Hormatly Prezidentimiz: “Çagalara aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir” diýip, örän jaýdar belleýär.
Biziň pähimdar ata-babalarymyzdyr mährem enelerimiz perzendiň dünýä inmegini olar Hudaýyň özlerine eçilen döwleti, ömrüniň manysy hasaplapdyrlar. Olar perzentlerine iň gowy zatlaryny bagyş edip, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin aladalanypdyrlar.
Ata-babalarymyz çagalary, esasan, dört ugurdan terbiýelemegi durmuş kadasyna öwrüpdirler. Olar edep-terbiýe, ylym-bilim, zähmet we ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak endikleridir.
Çaga dünýä inip, daş-töweregine göz ýetirip ugransoň, oňa terbiýe bermek ene-atanyň mukaddes borjy. Bu meselede ene-atanyň, maşgaladaky beýleki çagalaryň hereketleri çaga üçin nusga alarlyk häsiýetde bolupdyr. Çünki çaga haýsy zady görse, çagalykdan şol zatdan görelde, mysal almagy endigine öwürýär. Şonuň üçin ene-ata çaganyň edepli-terbiýeli bolmagy üçin çuňňur aladalanypdyr. Maşgalanyň agzybirligi, öýüň içki tertip-düzgüni çaga aňyna berk ornaşyp, onuň hereketiniň esasy bolup hyzmat edipdir.
Çaga ese-boýa galyp ugransoň, düşünjesiniň artmagy, gözýetiminiň giňemegi, onda zähmet endikleriniň döremegi üçin maşgalada uly işler alnyp barlypdyr. Agşamlaryna enäniň körpesiniň başyny sypalap, aýdyp berýän ertekileri, matallary, tapmaçalary çaga aňyna berk ornaşypdyr, onuň pikirleniş endiginiň kämilleşmegine ýardam edipdir. Halal zähmet çekip, gara der döküp gazanylan rysgalyň höziri, halal çöregiň tagamy, ile ýagşylyk etmek hakyndaky ertekiler çagalarda iň ajaýyp gylyk-häsiýetleriň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetiripdir. “Mämmetjan”, “Garybyň gyzy Güljahan”, “Garybyň çerkeze gidişi” ýaly terbiýeçilik ähmiýetli ertekiler körpeleriň çagalyk dünýäsine berk ornaşypdyr. “Şu ýeri tokmaklasaňam tokmaklarsyň, tokmaklamasaňam tokmaklarsyň”, “Birje çemçe şorja serçe çorbasy” ýaly ýaňlytmaçlar bolsa, körpeleriň dil endikleriniň kämilleşmegine itergi beripdir.
Çagalarda zähmet endiklerini terbiýelemek her bir maşgalanyň esasy aladasy bolupdyr. Haçan-da, ak sakgal atanyň pilini eline alyp, nahal oturtmaga gitmekçi bolýan pursatlary, goýun-guzyny örä goýberip, mal yzynda bolmagy çagalarda zähmete bolan höwesi döredipdir.
Türkmenler çagalarynyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin irgözinden aladalanypdyrlar. Ol bir tarapdan, dürli oýunlar bilen baglanyşykly bolsa, beýleki bir tarapdan, okamak, saz çalmak, aýdym-saz äleminiň dünýäsine aralaşmak bilen baglanyşyklydyr. Meselem, her bir maşgalada agşamlaryna üýşülip okalan “Görogly” şadessanynyň wakalary çagalarda bilesigelijilik, batyrlyk endiklerini terbiýelese, dutaryň, gyjagyň, gopuzyň, tüýdügiň şirin owazy olaryň kalbynda iň mähirli duýgulary oýarýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri sözüň doly manysynda ähli ýaşdaky raýatlaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ajaýyp döwri boldy. Bu döwrüň gazananlary her bir maşgalada çagalaryň erkin ösüp ulalmagy, edep-terbiýe, ylym-bilim, zähmet endikleridir ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaklary üçin giň mümkinçiliklere eýe edýär. Häzirki döwürde çaganyň kadaly ösüp kemala gelmegi üçin hökümet tarapyndan kömek pullary berilýär: ese-boýa galyp ugrandan soň, çagalar baglary olar üçin gapylaryny giňden açýar. Çaga mekdep ýaşyna ýetende, döwrebap ak mekdeplerde bilim-terbiýe alýar. Eziz Arkadagymyz körpe nesilleriň döwrebap dynç almagy üçin hem dünýä nusgalyk işleri amal edýär. Bu işleriň netijesinde, häzirki döwürde Diýarymyzyň ähli künjeginde çagalar üçin dynç alyş we sagaldyş merkezleri hereket edýär.
Ýeri gelende, olaryň käbirini ýatlap geçeliň; Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Hywaabat obasynda açylan “Şatlyk”, Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki “Dürdäne”, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç”, Daşoguz şäherindäki “Şatlyk”, Görogly etrabyndaky “Bägül”, “Älemgoşar”, “Güneş”, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky “Jeýhun”, Mary şäherindäki “Arkadagyň bagtyýar nesilleri”. Şu ýyl tutuş ýurdumyz boýunça dynç alyş merkezleriniň 700-den gowragy hereket edýär. Müňlerçe gektar ýere uzalyp gidýän ol merkezlerde bagtyýar çagalaryň dynç alşynyň örän manyly hem şadyýan geçmegi üçin ähli şertler döredildi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş-dynç alyş merkezinde bagtyýar türkmen çagalary bilen birlikde, doganlyk Ukraina, Moldowa we Täjigistan ýaly ýurtlardan okuwçylaryň birnäçesi sapaly dynç alýarlar. Dostlukly döwletlerden gelen mekdep okuwçylary türkmen topragynda kemala gelen ertekiler dünýäsi deýin bu ýerlere haýran galyjylyk bilen garaýarlar. Ol ýerdäki “Gämiler dünýäsi”, “Älemgoşar”, “Deňiz merjeni”, “Jadyly kenar” doganlyk ýurtlaryň çagalarynda ýatdan çykmajak täsirleri goýýar.
Hormatly Prezidentimiz bagtyýar nesilleri dürli döredijilik, sport, aýdym-saz bilen meşgullanmaga höweslendirip, olaryň öz wagtyny gyzykly geçirmeklerini sargyt edýär. Bu işleriň ählisi eziz Arkadagymyzyň körpe nesilleriň bagtyýar durmuşy hakdaky hemişelik aladalary bilen gurşalandygynyň beýanydyr.
Akbike TANGIÝAROWA,
Lebap welaýatynyň Hojambaz
etrabyndaky Çagalar we
ýetginjekler öýüniň Kärdeşler
arkalaşygynyň başlygy.