Ka­te­ri­na Sa­kel­la­ro­pu­lu Gre­si­ýa­nyň il­kin­ji ze­nan Pre­zi­den­ti bol­dy. Ýur­duň Par­la­men­tin­de oňa 291 we­kil­den 261 we­kil ses ber­di. Ka­te­ri­na Gre­si­ýa­nyň Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­ti­ne – Döw­let Ge­ňe­şi­ne ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Ol 13-nji mart­da we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer. 2015-nji ýy­lyň 13-nji mar­tyn­dan bä­ri bu we­zi­pä­ni Pro­ko­pis Paw­lo­pu­los eýe­läp gel­ýär­di. Gre­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti 5 ýyl­lyk möh­let bi­len saý­lan­ýar. Ýur­dy esa­san, Prem­ýer-mi­nistr do­lan­dyr­ýar.

Wen­gri­ýa kos­mo­sa çyk­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Şu mak­sat bi­len ol “Ros­kos­mos” bi­len yla­la­şyk ga­zan­dy. Me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, ikin­ji wen­ger kos­mo­naw­ty 2024-nji ýyl­da Mer­ke­zi kos­mos be­ke­di­ne uç­ma­ly. Weng­ri­ýa­nyň hö­kü­me­tin­de kos­mos mak­sat­na­ma­la­ry­ny da­şa­ry iş­ler we söw­da mi­nist­ri Pe­ter Si­ýar­to we ýö­ri­te bel­le­nen ko­mis­sar Or­şaý­ýa Fe­rens alyp bar­ýar. Weng­ri­ýa il­kin­ji kos­mo­naw­ty­ny 1980-nji ýyl­da ug­ra­dyp­dy.

ABŞ-nyň Te­has şta­tyn­da­ky Weý­ko şä­he­rin­de ýer­leş­ýän “Mars Wrig­ley” kär­ha­na­syn­da dün­ýä­niň iň uly “Snickers” ba­ton­çi­gi­ni taý­ýar­la­dy­lar. Bu üs­tün­lik bel­li­ge al­nyp, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Ag­ra­my 2,1 ton­na deň bo­lan bu ba­ton­çik 43 müň ada­ty ba­ton­çi­ge ba­ra­bar­dyr. “Mars Wrig­ley” kär­ha­na­sy­nyň iş­gär­le­ri bu ba­ton­çi­gi bir hep­dä­niň do­wa­myn­da taý­ýar­la­dy­lar. Dün­ýä­niň iň uly ba­ton­çi­gi kom­pa­ni­ýa­nyň her bir iş­gä­ri­ne bir bö­le­jik­den ýet­di.

Go­laý­da ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy “Ama­zon” tä­ze­len­ýän ener­gi­ýa bo­ýun­ça il­kin­ji giň ge­rim­li tas­la­ma­sy­ny ýo­la goý­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Kom­pa­ni­ýa Is­pa­ni­ýa­da kuw­wa­ty 149 me­ga­wat­ta deň bo­lan Gün be­ke­di­ni gu­rup, şu ýy­lyň do­wa­myn­da ulan­ma­ga be­rer. Bu tas­la­ma “Ama­zon Web Services”-iň mag­lu­mat­la­ry gaý­ta­dan iş­le­ýän mer­kez­le­ri­ni, şeý­le hem, Ýew­ro­pa­da­ky am­mar­lar ul­ga­my­ny ener­gi­ýa bi­len üp­jün eder.

Ýan­war aýy­nyň ba­şyn­da ber­len mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Fran­si­ýa­nyň ila­ty 67,06 mil­li­on ada­ma ýe­tip, bu san ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 0,3 gö­te­rim köp­dür. Bu ba­ra­da ýur­duň sta­tis­ti­ka we yk­dy­sa­dy­ýet ba­ra­da­ky mil­li ins­ti­tu­ty­nyň ýaý­ra­dan be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär. Ola­ryň 65 mil­lio­ny­nyň ýur­duň çäk­le­rin­de ýa­şa­ýan­dy­gy, ga­lan­la­ry­nyň bol­sa, deň­ziň aňyr­syn­da­ky se­bit­ler­de ýa­şa­ýan­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.

“For­bes” žur­na­ly 70 ýaş­ly fran­si­ýa­ly Ber­nar Ar­no­ny dün­ýä­niň iň baý ada­my di­ýip, mä­lim et­di. Ne­şi­riň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, LVMH şe­re­ke­ti­niň baş­ly­gy­nyň baý­ly­gy 116, 5 mil­liard dol­la­ra deň. Ikin­ji ýer­de 115,5 mil­liard dol­la­ry bi­len Jeff Be­zos, üçün­ji orun­da, 110 mil­liard dol­la­ry bi­len Bill Geýts gel­ýär. Dör­dün­ji orun­da Wor­ren Baf­fett (90,6 mil­liard dol­lar), bä­şin­ji orun­da bol­sa, Mark Su­ker­berg (82,2 mil­liard dol­lar) gel­ýär.

Fran­si­ýa­nyň “Mil­li bi­le­le­şik” sy­ýa­sy par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy, Ma­rin Le Pen ýe­ne-de saý­law­la­ra taý­ýar­lan­ýar. Ol 2022-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ma­rin Le Pen 2012-nji ýyl­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da bi­rin­ji tap­gyr­da üçün­ji or­ny, 2017-nji ýyl­da ge­çi­ri­len saý­law­lar­da bol­sa, ikin­ji tap­gyr­da ikin­ji or­ny eýe­läp­di. Ol fran­suz sy­ýa­sat­çy­sy Žan-Ma­ri Le Pe­niň gy­zy­dyr.

In­do­ne­zi­ýa we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri ba­ha­sy 23 mil­liard dol­la­ra deň bo­lan 11 sa­ny hyz­mat­daş­lyk yla­la­şy­gy­na gol çek­di­ler. “Abu Dha­bi Na­tio­nal Oil Com­pa­ny” (AD­NOC) In­do­ne­zi­ýa­nyň “PT Per­ta­mi­na” we “PT Chand­ra As­ri Pet­roche­mical” kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len ne­bit-gaz pu­da­gy bo­ýun­ça yla­la­şyk ga­zan­dy­lar. Şeý­le hem, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra yla­la­şyk­la­ry­na gol çe­kil­di.

ABŞ-nyň “Boeing” k­or­po­ra­si­ýa­sy Bra­zi­li­ýa­nyň “Emb­ra­er” awia­kom­pa­ni­ýa­sy bi­len tur­bo­wint­li ýo­lag­çy uça­ry­ny ön­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da Bra­zi­li­ýa­nyň awia­gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­jir­çi­lik bo­ýun­ça ýol­baş­çy­sy Jon Slet­te­ri ha­bar ber­di. Fran­suz-ital­ýan önüm­çi­li­gi­ne de­giş­li bo­lan tur­bo­wint­li uçar ATR-72-ä deň bo­lar. 2018-nji ýy­lyň ahy­ryn­da “Emb­ra­er” we “Boeing” bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­ny dö­ret­me­giň şert­le­ri­ni yla­la­şyp­dy­lar.

Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy “SpaceX”-iň esas­lan­dy­ry­jy­sy Ilon Mask 2050-nji ýy­la çen­li müň­ler­çe ada­my Mar­sa ug­rat­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Kom­pa­ni­ýa mu­nuň üçin her ýyl­da “Stars­hip” kos­mos gä­mi­sin­den 100-si­ni gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Mun­dan ozal, Ilon Mask “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 2024-nji ýy­la çen­li sü­rül­ýän kos­mos gä­mi­si­ni ug­ra­dyp bil­jek­di­gi­ni aý­dyp­dy.

Por­tu­ga­li­ýa kos­mos pu­da­gy­na çyk­da­jy­la­ry­ny 10 es­se art­dy­ryp, 2030-njy ýy­la çen­li bu pu­dak­da müň iş or­nu­ny dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da Brýus­sel­de ge­çi­ri­len kos­mos bo­ýun­ça 12-nji Ýew­ro­pa mas­la­ha­tyn­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň ylym-bi­lim we teh­no­lo­gi­ýa mi­nist­ri Ma­nu­el Heý­tor mä­lim et­di. Brýus­sel kon­fe­ren­si­ýa­syn­da Ýew­ro­pa­nyň kos­mos mak­sat­na­ma­sy ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar.