Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, elektron senagatyny ösdürmek üçin, 2019-njy ýyldan başlap, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň orta möhletli konsepsiýasy durmuşa geçirilýär.
IT-hyzmatlarynyň ählumumy elýeterliligini üpjün etmek onuň möhüm wezipeleriniň biridir.
Dünýäniň elektron senagaty ylmy-tehniki ösüşleriň netijesidir. Ol ilkibaşda elektro we radiotehnikanyň düzüminde döräp, soňra ondan bölünip, özbaşdak pudaga öwrülýär. Ol täze pudak hökmünde ýokary depginler bilen ösüp başlaýar. Netijede, 1999-njy ýylda önümiň bazar nyrhy 1 trillion, 2005-nji ýylda bolsa 1,5 trillion dollara ýetip, nebit, awtoulag we hatda himiýa senagatyndan hem öňe geçip, birinji orny eýeleýär. Şeýlelikde, elektronika diňe bir önümçiliginiň mukdary boýunça däl, eýsem, hil görkezijisi babatda hem öňe saýlanýar. Elektron senagaty dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň baş ugruny kesgitleýän önümçiliginiň innowasion pudagy, şeýle-de, düýpli ylmy barlaglary talap edýän ugry bolup durýar. Ol dünýäde önümçiligi guramagyň täze görnüşlerini ýüze çykarmaga sebäp bolýar. Elektron senagaty ynsan durmuşyny toplumlaýyn awtomatlaşdyrmakda we maglumat bilen üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ugur özüniň dörän günlerinden bäri haýsydyr bir sebäp bilen çynlakaý pese düşen döwri bolmandyr. Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda onuň ösüş depgini içerki milli girdejiniň ortaça ösüş depginlerinden adatça, 5-10 esse ýokarydyr. Girdejili bolýanlygy sebäpli bu pudaga maýa goýmak, senagatyň beýleki pudaklarynyň görkezijileri bilen deňeşdireniňde, 3-4 esse ýokarydyr. Häzirki wagtda bu pudak hemmetaraplaýyn ösüp, dünýä ýurtlarynda we sebitlerinde giň gerime eýe bolýar.
Maglumatlary işläp taýýarlamakda ulanylýan elektron serişdeleriniň önümçiligine kompýuter ýagny, elektron hasaplaýjy enjamlar öndürmek esasy orunlaryň birini eýeleýär. Olar Ikinji jahan urşundan soňra, ABŞ-da öndürilip başlanýar we häzirki günlere çenli hasaplaýjy enjamlaryň köp görnüşlerini we degişli abzallaryny öndürmekde bu ýurt öňdeligini saklaýar. Oňa mikro, mini we super elektron hasaplaýjy enjamlar degişlidir. Eýýäm, 1990-njy ýyllarda elektron hasaplaýjy enjamlaryň önümçiliginiň bazar nyrhy 100 milliard dollardan geçýär. ABŞ-da kompýuter kompaniýalarynyň ýüzlerçesi dünýäde öndürilýän ähli kompýuter önümleriniň ýarysyndan gowragyny öndürip ugraýar. Ikinji orny Ýaponiýa eýeläp, ol ýerde hem hasaplaýjy enjamlaryň esasy görnüşleriniň ähli görnüşi öndürilýär. Ýaponiýa dünýäniň elektron enjamlary bazarynda 1970-nji ýyllarda peýda bolýar we hakyky tehnologik öwrülişigi amala aşyrýar. Şol döwürde ol Günbatar Ýewropadan ozduryp, ABŞ-a has golaýlaşýar.
Günbatar Ýewropada kompýuter önümçiligi, esasan, sebitiň öňdebaryjy ýurtlarynda jemlenýär. Maglumatlary işläp taýýarlamakda ulanylýan elektron enjamlarynyň önümçiliginiň iri sebitleriniň ýene-de biri bolsa Aziýanyň täze senagat ýurtlarydyr. Ýöne olaryň hil baradaky aratapawutlary nazara alynýar.
Soňky 40 ýylyň içinde kompýuterleriň önümçiligi ýokary depginler bilen ösýär. Ol 1975-nji ýylda ABŞ-da peýda bolýar we awtomatlaşdyrylan iş ýerleriniň döremegine sebäp bolup, durmuş we biznes ulgamlaryna tiz ornaşyp başlaýar. Soňra ol Ýaponiýada, Aziýanyň täze senagat ýurtlarynda, Günbatar Ýewropada we Hytaýda köpçülikleýin öndürilip başlanýar.
Önümçiligiň bu pudagyna kompýuterleri programma bilen üpjün etmek hem girýär. Bu ugurda “Microsoft” ýaly birnäçe uly kompaniýalaryň işjeňliginiň netijesinde, ABŞ has öňe saýlanýar. Telekommunikasiýa (tehniki aragatnaşyk enjamlarynyň önümçiligi) bolsa, telefon, teleks aragatnaşyklarynyň, wideo aragatnaşyklaryň, elektron bukjalaryň, hemra we optiki süýümli aragatnaşyklaryň we beýlekileriň ulanylyşynyň geriminiň artyşyna görä ösýär. Durmuşda ulanylýan elektron enjamlarynyň önümçiligi, bu pudagyň iň köp çykarylýan önümleriniň elýeterli görnüşleri bilen ilaty üpjün edýär.
1960-njy ýyllarda ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Günbatar we Gündogar Ýewropanyň ykdysady ösüşiniň köp bölegini radioenjamlar we telewizorlar üpjün edipdir. Ýöne 1990-njy ýyllarda Aziýanyň täze senagat ýurtlarynda we Hytaýda durmuşda ulanylýan elektron enjamlaryň öndürilişiniň depginleriniň artmagy, beýleki üç sebitiň umumy paýynyň azalmagyna alyp barýar. Ýöne Ýaponiýa durmuşda ulanylýan elektron enjamlaryny öndürýän iň iri öndürijileriň biri bolup, bu ugurda ýapon elektronikasy has ýokary hilli bolmagynda galýar.
Dünýä belli “Sony” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Akio Morita tranzistorly radiopriýomnikleriň köpçülikleýin öndürilişini ilkinji bolup ýola goýýar. Şeýle hem, dünýäde ilkinji bolup, wideomagnitafony we gulaklykly kasseta goýulýan çaklaňja pleýeri döredýär. Niderland kompaniýasy “Philips”, Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasy bilen birlikde ykjam disklere (CD) ses ýazgy etmegiň täze lazer tehnologiýasyny işläp düzýär we ornaşdyrýar. Bu iki kompaniýa ýokary durulykly telewideniýäniň tehnologiýasyny hem amala aşyrýar.
Elektron abzallaryň önümçiligi (tranzistorlar, ýarym geçirijiler) has ýokary depginler bilen ösýär. Bu depginler maýa goýumlary arkaly has-da ýokarlanyp, mikroshemalaryň kämilleşmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. 1980-nji ýyllara çenli ABŞ-nyň kompaniýalary mikroshemalar bilen esasy üpjün ediji bolup durýardylar. Olar ýapon kompaniýalaryndan we Ýewropanyň “Philips”-inden ep-esli öňe saýlanýarlar. Soňra mikrokompýuterleri öndürmek boýunça iri amerikan kompaniýalarynyň biri “Intel”-iň ösüşlerine garamazdan, birinjilik NEC, “Toshiba” we “Hitachi” ýaly ýapon kompaniýalarynyň paýyna düşýär.
Häzirki wagtda elektron enjamlary öndürmekde ABŞ, Ýaponiýa, Koreýa, Germaniýa, Hytaý, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Italiýa we Niderlandlar ýaly ýurtlar has öňde barýarlar. Elektron senagaty kompaniýalarynyň her bir pudagynyň öz işlerini durnukly alyp barmak boýunça berk ýörelgeleri bar. Şonuň üçin, elektron senagatynyň düzümindäki birnäçe ylmy-barlag edaralary hem-de Kaliforniýadaky Silikon jülgesi bu ugurda çynlakaý işleri alyp barýarlar. Häzirki wagtda elektron senagatynyň ählumumy söwdasynda ýokarda ýatlanyp geçilen ýurtlar öňdeligi eýeleýärler.