehinleri bilen halk köpçüliginiň aňynda yz galdyryp giden halypa artistleriňdir režissýorlaryň sarpasy belent tutulýar. Olaryň şägirtleri bu günki günde halypalarynyň kesbi-kärlerini dowam edip, özleri hem halypalyga ýetişdiler. Şeýle halypalaryň biri-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Baýram Kerimowdyr. Golaýda halypa bilen söhbetdeş bolup, onuň durmuş we döredijilik ýoly barada içgin gyzyklandyk.
Söhbetdeş bolan

Ak­my­rat Ho­ja­ber­di­ýew.