Her bir güni ýokary üstünliklere beslenýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz hormatly Prezidentimiziň döredýän eşretli günleriniň hözirini görüp, her bir toý-baýramy mynasyp garşylaýar. Milli Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, ýurdumyzda bellenilýän baýramlaryň sany ep-esli artdy. Şol baýramçylyklarda türkmen desterhanyny bezeýän nygmatlaryň biri-de dünýäde süýjülikde deňi-taýy bolmadyk türkmen gawunydyr. Taryhy maglumatlarda beýan edilişi ýaly, sahawatly türkmen topragynda bitýän türkmen gawunlary başga ýurtlaryňkydan düýpli tapawutlanypdyr. Çogly güneşli, guraksy howaly, gataňrak toprakly, tenekar suwly şertlerde suwarymly, sürümli, düme, oýtak we sowma usullarda ýetişdirilýän türkmen gawunlary özleriniň hoştap ysy, ýokary süýjüligi bilen aýratyn häsiýete eýe bolupdyr. Olaryň içinde has ir bişýänlerem, gijräk ýetişýänlerem bolupdyr. Gawunlaryň aralyk möhletde ýetişýän, terliginden ýaňa paçagyna sygman darka-darka ýarylýanlary hem, galyň paçakly, dykyz etli, uzak möhletde saklanmaga ukyplylary hem bar. “Dessemaýa”, “Kyrkgünlük”, “Zamça”, “Çal-mesek”, “Akmaral”, “Garrygyz” ýaly gawunlar ýokarda aýdylanlara aýdyň mysaldyr.
Türkmen gawunlarynyň şan-şöhratynyň irki döwürlerden bäri meşhur bolup gelendigini taryhyň sahypalary habar berýär. Täjirler, bezirgenler uzak ýoly aşyp, türkmen topragyna gelenlerinde, öňi bilen, bakja önümleriniň içinden gawunlara maýyl bolupdyrlar. Olar gawunlary gurşun kagyzlara dolap, uzak ülkeleri aşyp, öz ýurtlaryna alyp gidipdirler. Gadymy şalardyr hanlar hem sargyt edenlerinde, türkmen ülkesinde ýetişdirilen datly gawunlary getirmegi buýrupdyrlar.
Gadymy döwrüň tebipleri ýürek-damar kesellerini, aşgazany, böwrek kesellerini bejermekde gawunyň peýdasynyň kändigini belläpdirler. Gawunyň düzüminde beloklar, uglewodlar, limon turşusy, alma kislotasy, magniý, fosfor, hlor, marganes, demir, mis ýaly elementleriň bardygy ylymda bellidir. Meşhur tebip Lukman Hekim gawunyň etine un garylyp ýasalan ýumşak melhemi deri tegmillerini aýyrmakda ulanypdyr.
Bakja önümleriniň bolçulygyny, täze sortlaryny döretmek babatda häzirki döwürde uly işler alnyp barylýar. Türkmen gawunlarynyň şan-şöhratyny dikeltmek, ony halkara jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen ylmy-önümçilik maslahatlaryny yzygiderli guramak, bu ugurda täze ýygyndylary, ylmy gollanmalary çap etmek, welaýatlarda gawunlaryň, garpyzlaryň, kädileriň täze döredilen sortlary boýunça bäsleşikleri geçirmek, ýeňijileri sylaglamak işleri uly üstünliklere beslenýär. Häzirki döwürde şeýle datly gawunlaryň görnüşleri halkara sergilerinde we ýarmarkalarynda ençeme ýokary sylaglara mynasyp bolýar. Häzir ýurdumyzyň bakjaçylary gawunlaryň ençeme nusgasyny ösdürip ýetişdirýärler. Şu ýerde toý desterhanlarymyzyň bezegi bolan gawunlaryň täze sortlaryny döredip, ýadawsyz işleri alyp baran we alyp barýan halypa bakjaçylarymyzyň atlaryny ýatlap geçmegi möhüm hasaplaýarys. Olardan Murgapda injir gawunyny ösdürip ýetişdiren Injir Berdinyýazowyň, Lebapda datly gawunlaryň dürli görnüşlerini ýetişdirýän Ömürguly Ahmedowyň, Tejenden Durdy Nepesowyň, Serdar şäherinden Atda Gurbangeldiýewiň, Akdepe etrabyndan Myrat Aşyrowyň atlaryny hormat bilen ýatlamak bolar.
Her bir ajaýyplygy goşgy setirlerine salmak, taryplamak türkmenlerimiziň asyl häsiýetleriniň biridir. Şeýle häsiýetli aýratynlyklar esasynda asyrlaryň dowamynda datlylykda, şirinlikde, göze gelüwlilikde dünýäni baglaýan türkmen gawunlarynyň waspy halk döredijiligine, goşgy setirlerine siňipdir. Şahandaz halkymyz gawun hakynda döreden setirlerini durmuşyň özeninden susup alypdyr. Muňa ata-babalarymyzyň akyl-paýhasyndan syzyp çykan: “Gawun – gabygyndan tanalar, bedew – söbüginden”, “Gawunyň agyry, garpyzyň ýeňili”, “Gawun düýbünden öser”, “Gawunyňky ýüz gün, ýüz günden soň üzgün”, “Düme gawun – ýyl aşar”, “Gyz ýagşysy ümede, gawun ýagşysy dümede”, “Dümäň deňi ýok”, “Düme ekin dadyly, suwly ekeniň ady uly” ýaly nakyllary aýdyň mysaldyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk güneşi türkmen topragynda bol hasylyň ösüp ýetişmegine täze mümkinçilikleri açdy. Şeýlelikde, topraklarymyzda gök we bakja ekinleri üçin niýetlenýän ýerler gün-günden öz gerimini giňeldýär. Azaphon babadaýhanlarymyzyň zähmeti bilen ýetişýän önümler halkymyzyň rysgal-döwleti bolup, halal ojagyny bezeýär.
Halnazar NURMUHAMMEDOW,
Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç şäherindäki 9-njy orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.