Hut şeýle çemeleşmeler Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerine baý künjeklerini özleşdirmek boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýar. Täze gurulýan desgalarda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Zawodlardan çykýan daşky gurşawa zyýanly maddalar gaýtadan işlenilýär hem-de olarda zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär. Munuň özi geljek nesiller üçin, ekologiýa abadançylygynyň we biodürlüligiň saklanmagyny üpjün edýär.
“Ýaşyl” tehnologiýa – bu önümçiligiň ozaldan gelýän usullary bilen deňeşdirilende, ekologik taýdan zyýansyz ýa-da zyýany juda az bolup durýan önümçiligiň ösüşi we tilsimatlarydyr. Bu tilsimat ekologiýa, ykdysady, tehnologiýa we innowasiýa ýaly ugurlarda amala aşyrylyp, galyndylary gaýtadan işlemekde we elektrik energiýasynyň alternatiw çeşmelerini ulanmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Suwuň biologik usul bilen arassalanmagy, gidroenergetika, Gün we ýel energiýasy, “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmagyň nusgalary bolup durýar.
“Ýaşyl” tehnologiýanyň taryhy
Rim imperatory Elagabalyň (204-222) köşgüniň içindäki howany dag garlarynyň kömegi bilen sowadýan ulgamyň ornaşdyrylmagy “ýaşyl” tehnologiýany ulanmagyň ilkinji nusgalarynyň biri hasaplanýar. Soňra XIX asyrda Fransiýada Edmon Bekkerel fotogalwanik täsirlenmäniň üstüni açyp, bu ýagdaý ilkinji kremnili Gün batareýalaryny işläp düzmäge mümkinçilik beripdir. 1859-1860-njy ýyllarda Ogýust Muşo Gün şöhlesini bug hereketlendirijilerde ulanmak pikirini öňe süren bolsa, Gaston Plante ilkinji gurşun akkumulýatorlary oýlap tapypdyr. 1970-nji ýyllarda birnäçe ýurtlar gazylyp alynýan energiýa çeşmelerine bolan garaşlylygy azaltmak maksady bilen, Gün energiýasyny we beýleki alternatiw çeşmelerini ulanmaga tagalla edip ugrapdyrlar.
Muňa garamazdan, häzirki zaman düşünjesindäki “ýaşyl” tehnologiýa 2001-nji ýylda Kaliforniýada ýüze çykypdyr. Şonda elektrik energiýasyny wagtlaýyn öçürmeli bolanlarynda, energiýanyň alternatiw çeşmesine zerurlyk ýüze çykypdyr. Şondan soň, “ýaşyl” tehnologiýa boýunça işleýän kompaniýalar täze ösüş ýoluna düşýärler. Esasan hem, 2005-nji ýylda Gün batareýalaryny öndürmek bilen meşgullanýan “SunPower” kompaniýasy paýnamalaryny satyp, özüniň maýasyny artdyrýar.
Şol döwürde “Bloom Energy” kompaniýasy elektrik energiýasyny öndürýän berk oksidli elementleri işläp düzýär. Bu bolsa elektrik energiýa üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamyna zerurlygy aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Ilki Garward uniwersitetinde ýola goýlan “GreenFuel Technologies” maksatnamasy deňiz suwotularyndan alynýan bioýangyjy döretmegiň tehnologiýasyny hödürleýär. Soňra “Tesla” kompaniýasy döredilip, elektroulaglary döretmäge girişýär.
Peýdaly taraplary
“Ýaşyl” tehnologiýa şu aşakdaky meseleleri çözmäge mümkinçilik berýär:
Energiýa gorlarynyň azalmagynyň öňüni alyp, durnukly ösüşe ýardam berýär.
Ýene-de gaýtadan işläp, dikeldip ýa-da ikinji gezek ulanyp boljak önümleri öndürýär.
Önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyryp, daşky gurşawyň hapalanmagyny azaldýar.
Daşky gurşawa zeper ýetirýän elektrik energiýasyny öndürmegiň köne usullary bilen çalyşmaga mümkinçilik berýän innowasiýany ulanmaga şert döredýär.
Täze tehnologiýalar we harytlar döretmek bilen ykdysady ösüşe ýardam berýär.
Ýewropa Bileleşiginde şunuň ýaly tehnologiýalar iň gowy elýeterli tilsimat hasaplanylýar. “Ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir.
“Ýaşyl” tehnologiýa ykdysadyýetde aýratyn ähmiýete eýedir. BMG-niň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine we “ýaşyl“ energiýa gönükdirilen ählumumy maýa goýumlary 200 milliard dollardan gowrak bolupdyr. Hytaý Gün we ýel energiýasyna iň köp maýa goýýan ýurtlaryň biridir. Häzirki wagtda bu ugurda ýörite “ýaşyl” gaznalar döredilip, olaryň esasy maksady “ýaşyl” tehnologiýalary işläp düzmäge maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr. “Ýaşyl” tehnologiýa ýurduň “ýaşyl” ykdysadyýeti alyp barmagy bilen gönüden-göni bagly bolup durýar.