Dem almak adam bedeniniň kadaly ýaşaýşy üçin zerur, hat-da ösümlik dünýäsi hem dem alýar. Kimem bolsa birine zerur gerek zat bolsa, “Şu bize howa ýaly gerek” diýip aýdýandyrlar. Beýle diýildigi, hakykatdan hem howanyň biziň bedenimize gerekligi bellenip geçilýär. Adam 3-4 minut howasyz oňup biler, ýöne howasyz janly-jemende ýaşap bilmeýär. Bu bolsa, bedende kislorodyň, howanyň ätiýaçlygynyň ýoklugy bilen düşündirilýär.
Adamzadyň ömründe, durmuşynda hemme zat dem almak bilen baglanyşykly bolup geçýär. Meselem, ganyň düzümi, hereketi, duýgysy, aň derejesiniň ösmegi. Şeýle hem, gepleşikde, aýdym aýdylanda dem almak bilen bagly. Giň meýdana çykyp, lezzet alanymyzda, howply bela – beterden gutulanymyzda hem uludan dem almak bilen, öz içki dünýämizi äşgär edýäris. Doly ýapyk ýerde adama 1 sagadyň dowamynda 2 m3 howa gerek bolýar.
Burun boşlugy örän aňsat gurnalan ýaly bolup görünýändir. Ýöne siz burun boşlugyna düşen howanyň nähili güne düşýändigini bilsediňiz? Howa burna giren dessine duýujy beden agzalaryna tarap ugrukdyrylýar. Bu ýagdaýda howanyň geçiş ýoly uzaýar, elbetde şol sebäpden hem, boşlukda eglenýän wagty artýar. Burun boşlugy süňk boşluklarynyň çatrygynda ýerleşýär. Burun boşlukda 1 sm2 150 gowrak mäzler ýerleşendir. Nemli örtükler gan damarlaryna, esasan-da, giň göwrümli wena damarlaryna baýdyrlar. Gan damarlary öz ýylysyny howa bilen paýlaşyp, ony derrew ýyladýar, nemli örtük bolsa, çyglandyrýar. Bakteriýalar we zyýanly bölejikler ýörite öýjükler tarapyndan saklanyp galýarlar.
Dem alyş ýollarynyň öz-özüni arassalamak ukyby: mikroskop arkaly ulaldyp seredilende, “goragçy” öýjükler şemala başlaryny ygşyldadyp oturan bugdaý meýdanyny ýadyňa salýar. Sümmülleri tolkun atyp duran giň meýdan ýaly ajaýyp görnüş aklyňy haýran edýär. Bu tolkunly hereketler içiňe sorulan howa akymynyň garşysyna bolýar. Şol tolkunlaryň ugry bilen bolsa, öýkenden tozan bölejikleri çykarylýar, ýagny öýken dürli “galyndylardan” saplanýar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, eger şol öýjükler öýkeni arassalamasa, onda 60-70 ýylyň dowamynda 5 kilograma çenli hapa ýygnanyp biljek eken. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, şol öýjük bölejikleri gurbaganyň kentlewüginden alnyp, aýnajygyň üstünde goýlup, tejribe synagy geçirilende, onuň kem-kemden ýokary süýşüp gidýändigini alymlar subut edipdirler.
Dem alyş ýollaryndan geçýän howa arassalanýar, zyýansyzlandyrylýar, onuň hili kesgitlenip, päkizelenýär. Bulardan başga-da, dem alýan howamyz gurak bolsa, nemlendiriji mäzler arkaly çyglylyk emele gelýär. Sowuk howa baranda bolsa, gan damarlary giňäp, ýylylyk berýärler. Dem alyş ýollary zyýanly zatlardan, yslardan duýdansyz gyjynanda, dem almak kynlaşýar. Şeýle hereketleri etmek bilen ol bedeni goraýar. Bulardan başga-da, dem alyş ýollary deňiz ýakasyndaky, daglyk ýerlerdäki we beýleki mekanlardaky howanyň hilini hem kesgitleýär. Ýakymly howany duýanda, dem alyş ýollary giňeýär. Duýdansyz ýagtylyga çykylanda, endamyňa sowuk degende asgyrýarsyň, asgyranyňdan soň kelläň açylyp, ýeňlän ýaly duýgy gurşap alýar. Gyjyndyryjylaryň täsiri bilen kelle, diş agyryp bilýär, üsgürip başlaýarsyň, ýürek bulanmak we gaýtarmak ýaly alamatlar ýüze çykyp bilýär. Adam köp pikir eden halatynda dem alyş ýygylygy hem haýallaýar, çuňlaşýar. Wajyp meseläni çözeninde bolsa, dem alyş ýygylygy artýar. Sowuk suwa girmänkäňiz we gireniňizden soň dem alşyňyzy synlap görüň!
Öýken düwmejikleri üç esse giňäp bilýärler. Olaryň diwarjygynyň ýukalygy päki tygynyň ýukalygyndan hem 10 esse ýukadyr. Şol düwmejikler bir tekizlikde ýazylyp goýulsa, 150 m2 meýdany tutardy. Ganyň mukdarynyň 33%-i öýkende, 14%-i bolsa, aýakda ýerleşendir.
Arassa howa, kislorod has-da ösüp barýan çagalara zerurdyr, “işleýän” dokumalara gerekdir. Adam uklap ýatan mahaly 1 sagadyň dowamynda 15-20 litr kislorod sarp edýär, haýal ýörände 2 esse, ýeňil iş etse 3 esse, agyr iş edende bolsa, 6 esse köp kislorod sarp edýär.
Biz dem alyş ýollarynyň işjeňligi barada köp zatlary bildik. Geliň, indi nädip dem almalydygyny öwreneliň! Ähli hereketleriň, maşklaryň diňe dogry we dürs ýerine ýetirilen halatynda peýdaly bolýandygyny unutmaň.
Eýsem, nädip dem almaly? “Dem alyş täliminiň ussatlary” kimlerkä? Has takygy, dem almak boýunça ussatlaryň hataryna aýdymçy-sazandalar, türgenler, ýüzüjiler, ýoga bilen meşgullanýanlar we beýlekiler girýärler.
Dem almagy hem başarmak gerek. Ýagny, dem almaga gatnaşýan muskullary, döş kapasasyny we diafragmany dogry ulanmagyň hötdesinden gelmeli. Ýoga bilen meşgullanýan adamlar oňa has gowy düşünýärler, sebäbi ýoganyň talaplarynyň özenini dürs dem almagyň täri düzýär. Ýogalar dogry dem almagy esaslandyryjylar diýsek hem hakykatdan daş düşmesek gerek, çünki olar dogry dem almagyň usullaryny oýlap tapanlar hasaplanýar. Dem alşy kadaly saklap, oňa erk edip bilýänler, diňe bir dürli kesellerden goranman eýsem, ýaramaz endiklerden, häsiýetlerden daşlaşyp bilýändigini ýoga ussatlary belleýärler. Adam dürs dem alyp bilse, howa bedene energiýa berýär, ony arassalaýar hem-de gujurly edýär. Ysmaz bolan hassalaryň, ýaşy gartaşan adamlaryň we çagalaryň dem alyş ýollary kesele uçrasa, olaryň dem alyş bilen baglanyşykly maşklary yzygiderli ýerine ýetirmegi örän peýdalydyr. Şonuň üçin bejeriş, öňüni alyş edaralarynda adatça, dogry dem almak maşklary giňden berjaý edilýär.
Dem almak we hereket: islendik hereketi alyp görsek, sazlaşykly, howlukman dem alybermeli ýaly, ýöne kämahallar sazlaşyk bozulyp, demi saklamaly bolýan wagtlary hem duş gelmän durmaýar. Adatça, demi daşyňa çykarmak içiňe çekmekden uzagrak bolýar. Aýdymçylarda şu ýagdaý has hem uzaga çekýär, ýagny howany daşyna çykarmak 30-50 esse dowamly bolup bilýär. Sazlaşykly bolmaly diýmegimiz nämäni aňladýar? Eden hereketimiz bilen dem almagymyzyň sazlaşykly işlemegi üçin, howany içimize çekmegimiz döş kapasamyzyň giňemegine getirýär. Elbetde, howany daşymyza çykarmak bolsa, döş kapasamyzyň daralmagyna getirýän herekete gabat gelmelidir. Dem alşyň hereket bilen sazlaşykda bolmagy, öýkeni hem-de dem alşa gatnaşýan muskullaryň güýjüni doly möçberde ulanmaga bize mümkinçilik berýär. Şeýle düzgüni berjaý etmek zerurdyr, ýagny ellerimizi gapdala açanymyzda, göwrämizi dik saklap, aýaklarymyzy göneldip ýazanymyzda (dik durmak ýagdaýy) uludan dem almaly (howany içimize çekmeli), ellerimizi biri-birine we göwrämize ýakynlaşdyranymyzda, egilenimizde we aýaklarymyzy eplänimizde (oturmak ýagdaýy) howamyzy daşyna çykarmaly. Köplenç hereketler duýdansyz hem-de güýçli bolanda, howamyzy daşyna çykarýarys. Ussat boksçylar urgy edende, howany daşyna çykarýarlar, öwrenjeler bolsa demini saklap urýarlar. Şonuň üçin, bu zatlar türgenleşikleriň dowamynda sazlaşyga gelýär. Emma suwda ýüzýän türgenleriň demini içinde saklamagy gerekdir, sebäbi ol suwuň ýüzünde durnuklylygyny saklap, hereketini çaltlandyrýar. Çenden aşa az hereket ýa-da hereketsizlik dokumalardaky dem alşyň bozulmagyna sebäp bolýar. Kislorod ýetmezçiligine has hem, nerw dokumalary we ýürek muskullary duýgur bolýar. Derrew ýüze çykýan baş aýlanma, kelle agyry, ýüregiň töweregindäki agyry muňa şaýatdyr.
Dürs dem almak: indi arassa howa hakda ýatlap geçsek, ýerlikli bolardy, sebäbi, näçe dürs dem alsak-da, howamyz arassa bolmasa onçakly netije bermez. Lukman bolup işlän ýyllarym ýüz tutup ýanyma gelen birnäçe adamlara “Howasyny çalşyp görmeklerini” maslahat beren wagtlarym az bolmady. Demgysmaly, işdäsi peselen, dünýä bolan garaýşy üýtgän hassalary arassa giň meýdanyň, deňziň ajaýyp howasy bilen sagdyn durmuşa gaýtaryp getirmek bize başartdy. Durmuşda köp keselleriň başlangyjy, gynansak-da öýden çykman, gezelenç etmän oturylýan ýagdaýlarda döreýär. “Näçe derman içdim haýry degmedi” diýen adamlaryň birnäçesini daglyk jülgelerde gezdirenimden soňra, derman içmelerini bes etdiler. Dem gysmaly adamlar deňziň boýunda ýaşasalar beýle ýagdaý aňsat bolmaýar. Öňler ýörite lukmanlar toparynyň görkezmesi esasynda demgysmaly, allergiýaly hassalaryň kenar ýakalarynda ýaşamagy üçin karar çykarylyp, olaryň ýaşaýyş ýerlerini üýtgetmek maslahat berilýärdi. Arassa howaly giň meýdanda naharlanyp, dynjymyzy alsak, elbetde, özümizi duýuşymyz hem gowulanar. Dogry dem almagy öwreneliň! Dem alanyňyzda howanyň hoştaplygyndan, serginliginden lezzet almaga çalşyň! Diňe şonda siz tebigaty öwrenip başlarsyňyz, diňe şonda tebigat siziň janyňyza şypa berer!
Ilçilikde “Hiç ýere gidip bilmeseň nätmeli?” diýýänlerem tapylaýýar. Iň bolmanda, günde otaglary ýelejiredip, çyglandyryp durmaly, howany arassa saklajak bolmaly, ýaltalyk etmän töwerek-daşyňda iň bolmanda, ýarym sagat, gezelenç etmegi başarmaly. Şeýle etseňiz dowamy hem öz-özünden bolup gider.
Muhammetmyrat Gurbanow,
TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar
merkeziniň Keselleriň öňüni alyş bölüminiň lukmany.