Düýe ir zamanlarda eldekileşdirilen jandar bolup, adamzat ýaşaýşynda, hojalyk işlerinde köp hyzmatlary ýerine ýetiripdir. Onuň bilen ýer sürüpdirler, däne döwüpdirler, çuň guýulardan, kärizlerden suw çykarypdyrlar. Ýük daşamak işlerinde bolsa düýä deň geljek jandar tapylmandyr. Tehniki ulaglaryň heniz biziň durmuşymyzda ýok wagtlary, düýeleriň kömegi bilen ýurtlar arasynda söwda gülläp ösüpdir. Olaryň kömegi bilen dürli ýurtlara söwda saparlary guralypdyr. Olar öz agramynyň ýarysyna golaý ýüki, has ululary 700 kilograma çenli ýükleri göterip, suwsuz ýollarda ýüzlerçe kilometr çöl-beýewanlary söküp, söwdagärleri, harytlary dürli menzillere aşyrypdyrlar. Türkmen halky üçin düýe maly has-da gymmatly jandardyr. Düýe maly halkymyz üçin uçursyz peýdaly hasaplanypdyr. Halkymyzda “Düýeli baý-dünýeli baý”, “Düýe-dünýä, goýun-gazna” ýaly pähimler ýörgünli bolupdyr. Türkmen çarwadarlary gadymdan bäri düýeleri ösdürip ýetişdirýärler. Türkmenleriň ata-babalarynyň ösdürip ýetişdiren naýbaşy düýe tohumlarynyň biri-de türkmen arwana düýesidir. Ol halkymyza parasatly ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp medeni gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda ýetişdiren bu täsin tohumynyň umumadamzat gymmatlyklaryna goşan ajaýyp goşandy dogrusynda dünýäniň ençeme alymlary ylmy maglumatlary galdyrypdyrlar. Mysal üçin, görnükli rus taryhçysy A.W.Kolosowskiý 1910-njy ýylda şeýle ýazypdyr: ”Bir örküçli düýeleri, garaköli goýunlary, goýun itleri, dünýä belli atlary bilen türkmen halky özüne müdimilik ýadygärlik dikeltdi”.
Taryhy maglumatlara görä, gadymyýetde türkmenleriň süri-süri düýeleri bolupdyr. Olaryň baş sany dowarlaryňkydan az bolmandyr. Türkmenistanda 1929-njy ýylda 39,6 müň baş arwana düýeleriniň bolandygy barada takyk maglumatlar bar. Türkmen arwanasy çölüň gurak howasyna oňat uýgunlaşan we suwsuzlyga çydamly jandardyr. Olar gyrymsy agaçlaryň pürleri, ýandak, dermanlyk otlary ýaly gurakçylyga çydamly ösümlikler bilen oňňut edip bilmekligi bilen tapawutlanýarlar. Düýedarçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz bu malyň üýtgeşik häsiýeti bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary nesillere miras galdyrypdyrlar. Düýe süýdi örän peýdaly bolup, ol sygryň süýdi bilen deňeşdirilende С we D witaminlerine üç esse baýdyr. Düýe süýdi, esasy düýe çalyny taýýarlamak üçin ulanylýar. “Düýe çaly-derde däri” diýilmegi hem ýöne ýerden däldir. Tomsuň jöwzasynda düýe çalyndan teşneligini gandyran ynsana gyzgyn howa täsir etmeýär. Düýe çaly inçekesel, aşgazan keselleri üçin örän peýdaly dermanlyk içgi hasaplanýar. Düýe süýdünden çaldan başga-da agaran, süzme, gurt önümleri taýýarlanylýar. Olaryň hemmesi-de adamyň gündelik ýaşaýşynda giňden peýdalanylýar. Düýe ýüňi tapylgysyz çig mal hasaplanýar. Düýe ýüňi dünýä bazarynda çig mal hökmünde uly islege eýedir. Düýe ýüňünden edilen saçakda mele-myssyk çöregi uzak wagtlap saklap bolýar. Şeýle hem düýe ýüňünden alajalar, bilguşaklar örülýär, agarçäkmen tikilýär. Ýorganlaryň içi pamykdan däl-de, düýe ýüňünden edilýär. Düýe derisinden tikilen çaryk gyşda sowukdan goraýar, suw geçirmeýär, ýumşak hem ýyly bolýar.
Düýeler duýgur, namysjaň jandarlardyr. Olar çölde azaşmaýarlar, suwsuz heläk bolmaýarlar. Iner-maýalar çydamlylygy bilen tapawutlanýar. “Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz” diýen nakylyň döremegi hem, belki hut şu sebäbe görädir. Düýe maly ojagyň rysgal-berekediniň gönezligi hasaplanylypdyr. Gelnalyjy üçin saýlanyp alynýan üsti kejebeli, gapdallary düýebaşlykly, boýny jaňjagazly akmaýa bolsa, özüniň owadanlygy bilen gözüňi dokundyrýar. “Şasenem-Garyp” dessanyndaky ”Kejebäň çekmäge ak maýa gerek” diýen setirler hem türkmen halkynyň milli däp-dessurlar bilen bilelikde, bu jandara örän ýokary baha berendigini açyk-aýdyň beýan edýär. Ýurdumyzda müňlerçe düýeler bolup, olar ýurdumyzyň düýedarçylyk, tohumçylyk hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň bir ygtybarly, baý, parahatçylyksöýüji döwletleriniň birine öwrülýär. Ýurdumyz ähli ugurlar babatda, uly ösüşlere beslenýär. “Meniň ilkinji nobatda, ähli aladam halkym bolar” diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz özüniň her bir çykyşynda halkyň ýaşaýyş–durmuş şertlerini gowulandyrmak dogrusynda aýratyn nygtap geçýär we ony iş ýüzünde aýdyň ýerine ýetirýär. Şeýle beýik maksatly, uly ähmiýetli işleri amala aşyrmak il-günüň aladasy bilen ýaşaýan parasatly milli Liderimiziň baştutanlygynda mümkindir. Mähriban halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, dünýä ähmiýetli işleriniň mydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Aýnabat ALLAGULYÝEWA,
Tagtabazar etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.