Nor­weg kom­po­zi­to­ry Ed­ward Grig we onuň di­riž­ýor dos­ty Frans Ba­ýer bi­le­lik­de Nur­do-Swan­net di­ýen ýe­re ýy­gy-ýy­gy­dan ba­lyk tut­ma­ga gid­ýän eken­ler. Bir ge­zek ba­lyk tu­tup otyr­ka­lar bir­den Gri­giň kel­le­sin­de haý­sy­dyr bir saz ähe­ňi peý­da bo­lup­dyr. Ol tor­ba­syn­dan bir bö­le­jik ka­gyz çy­ka­ryp, ony bel­lik edip­dir-de, gap­da­lyn­da go­ýup­dyr. Bir­de­nem köw­sar­lar ge­len şe­mal ka­gy­zy gaý­dy­ryp, su­wa ga­çy­ryp­dyr. Grig ka­gy­zyň ýe­liň ygy­na uçup gi­den­di­gi­ni aň­man­dyr. Ba­ýer bol­sa, bil­dir­män ony suw­dan çy­ka­ryp­­dyr. Ol ýa­zy­lan sa­zy okansoň, ýygşyrypdyr-da, oňa hiň­len­mä­ge du­rup­dyr. Grig ýyl­dy­rym çalt­ly­gyn­da yzy­na gaň­ry­lyp:

– Bu niçiksi ah­wa­lat? – di­ýip so­rap­dyr. Ba­ýer ar­ka­ýyn­lyk bi­len şeý­le jo­gap be­rip­dir.

– Bu ýö­ne bir ýa­ňy­ja kel­lä­me ge­len tä­ze pi­kir – di­ýip­dir.

– Ine, sa­ňa ge­rek bol­sa, köp­ler bolsa, gud­ra­ta ynan­ma­ýar­lar! – di­ýip, ga­ty geň ga­lan Grig şeý­le di­ýip­dir:

– Bil­ýäň­mi nä­me, bir­nä­çe mi­nut öň meň kel­lä­me-de edil şu­nuň ýa­ly pi­kir ge­lip­di!

Be­ýik ne­mes kom­po­zi­to­ry Io­gann Se­bast­ýan Bah or­gan­da, ýag­ny, bir­nä­çe kla­wia­tu­ra­ly uly saz gu­ra­lyn­da us­sat­lar­ça saz ça­lyp, dö­wür­deş­le­ri­ni özü­ne ben­di edip­dir.

Bir ge­zek diň­leý­ji­le­riň bi­ri Bah­dan:

– Siz is­len­dik sa­zy örän er­kin we ýönekeý ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­si­ňiz. Bel­ki, şunuň ýaly usulda çal­ma­gy öw­ren­mek örän aň­sat bol­sa ge­rek. Eý­sem, mu­ny nä­dip ça­la­syn ýe­ri­ne ýe­tir­me­li­di­gi­ni dü­şün­di­rip bil­mer­si­ňiz­mi? – di­ýip so­rap­dyr.

– Saz çal­mak üçin ony öw­renjek bolup ýörmegiň ze­rur­ly­gy ýok. Mun­da, el­bet­de, hiç bir çyl­şy­rym­ly zat hem ýok. Di­ňe bar­mak­la­ry­ňy ge­rek wag­tyn­da ze­rur kla­wiş­le­re ba­syp ýe­tiş­seň bo­la­ny – di­ýip, Bah kes­gin jo­gap be­rip­dir.

Awst­ri­ýa­ly kom­po­zi­tor Io­gann Ştraus bir ge­zek kö­wüş sa­tyl­ýan dü­ka­na gi­rip­dir. Ol kö­wüş­le­riň äh­li­si­ni di­ýen ýa­ly aýagyna geýip, deňäp gö­rüp­dir, ýö­ne sa­tyn alan za­dy bol­man­dyr. Ol la­py­keç hal­da, eli­ni ka­kyp:

– Men siz­den göz­le­ýän za­dy­my tap­ma­dym – di­ýip­dir.

Sa­ty­jy sy­pa­ýy­çy­lyk bi­len:

– Ha­ly­pa, eý­sem, si­ze nä­me ge­rek­di? – di­ýip so­rap­dyr.

Ştraus:

– Saz­la­şyk­ly jy­gyl­da­ýan bir jü­büt kö­wüş – di­ýip, jo­gap be­rip­dir.

Karl Ma­ri­ýa fon We­ber ga­zet makalalarynda Antonio Ros­si­ni­ni ýy­gy-ýy­gy­dan tan­kyt ed­ýän eken. Ol Bet­ho­we­niň “Gah­ry­man­çy­lyk” atly sim­fo­ni­ýa­sy­ny hem tan­kyt edip­dir. Ki­çi­gö­wün­li Ros­si­ni ýi­ti­lik bi­len:

– Me­ni tan­kyt ed­ýän­le­re buý­san­ýa­ryn. Şol tan­kyt se­bäp­li men Bet­ho­wen bi­len dost bol­dum – di­ýip­dir.

Kom­po­zi­tor Frans Şu­bert he­mi­şe mä­täç­lik­de ýa­şap­dyr. Hat­da kä­wagt öz eser­le­ri­ni ýaz­mak üçin no­ta ka­gy­zy­ny hem tap­man­dyr. Onuň dostlary ada­ty ka­gy­za Şubert üçin no­ta çyz­gy­la­ry­ny çe­kip­ beripdirler. Üs­tün­den en­çe­me ýyl ge­çen­den soň­ra, Şu­ber­tiň sazanda dostlarynyň bi­rin­den:

– Onuň ýa­zan zatlarynyň haý­sy­sy­ny has mö­hüm ha­sap­la­ýar­sy­ňyz – di­ýip so­ran­la­ryn­da ol:

– Me­ge­rem, ol meniň Şu­bert üçin çe­ken no­ta çyz­gy­la­rym bol­sa ge­rek – di­ýip, jo­gap be­rip­dir.

Wen­ger kom­po­zi­to­ry Fe­rens List bir ge­zek myh­man­çy­ly­ga ça­gy­ry­lan­da, ol ýer­de oňa ju­da ýö­ne­keý hö­dür-ke­rem edi­lip­dir. List özü­ne äbe­ri­len na­ha­ry ýa­ňy iýi­mä­ge baş­la­nyn­dan, öýüň eýe­si ony ro­ýa­la ça­gy­ryp, myh­man­lar üçin saz çal­ma­gy­ny ha­ýyş edip­dir. List bir­nä­çe ak­kor­da ba­syp­dyr-da:

– Iýen na­ha­ry­my eý­ýäm ödäý­dim öýd­ýän – di­ýip, ýyl­gy­ryp­dyr.

Top­lan Gül­za­da ÇA­RY­ÝE­WA,

Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da­ky ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­dep-in­ter­na­ty­nyň okuw­çy­sy.