– Ýew­ro­zo­la­gyň içer­ki yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi dur­nuk­ly­ly­gy­ny sak­lar – di­ýip, Ýew­ro­pa­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň baş­ly­gy Kris­tin La­gard ha­bar ber­di. Şol bir wag­tyň özün­de glo­bal yk­dy­sa­dy gur­şaw­da uly özgerişliklere garaşylýandygy barada Kris­tin La­gard Brýus­sel­de yk­dy­sa­dy me­se­le­ler bo­ýun­ça Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň ko­mi­te­ti­niň öňün­de eden çy­ky­şyn­da ha­bar ber­di.

Mü­sü­riň ila­ty 100 mil­li­on­dan geç­di. Mü­sür bu gör­ke­zi­ji bi­len arap ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da bi­rin­ji, Af­ri­ka yk­ly­myn­da bol­sa üçün­ji or­ny eýe­le­ýär. Bu ba­ra­da Mü­sü­riň mer­ke­zi sta­tis­ti­ka eda­ra­sy ha­bar ber­di. 2052-nji ýy­la çen­li ila­tyň sa­ny­nyň 193 mil­lio­na ýet­jek­di­gi çak­la­nyl­ýar. 2017-nji ýyl­da ge­çi­ri­len ilat ýa­zu­wyn­da ýur­duň ilaty­nyň 94 mil­li­on 798 müň­den gow­rak­dy­gy mä­lim edi­lip­di.

Weng­ri­ýa 2023-nji ýy­la çen­li ýur­duň äh­li ýeri­ni 5G ul­ga­my bi­len üp­jün et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Ýur­duň hö­kü­me­ti öz öňün­de şeý­le mak­sat­na­ma­ny go­ýup, ýur­duň äh­li şä­her­le­ri­ni we ýol­la­ry­ny bu ul­gam bi­len üp­jün eder. Şeý­le hem mak­sat­na­ma ama­la aşy­ry­lan ýag­da­ýyn­da Weng­ri­ýa­nyň je­mi içer­ki önü­mi­niň ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­jek­di­gi, goş­ma­ça 100-140 müň iş orun­la­ry­nyň dö­re­jek­di­gi ha­bar be­ril­ýär.

Ger­ma­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti 2020-nji ýyl­da je­mi içer­ki önü­mi­niň ösü­şi ba­ra­da­ky çak­la­ma­la­ry­ny mä­lim edip, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy­ny go­ra­mak mak­sa­dy bi­len ma­ýa go­ýum­la­ry­ny wa­da ber­ýär di­ýip, “Bloom­berg” ha­bar ber­di. Tä­ze mag­lu­mat­lar Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy­nyň çak­la­ma­la­ry bi­len do­ly ga­bat gel­ýär. Şu ýyl Ger­ma­ni­ýa­nyň je­mi içer­ki önü­mi­niň ösü­şi 1,1 gö­te­rim­den yba­rat bo­lar diý­lip ga­ra­şyl­ýar.

Finl­ýan­di­ýa ýo­ka­ry tiz­lik­li “Mosk­wa-Hel­sin­ki” ma­gist­ra­ly­nyň gur­lu­şy­gy­na gy­zyk­lan­ma bil­di­ren­den soň­ra, Rus­si­ýa­ fin ta­ra­py bi­len bu tas­la­ma bo­ýun­ça mag­lu­mat alyş­mak ba­ra­da yla­laş­dy. Rus­si­ýa­nyň de­mir ýol­la­ry eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy Oleg Be­lo­ze­ro­wyň hem-de Finl­ýan­di­ýa­nyň hal­ka­ra ösüş we da­şa­ry söw­da mi­nist­ri Wil­le Skin­na­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de hem bu me­se­le or­ta atyl­dy.

Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na bar­ma­gy ýö­ne­keý­leş­dir­mä­ge we mig­ra­si­ýa me­se­le­si­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň tä­ze wi­za ber­mek düz­gü­ni 2-nji few­ral­da güý­je gir­di. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň met­bu­gat üçin be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär. Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da Şen­gen ýurt­la­ry­na bar­mak üçin 105 ýur­duň wi­za al­ma­gy hök­ma­ny­dyr.

2019-njy ýyl­da Rus­si­ýa­da 121,2 mil­li­on tonna gal­la ýyg­nal­dy. Bu ba­ra­da Rus­si­ýa­nyň oba ho­ja­lyk mi­nist­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Jam­bu­lat Ha­tu­ow mä­lim et­di. – Bu ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji bo­lup, on­dan öň­ki ýy­la ga­ra­nyň­da, 7 mil­li­on ton­na köp­dür. Biz 2025-nji ýyl­da 140 mil­li­on ton­na dä­ne we 27 mil­li­on ton­na hem ýag alyn­ýan ösüm­lik­le­ri ýyg­na­ma­gy mak­sat edin­ýä­ris – di­ýip, Ha­tu­ow aýt­dy.

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin gu­ra­lan ni­ka da­ba­ra­sy­na, dür­li ýurt­lar­dan 6 müň jü­büt gat­naş­dy. Şeý­le hem, aja­ýyp toý ly­bas­ly ýaş­la­ryň ni­ka dä­bi­ne 20 müň tö­we­re­gi myh­man ça­gy­ryl­dy. Öý­len­ýän ýi­git­le­riň we dur­mu­şa çyk­ýan gyz­la­ryň äh­li­si bir­ba­da ni­ka ka­sa­my­ny gaý­ta­la­dy­lar. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da şu­nuň ýa­ly ni­ka dä­bi giň­den ýaý­rap, köp san­ly ene-ata­la­ryň we myh­man­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da ge­çi­ril­ýär.

Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “Hyb­rid Air Vehicles” kom­pa­ni­ýa­sy “Air­lan­der 10” at­ly ägirt uly di­ri­žab­lyň önüm­çi­li­gi­ne gi­riş­di. Onuň 92 metr uzyn­ly­gy bo­lup, dün­ýä­niň iň uly uç­ýan en­jam­la­ry­nyň bi­ri­dir. Agyr ýük­le­ri da­şa­ma­ga uky­by bo­lan bu di­ri­žab­ly ýo­lag­çy gat­nat­mak üçin hem ula­nyp bol­ýar. Oňa 90 ýo­lag­çy sy­gyp, 200 ki­lo­metr ara­ly­gy 2 sa­gat­da ge­çip bil­ýär. Onuň il­kin­ji­si, şu ýy­lyň or­ta­la­ryn­da as­ma­na gö­te­ri­ler.

Azer­baý­ja­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän do­lan­dy­ry­jy “Tä­ze Azer­baý­jan” par­ti­ýa­sy ýur­duň tä­ze par­la­men­tin­de köp or­na eýe bol­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, “Tä­ze Azer­baý­jan” par­ti­ýa­sy 125 orun­lyk par­la­ment­den 70 töweregi or­ny eýele­di. Möh­le­tin­den öň ge­çi­ri­len saý­law­lar ýur­duň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek­dir. Bu sy­ýa­sy çä­re ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da ýur­duň Pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan par­la­men­tiň işi ýa­ty­ry­lan­dan soň, mä­lim edi­lip­di.

We­ne­si­ýa­da her ýyl­ky guralýan şüweleň ge­çi­ril­di. Bu ýy­lyň mow­zu­gy – “Oýun, söý­gi we mej­nun­lyk”. Esa­sy çä­re­ler 14-nji few­ra­lda ge­çi­ri­lip, söý­gü­li­ler gü­nü­ne ba­gyş­lan­dy. Çä­rä­niň do­wa­myn­da bir­nä­çe kon­sert­ler we bal-mas­ka­rat­lar gu­ral­dy. We­ne­si­ýa­da X asyr­da ýo­la goý­lan bu kar­na­wal di­ňe 40 ýyl mun­dan ozal, tä­ze­çe rö­wüş bi­len ge­çi­ri­lip ug­ral­dy. Oňa her ýyl­da ýa­rym mil­li­on­dan gow­rak ja­han­keş­de gat­naş­ýar.