Jo Baýdeniň ýeňşi. 3-nji martda ABŞ-da geçirilen saýlawlaryň ilkinji tapgyrynda öňki wise-prezident Jozef Baýden Alabama, Arkanzas, Wirjiniýa, Minnesota, Demirgazyk Karolina, Oklahoma, Tennessi we Massaçusets ştatlarynda ýeňiş gazandy. Esasy garşydaşy senator Berni Sanders bolsa, Wermont, Kolorado, Ýuta we Kaliforniýa ştatlarynda ýeňiş gazandy.
Ses berlişik geçiriler. 22-nji aprelde Russiýada Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek boýunça ses berlişik geçiriler. Bu sene Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan kesgitlendi. – Ses bermegiň wagty belli boldy, şeýle-de ses berlişigiň geçiriljek güni hak tölenýän dynç güni bolar – diýip, Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek boýunça iş toparynyň başlygynyň orunbasary Pawel Kraşeninnikow aýtdy.
Malaýziýanyň täze Premýer-ministri. 1-nji martda Malaýziýanyň Patyşasy Abdulla Riýatuddin Al-Mustafa Billah, Muhiddin Ýassini ýurduň täze Premýer-ministri wezipesine belledi. Şeýlelikde, 72 ýaşly Muhiddin Ýassin ýurduň täze hökümet başlygy boldy. Kasam kabul ediş dabarasy Istana Negara köşgünde geçirildi. Ýurduň 94 ýaşly ozalky Premýer-ministri Mahathir Mohamad 24-nji fewralda wezipesinden çekilipdi.
Likud öňde. Ysraýylda bir ýylyň içinde üçünji gezek geçirilýän parlament saýlawlarynda Premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Binýamin Netanýahunyň Likud partiýasy öňdeligi eýeleýär. Likud 37 orna eýe bolup, hyzmatdaşlary bilen birlikde, 120 orunlyk Knessetden (parlament) 60-dan gowrak orna eýe bolar diýlip garaşylýar. Ses berlişigiň netijesi basym mälim ediler. Täze hökümet gurmak üçin bileleşik Knessetden azyndan 61 orun almaly.
Dolandyryjy partiýa ýeňiş gazandy. Täjigistanda 1-nji martda geçirilen Parlament saýlawlarynda dolandyryjy Halk demokratik partiýasy 50,4 göterim ses alyp, ýeňiş gazandy. Ses berlişigiň netijeleri boýunça bu maglumatlary Täjigistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Bahtiýor Hudoýorzoda habar berdi. Saýlawlara gatnaşyk 86,4 göterime deň boldy.
Netijeleri mälim edildi. Azerbaýjanyň Merkezi saýlaw topary ýurtda 9-njy fewralda geçirilen milli Mejlisiň saýlawlarynyň netijelerini mälim etdi. Maglumatlara görä, dolandyryjy “Ýeni Azerbaýjan” partiýasynyň wekilleri parlamentde has köp orna eýe boldy. Olar 125 orunlyk parlamentden 70 orun aldylar. Garaşsyz dalaşgärler 41 orna, şeýle-de, beýleki 8 syýasy partiýanyň 10 dalaşgäri hem ýurduň parlamentinden orun aldylar.
Iki esse köpelder. Ýewropanyň 33 ýurduny, şol sanda, Islandiýa, Lihtenşteýn, Demirgazyk Makedoniýa, Norwegiýa, Türkiýe ýaly ýurtlaryň uniwersitetleriniň arasynda talyplaryň alyş-çalşygy üçin niýetlenen “Erasmus” maksatnamasyndan 300 müň talyp peýdalanýar. Ýewropa Komissiýasy indiki 7 ýyllyk döwür üçin (2021-2027) bu maksatnamany maliýeleşdirmegi 30 milliard ýewro çenli iki esse artdyrmagy göz öňünde turýar.
Maliýe ýardamyny alar. Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen ÝB-niň gaznasyndan Asturiýa, La-Korunýa, Leon, Palensia, Teruel, Almeriýa, Kordowa we Kadiz ýaly ispan şäherlerine senagat we energiýa öwrülişigi üçin maliýe serişdeleri bölünip berler. Ispaniýa, esasan hem, magdan gazyp alynýan sebitlerde daşky gurşawy dikeltmek üçin 307 million ýewro möçberinde serişde alar.