9-10-njy few­ral­da Efio­pi­ýa­nyň paý­tag­ty Ad­dis-Abe­ba­da Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi­niň 33-nji sam­mi­ti ge­çi­ril­di. Bu mas­la­ha­ta Af­ri­ka yk­ly­my­nyň 39 döw­le­ti­niň we hö­kü­me­ti­niň baş­tu­tan­la­ry, şeý­le hem, 16 ag­za ýur­duň mi­nistr­le­ri gat­naş­dy­lar. Mas­la­hat­da bir­nä­çe me­se­le­ler, şol san­da, se­bit me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. “Af­ri­ka­nyň ösü­şi üçin oňaý­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi” bu mas­la­ha­tyň baş mow­zu­gy bol­dy.

Bu sy­ýa­sy çä­rä­niň çäk­le­rin­de ýe­di ýyl mun­dan ozal­ky ge­çi­ri­len sam­mit­de ka­bul edi­len ka­rar­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne ba­ha be­ril­di. Bu sam­mit­de Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi­niň baş­lyk­ly­gy Mü­sür­den Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­na ge­çi­ril­di. Şun­luk­da, Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Si­ril Ra­ma­fo­sa 2020-nji ýyl üçin Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi­niň baş­ly­gy bol­dy. Pre­zi­den­t Si­ril Ra­ma­fo­sa se­bit me­se­le­le­ri­niň üs­tün­de du­rup ge­çip, onuň di­ňe af­ri­ka­ly­la­ryň öz ta­gal­la­la­ry bi­len çö­zül­me­li­di­gi­ni bel­läp geç­di.

Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi 1963-nji ýy­lyň ma­ýyn­da dö­re­di­lip, il­ki Af­ri­ka ag­zy­bir­lik gu­ra­ma­sy diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Ol hä­zir­ki ady­na 2001-nji ýyl­da eýe bol­dy. Gu­ra­ma­nyň dü­zü­min­de 55 döw­let bar. Onuň ştab-kwar­ti­ra­sy Ad­dis-Abe­ba şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi­niň ila­ty­nyň umu­my sa­ny 1,27 mil­liard­dan gow­rak bo­lup, esa­san, arap, iň­lis, fran­suz, por­tu­gal we Af­ri­ka dil­le­rin­de gür­leş­ýär­ler. Af­ri­ka Bi­le­le­şi­gi ýa­kyn ýyl­lar­da özü­niň er­kin söw­da zo­la­gy­ny, güm­rük bi­le­le­şi­gi­ni, ýe­ke-täk ba­za­ry­ny, mer­ke­zi ban­ky­ny we ýe­ke-täk pul bir­li­gi­ni dö­ret­me­gi mak­sat edin­ýär. Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, eger-de bel­le­ni­len me­ýil­na­ma do­ly ama­la aşy­ryl­sa, Af­ri­ka yk­ly­my­nyň er­kin söw­da zo­la­gy dün­ýä­niň iň uly söw­da zo­la­gy bo­lar.