Ylym-bi­lim tä­ze üs­tün­lik­le­re atar­ýan güýç­dir. Is­len­dik döw­le­tiň ösü­şi ylym-bi­lim pu­da­gy­na bag­ly­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da hem ylym-bi­lim pu­da­gy­ny döw­re­bap de­re­je­de has-da ös­dür­mek üçin uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da her bir edil­ýän iş yl­my esas­da öw­re­ni­lip, sel­je­ri­lip ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, edep­li-ter­bi­ýe­li bo­lup ýe­tiş­megi üçin, äh­li oňyn şert­ler dö­re­dil­ýär. Bu bol­sa ýaş­la­ryň ata Wa­ta­ny­my­za bo­lan söý­gü­si­niň kä­mil de­re­je­de bol­ma­gy­na, ony go­ra­ma­ga, dün­ýä ýü­zün­de ab­ra­ýy­nyň mun­dan beý­läk-de art­ma­gy­na öz­bo­luş­ly go­şant goş­ma­ga uly müm­kin­çi­lik ber­ýär.
“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy” hem-de Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, ylym-bi­lim pu­da­gy­ny ös­dür­mek iş­le­ri döw­rüň ta­la­by­na laýyklykda öz­ge­rdil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len, bi­lim eda­ra­la­ryn­da elekt­ron mag­lu­mat­lar gaz­na­sy hem-de Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň In­no­wa­si­ýa mag­lu­mat mer­ke­zi­niň bin­ýa­dyn­da bi­te­wi bi­lim to­ru­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len bu dü­züm­le­ýin öz­gert­me­ler ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da ylym-bi­li­miň tut­ýan or­nu­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän tä­ze döw­re­bap bi­lim ojak­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man ösen in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy hem san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni ýe­ne bir ge­zek gör­kez­ýär. Bi­lim ojak­la­ryn­da te­le­köp­ri ar­ka­ly gu­ral­ýan okuw sa­pak­la­ry­nyň, in­ter­net bäs­le­şik­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da, okat­ma­gyň usul­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek­de, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­ler­den peý­da­lan­mak­da ägirt uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän şeý­le san­ly ul­gama sarp edil­ýän wagt ep-es­li tyg­şyt­la­nyp, ýaş nes­liň ylym-bi­lim de­re­je­si­niň art­ma­gy­na tä­sir ed­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň ýaş­la­ry­nyň ylym-bi­lim de­re­je­si­niň iler­le­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär.
San­ly bi­lim ul­ga­my­nyň öz­leş­di­ril­me­gin­de san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­my­nyň hem or­ny ulu­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­my­nyň ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­na iç­gin ara­laş­ma­gy­na uly üns ber­ýär. Şo­nuň üçin, mil­li Li­de­ri­miz paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da we we­la­ýat­lar­da IP mer­kez­le­ri­niň gu­rul­ma­gy üçin ABŞ-nyň 10 mil­li­on dol­la­ry möç­be­rin­de pul se­riş­de­le­ri­niň be­ril­me­gi ba­bat­da ta­ry­hy Ka­ra­ra gol çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­ry­hy çöz­gü­di äh­lu­mu­my in­ter­net ul­ga­my­nyň el­ýe­ter­li bol­ma­gyny üp­jün et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik be­rer. Ol hem ylym-bi­lim pu­da­gyn­da­ky elekt­ron ul­ga­myň işi­ni çalt­lan­dy­rar hem-de elekt­ron ki­tap­ha­na­la­ryň ge­ri­mi­niň has-da gi­ňe­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rer.
San­ly bi­lim ul­ga­my bilen san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ara­syn­da­ky ýe­ne-de bir ara­bag­la­ny­şyk, ol hem ýo­ka­ry hü­när­li we teh­no­lo­gi­ýa­dan go­wy baş çy­kar­ýan ýaş hü­när­men­le­riň ýe­tiş­di­ril­me­gi­dir. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti do­lan­dyr­mak ba­bat­da ýaş alym­la­ryň we kä­mil hü­när­men­le­riň taý­ýar­lan­ma­gyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär.
Ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik işi bi­len meş­gul­lan­magy, yl­my-bar­lag­la­ry ge­çir­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny ka­na­gat­lan­dyr­magy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip be­rýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­ýik tu­tum­la­ry ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!