Türkmenistan 1991-nji ýylda Garaşsyz döwlet bolanyndan soňra, türkmen medeniýeti we sungaty hem gülläp, ösüp başlady. 1992-nji ýylda Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň açylmagy türkmen medeniýetiniň durmuşynda möhüm ädim boldy. Men şol wagtlar Türkmen telewideniýesinde režissýor bolup işleýärdim. Medeniýet institutynyň açylmagy bilen maňa-da bu ugurdan bilimimi artdyrmaga mümkinçilik döredi. Men institutyň “Teatr režissýory” bölümine resminamalarymy tabşyryp, döwlet synaglaryndan üstünlikli geçip, uly halypa mugallymlardan tälim alyp başladym. Biziň toparymyzy režissura we aktýor ussatlygy sapaklaryndan, şol mahallar institutyň kafedra müdiri bolup işlän Rejep Gurbanow okadýardy. Şeýlelikde, men režissýor hünäri boýunça ýokary bilim alyp, Türkmen telewideniýesinde işe başladym. Ondan bäri aýlar aýlanyp, ýyllar dolandy. Günlerde bir gün Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda “Agzybirlik ýylysydyr ojagyň” atly täze spektaklyň premýerasynyň bolýandygyny eşitdim. Men eglenmän, oýun görmäge gitdim. Bu spektakl adyndanam belli bolşy ýaly, maşgala durmuşy, agzybirlik hakynda gürrüň berilýärdi. Spektaklda baş keşpde, ýagny maşgalabaşynyň keşbinde, Rejep aga çykyş edýärdi. Men ony şol bada tanadym-da, öz ýanymdan: «Gör, nähili adamdan tälim alypdyryn” diýip begendim. Şol spektakldan soň, meni özümi okadan mugallymym Rejep aganyň durmuş we döredijilik ýoly gyzyklandyrdy. Men onuň bilen söhbetdeş bolmagy we ony okyjylarymyza ýetirmegi makul bildim.
Türkmenistanyň halk artisti Rejep Gurbanow 1941-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ýerbent obasynda eneden bolýar. Ol heniz 4 aýlykka 1941-nji ýylda kakasy urşa gidýär. Şol ýyl Ýerbent obasynyň ýaşaýjylaryny Lebap welaýatynyň häzirki Atamyrat (öňki Kerki) etrabynyň Gyzylaýak obasyna göçürýärler. 1943-nji ýylda Rejebiň ejesi 7 çagasyny hem-de ýüwürjisini alyp, atasy öýüne – Ahal welaýatynyň Tejen etrabyna göçüp gelýär. Rejep ilki obadaky 1-nji orta mekdepde, 1-njiden 7-nji synpa çenli okaýar. Soňra etrapdaky agşamky işçi-ýaşlar orta mekdebini tamamlaýar. Gündizine-de oba medeniýet bölüminde kitaphanada işleýär.
Rejep aga çagalyk ýyllaryny, uludan demini alyp, şeýle ýatlaýar: “Uruş gutardy, 1947-nji ýylyň açlygy gowşaşdy. Adamlaryň arkasyna ýel çalyp başlady. 1948–1949-njy ýyllarda etrabymyzda ak ekindir gawundan başga-da, pagta hem öndürilip başlandy. Bu-da halky dokluga çykardy. Şol ýyllarda obanyň ýaşaýjylaryna gawun-garpyz, gök ekin ekmek üçin mellek ýeri bölünip berildi”.
Orta bilim alandan soň, Rejep 1961-nji ýylda Aşgabadyň D.Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň wokal bölüminde okap başlaýar.
— Mende dutarda saz çalyp, aýdym aýtmak höwesi çagalyk ýyllarymda döredi. Bir gün Bagşy atly goňşymyzyňka Girman bagşy myhmançylyga geldi. Şonda maňa Girman bagşyny ýakyndan diňlemek miýesser etdi. Soň-soňlar Girman bagşa öýkünip, aýdym aýdyp başladym. Dostumyň sowgat beren köneje dutary bilen deň-duşlarymyň, synpdaşlarymyň arasynda-da wagtal-wagtal aýdym aýdýardym. Girman bagşynyň aýdan “Alagaýyşly”, “Gürjiniň”, “Durnanyň” atly aýdymlary meniň ýadymda gowy galypdyr. Bu bagşydan başga-da, maňa Sahy Jepbarow, Kiçi Geldimyradow, Giçgeldi Amanow, Abdylla Amanjaýew, Nurmyrat Annaýew, Geldimämmet Orazgulyýew ýaly meşhur bagşylary, Jepbar Hansähedow, Çary Gurbanow ýaly ussat sazandalary-da ýakyndan diňlemäge mümkinçilik boldy. Eger-de şol ussatlary diňlemedik bolsam, mende artistlik höwesi döremezdi. Megerem, meniň sazçylyk mekdebine girmegime-de şol halypalar sebäp bolandyrlar.
Sungatyň haýsy görnüşini alsaň-da, olar biri-biri bilen berk bagly bolup durýar. Galyberse-de, artistiň bagşyçylykdan hem başy çykmaly. Käbir spektakllarda bagşynyň keşbini-de döretmeli bolýar. Şonda dutarda saz çalmakdan, aýdym aýtmakdan başyň çykaýmaly. Şol zatlary aktýora öwretmegi-de başarmaly – diýip, Rejep aga ýaşlyk ýyllaryna nazar aýlaýar.
Rejep 1965-nji ýylda Türkmen telewideniýesinde režissýoryň kömekçisi bolup işe ýerleşýär. Bir ýyldan soň ol Daşkendiň Ostrowskiý adyndaky teatral-çeperçilik institutynyň teatr we kino aktýory bölümine okuwa girýär. Rejep bu ýokary okuw mekdebinde belli režissýor Wahtangowyň okuwçysy Rubenşteýnden sapak alýar. Rejep institutda okaýarka diplom işi üçin taýýarlanan iki sany uly spektaklda çykyş edýär. R. Gamzatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan “Dagly gyz” spektaklynda Rejebe gyzyň kakasynyň keşbi, A.S.Puşkiniň kiçi tragediýalaryndan düzülen “Mosart we Salweri” atly spektaklynda-da baş keşp bolan Salweriniň keşbi ynanylýar. Olaryň ikisi-de şowly çykýar. 1970-nji ýylda instituty üstünlikli tamamlap gelen Rejebi Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatryna işe ýollaýarlar. Ony teatryň şol wagtky baş režissýory Artyk Jallyýew güler ýüz bilen garşylaýar.
Şol wagtlar Artyk aga Gogolyň “Öýlenmek” atly komediýasynyň üstünde işleýär eken. Ol Rejebi režissýoryň assistenti edip belleýär hem-de oňa şol spektakldaky Heýgenekowyň keşbini ynanýar.
1971-nji ýylda bu teatra Türkmenistanyň halk artisti Durdymämmet Öräýewi baş ýolbaşçy hem režissýor edip bellenilýär. Ol Mustaý Karimiň “Aýgülüstan” atly spektaklyny sahnalaşdyrmaga girişýär. Rejep bu oýunda Ýabataýewiň keşbini janlandyrýar.
Rejep aga bu ýerde bir ýyl gowrak işläninden soň, 1972-nji ýylda Aşgabada gaýdyp gelýär. Ol türkmen telewideniýesiniň sazly gepleşikler redaksiýasynda režissýor bolup işe ýerleşýär. Ýöne ol köp wagt geçmänkä, sahna durmuşyny küýsäp ugraýar. Ol ýene-de N.Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatryna dolanyp barýar. Hünärini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, 1979-njy ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatral institutynyň ýanyndaky ýokary režissýorlyk kursuna okuwa gidýär. Ony 1981-nji ýylda tamamlan Rejep ýene-de öňki işlän teatryna gaýdyp gelýär. Indi režissýor hem bolan Rejep bu teatryň sahnasynda Berdinazar Hudaýnazarowyň “Ah, siz goňşular”, Nargylyç Hojageldiýewiň “Zelili”, Ahmet Gurbannepesowyň “Derňewçi–78”, Hudaýberdi Diwangulyýew bilen Nobatguly Rejebowyň “Çuwal bagşy” hem-de başga-da birnäçe spektakllary sahnalaşdyrýar.
Şonuň ýaly-da, ol aktýor hökmünde-de ençeme ilhalar keşpleri döredýär. Olardan mysal hökmünde B.Suhanowyň “Syrly derwezedäki” Serdarowyň, A.Gurbannepesowyň “Derňewçi–78-däki” Döwranyň, A.Nazarow bilen A.Gurbandurdyýewiň “Goşa bela” spektaklyndaky Mawowyň, T.Hojakgaýewyň “It gyrkýan hojaýyn” oýnundaky Tazylyýewyň, “Çuwal bagşyda” Sapar gyjakçynyň hem-de N.Hojageldiýewiň “Zelili” spektaklyndaky baş keşp bolan Zeliliniň keşbi ýaly biri-birinden tapawutlanýan dürli rollary agzamak bolar.
Irginsiz çekilen zähmet netijesinde, ol öz göwün beren kärinde ussatlyga ýetipdir. Ol bir käriň däl, eýsem, birnäçe hünäre eýelik edýär. Halypa hem režissýor, hem aktýor, pedagog. Bularyň daşyndan pýesa-da ýazýar. Ol özüniň hünärini ýaşlara-da irmän-arman öwredýär. Bu günki gün onuň elinden tälim alan oglan-gyzlar barmak basyp sanardan kän. Halypa mugallym olara guwanyp ýaşaýar.
—Men 1985-nji ýylyň başlarynda, her näçe kyn hem bolsa, teatr bilen hoşlaşdym. Aşgabada gelip, şäheriň ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebinde etikadan we estetikadan sapak berip başladym. 1989-njy ýylda bolsa “Türkmenfilm” kinostudiýasynda “Naýza” atly satiriki žurnalda işläp ugradym. Şeýle-de şol ýyllar Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynda esasy işimiň daşyndan talyplara tälim berýärdim.
1992-nji ýylda Garaşsyz diýarymyzda ilkinji gezek açylan Medeniýet institutynda kafedra müdiri bolup, talyplary aktýor hem režissýor ussatlygyndan sapak okadyp başladym. Ýön şonda-da teatrdan aramy ymykly üzüp bilmedim. Öň işläp gaýdan ýerim bolan N.Andalyp adyndaky sazly drama-teatry bilenem hemişe aragatnaşyk sakladym. Bu teatryň sahnasynda Jamma Meredowyň “Aşyk Aýdyň pir”, Taňryguly Taganowyň “Syrly gelin”, Gazakbaý Ýollyýewiň “Nurmuhammet Andalyp” spektakllaryny sahnalaşdyrdym – diýip, halypa geçen günlerini ýatlaýar.
Rejep aga esasy işiniň daşyndan 1993-nji ýylda “Gopuzyň owazy” atly drama eserini ýazýar hem-de ony sahnalaşdyryp, tomaşaçylara hödürleýär. Şeýle-de halypanyň ýazan “Jenaýat” atly pýesasy Aýnazar Batyrow tarapyndan sahnalaşdyrylýar. Bu spektakl hem halk köpçüligi tarapyndan oňat garşy alynýar.
Rejep aga Türkmen döwlet medeniýet institutynda 1999-njy ýyla çenli işläninden soň, Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň Herrikgala obasyndaky sungat mekdebiniň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary we şol etrabyň Gypjak obasyndaky sazçylyk mekdebiniň müdiri wezipelerinde zähmet çekýär.
Köpleriň halypasy Rejep aga 2004-nji ýyldan häzirki güne çenli Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda ýokary derejeli sahna ussady bolup zähmet çekip ýör. Bu teatryň sahnasynda hem halypa aktýor birnäçe keşpleri janlandyrdy. Olardan “Agzybirlik ýylysydyr ojagyň” atly spektaklda maşgalabaşynyň, G.Daňatarowyň “Hazynasynda” Emir Mejnunyň, “Hakyda” hem-de “Söýgi we hasrat” spektakllaryndaky ýaşulynyň keşpleri aýratyn bellärliklidir. Rejep aga türkmen kino sungatyna hem öz goşandyny goşýar. Ol ir döwürlerde “Türkmenfilm” kinostudiýasynda surata düşürilen “Mysgal” filminde, Türkmenistanyň halk artisti Ilmyrat Bekmiýewiň “Jennet bagy”, Kerim Annanowyň surata düşüren “Ak maýanyň ýoly” çeper filmlerinde, şonuň ýaly-da, telewideniýäniň önümi bolan “Bagt agşamy”, “Buşluk, ogluň boldy” atly filmlerde dürli keşpleri döredýär.
Köpleriň halypasy Rejep Gurbanowa 1994-nji ýylda “Ussat mugallym” diýen hormatly at, şeýle-de 2011-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti”, 2014-nji ýylda-da “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly atlar dakylýar.
— Pursatdan peýdalanyp, Arkadag Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde diňe rowaçlyklary arzuw edýärin – diýip, bu günki gün 75 ýaşy arka atan halypa artist Rejep Gurbanow ýürek buýsanjyny beýan edýär.
Akmyrat Hojaberdiýew,
Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm”
birleşiginiň hünärmeni.