Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň Lýuksemburgda geçiren maslahatynda ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze Strategiýasy tassyklandy. Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň kararynda, ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň gerimi, esasan, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagy we beýleki özgerişlikleri öz içine alýar.
Bu strategiýanyň taslamasy geçen ýylyň 15-nji maýynda Ýewropa Komissiýasy tarapyndan hödürlenipdi. Brýussel mundan beýläk Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen has mäkäm we döwrebap hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu strategiýanyň taslamasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baradaky täze ylalaşygyň hem beýleki başlangyçlar ýaly özara ylalaşyk esasynda alnyp baryljakdygy bellenilýär. Muňa mysal hökmünde, düzüminde Gazagystan we Gyrgyz Respublikasy bolan Ýewraziýa ykdysady bileleşigini görkezip bolar.
ÝB-niň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklarynyň ozalky strategiýasy 2007-nji ýylda kabul edilipdi. Ýewropa Komissiýasynyň resmi wekili Maýýa Kosýançiç ondan bäri köp ugurlarda özgerişlikleriň bolandygyny, şoňa görä hem, täze Strategiýanyň gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna laýyk gelýändigini belledi. Şeýle hem ol hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge bolan meýilleriň Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan hem mälim edilendigini sözüniň üstüne goşdy.
Ýewropa Bileleşigi kiberhowpsuzlyk boýunça bilimleri we maglumatlary paýlaşmaga taýýardygyny mälim edýär. Şeýle hem Brýussel gender deňligini güýçlendirmek ýörelgelerini ilerletmegi meýilleşdirip, munuň oňaýly özgerişlik döretjekdigine bil baglaýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi hem täze strategiýanyň aýratynlyklarynyň biridir. Kabulyň Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki maksatnamalaryna we taslamalaryna gatnaşmagynyň Owganystandaky ýagdaýyň durnuklaşmagyna ýardam berjekdigine Ýewropa Bileleşigi ynam bildirýär. Merkezi Aziýa bilen Owganystanyň arasynda döwrebap araçäk gözegçiliginiň kämilleşmegi hem bu taslamada nazara alynýar. Bu ýerde Türkmenistanyň goşandynyň uludygy bellenilýär. Esasan hem, Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň we beýleki iri taslamalaryň aýratyn ähmiýeti bellenilýär. Ýewropa Bileleşiginiň esasy maksatlarynyň biri hem söwdanyň gerimleriniň, şol sanda, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary tarapyndan eksport edilýän energiýa serişdeleriniň artmagyna gyzyklanma bildirilýär.
– Merkezi Aziýa özüniň baý taryhy we medeniýeti bilen, şeýle hem, Gündogar bilen Günbataryň arasynda aragatnaşygy ýola goýmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şu günki günde bu sebit has-da strategik ähmiýete eýe bolýar – diýip, ÝB-niň daşary syýasat boýunça ozalky ýokary derejeli wekili Federika Mogerini geçen ýylyň maý aýynda mälim edipdi.
Strategiýanyň taslamasy geljegi uly üç ugry aýdyňlaşdyrýar. Birinjisi, sebitiň durnuklylygyny berkitmek, ikinjisi, ykdysadyýeti ösdürmek, üçünjisi, syýasy gepleşikleri işjeňleşdirmek bolup, onda Brýussel raýat jemgyýetlerine we parlamentlere aýratyn üns berýär.
– Ýewropa Bileleşigi, sebitiň ösüşi boýunça meselelerde Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy hyzmatdaşydyr. 2014-2020-nji ýyllarda Ýewropa Bileleşiginiň kanun, daşky gurşawy goramak, suw ätiýaçlyklary, söwda, araçäk düzgünleri üçin goýberen maliýe ýardamy 1 milliard ýewrodan geçdi – diýip, halkara hyzmatdaşlygy we ösüş meseleleri boýunça ozalky Ýewropa komissary Newen Mimisa belleýär.
Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri Merkezi Aziýanyň öz ykdysadyýetini ösdürmekde we ony diwersifikasiýalaşdyrmakda täzeçe çemeleşmelere zerurlygynyň bardygyny öňe sürýärler. Esasan hem, gürrüň hususy pudagy ösdürmek, maýa goýumlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmegi tizleşdirmek barada barýar. Bu ugurdaky strategiýa birnäçe anyk başlangyçlary öz içine alýar. Şoňa görä, Ýewropa Bileleşigi sebitiň ýurtlarynda Ýewropanyň söwda öýlerini döretmäge ýardam berip, Merkezi Aziýanyň kiçi we orta telekeçiligine kömek etmegi meýilleşdirýär. Ýewropa Bileleşigi statistikanyň häzirki zaman usullaryny kämilleşdirmek üçin zerur bolan bilimi paýlaşmaga taýýardyr. Brýussel Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagyna ýardam bermäge taýýardygyny mälim edýär.