Gäminiň gelmegi
Durmuşynyň bosagasynda deň-duşlarynyň ählisinden saýlanýan Almustafa, Orfales galasynda dogduk adasyna alyp gitmeli gämisine on iki ýyl garaşdy. Ol on ikinji ýyl, hasylyň rähneti görülýän aýda – orak möwsüminiň ýedinji güni gala diwarlarynyň daşyndaky depä çykyp, deňze göz aýlanda, duman ümezinden çykyp gelýän gämä gözi düşdi. Şonda onuň kalbynyň derwezeleri giňden açylyp, şatlygy deňziň ýüzünden alyslara perwaz urdy. Ol gözlerini ýumdy, asuda göwni bilen doga-dileg etmäge başlady. Emma, depeden aşak düşende, ony gam-gussa gurşap aldy we öz ýanyndan oýa batdy: “Nädip, bu ýerden arkaýyn, gaýgysyz gidip bilerin? Ýok, men ýarasyz kalp bilen bu mekany terk etjek. Bu diwarlaryň arasynda geçiren muşakgatly günlerim uzaga çekdi, ýalňyz-tenha galan gijelerim uzyn boldy, heý, onsoň kim gynanman öz derdinden we ýalňyzlygyndan jyda düşüp biler?!
Köňlümiň juda köp parçalaryny bu köçä ýaýratdym, hyjuwymdan dünýä inen juda köp oý-pikirler bu depeleriň aralarynda aýakýalaňaç aýlanyp ýörler, onsoň men olardan nädip, agyry-ünjüsiz daşlaşyp bilerin?! Ýok, men özümden soňra hiç hili akyl galdyrmaýaryn, megerem, diňe teşnelik bilen süýjedilen kalbymy galdyrýaryn. Her niçik-de bolsa, men bu ýerde uzak saklanyp bilmeýärin. Ähli närseleri özüne çagyrýan deňiz, meni hem çagyrýar, men gämä hökman münmeli. Şoňa görä, gijeleriň çagyrýandygyna garamazdan, bu ýerde meniň galmagym daşa dönmegimi, hemişelik üýtgewsiz bir galyba salynmagymy aňladýar. Käşgä, bu ýerdäkileriň baryny özüm bilen alyp gitsemdim. Ýöne nädip? Seda we oý-pikirler özüne ganat beren dili we lebi alyp gidip bilmeýär. Ol ýalňyzlykda asmany gözlemeli. Höwürtgesiz tenha bürgüt hem Kuýaşa sary uçýar ahyryn”.
Ol depäniň etegine ýetende, ýaňadandan deňze tarap öwrüldi, şonda onuň duralgaly aýlaga girip gelýän gämä gözi düşdi, onda bolsa, deňizçiler – mähriban ülkesiniň adamlary bardy. Onuň göwni göterilip, öz ýanyndan dillendi: “Garrap, tapdan düşen enemiň perzentleri, siz möwçleriň çapyksuwarlary, siz düýşümde juda ýygy-ýygydan ýüzýärdiňiz. Indi bolsa, syrly düýşlerim huşumda golaýlaşyp gelýär. Men ugramaga taýyn, ýelkenler galdyrylan, ýele sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Diňe bu asuda howadan ýene-de bir gezek dem alaýyn, diňe ýene-de bir gezek söýgi bilen yzyma nazar aýlaýyn. Onsoň men deňizçi bolup, siziň ýanyňyzda – deňizçileriň arasynda duraryn. Sen ägirt uly deňiz, ukysyz ene, ýeke özüň derýalaryň, çeşmeleriň akymyna asudalyk we erkinlik berýärsiň. Ol derýalar ýene-de öwrüm ýasarlar, öz hanalaryndan ýene-de mukam ýaýradarlar. Şonda men gözýetmez deňze sary akýan tükeniksiz derýanyň kenaryna gelerin”.
Ol gidip barýarka, alysdan ekin meýdanlaryny, üzümligini taşlap, galanyň derwezesine bakan alňasap gelýän erkek kişileri we zenanlary gördi. Ol adamlaryň öz adyny tutup, ekin meýdanyndan ekin meýdanyna gygyryp, gäminiň gelendigini biri-birine buşlaýan seslerini eşitdi. Ol öz ýanyndan pikir ýüwürtdi:
“Eýsem, bu aýralyk güni ýygnanyşyk güni bolup bilermi? Eýsem, meniň agşamyma meniň säherim diýip bolarmy? Men öz azalyny sürüm wagtynda taşlap gaýdana ýa-da üzüm sykýan çarhyny togtadana näme bereýin? Eýsem, olara ýygyp bererim ýaly meniň kalbym bol miwelerden agramyna eglip duran daragt bolup bilermi? Olaryň pyýalalaryny doldurarym ýaly, isleg-arzuwlarym çüwdürim deý zogdurylarmy? Gudratyň elleri maňa galtaşar ýaly, megerem, men arfadyryn ýa-da onuň nepesi içimden geçer ýaly gargy tüýdükdirin? Men diňe asudalygy gözleýji, ony ynamly paýlarym ýaly bu rahatlykdan nähili genji-hazynany tapyp bilerin? Eger-de şu gün hasyl ýygnaýan günüm bolsa, haýsy meýdana tohum sepdim we ýadyma düşmeýän haýsy möwsümde? Eger-de bu, hakykatdan-da, şol pursat bolsa, öz şamçyragymy götereýin, ýogsam, peltede meniň alawym ýanmaz. Men şamçyragymy boş we öçük halda göterjek, goý, ony gijäniň sakçysy ýag bilen doldursyn, özi hem ýaksyn”.
Ol bu sözleri zybana getirdi. Ýöne onuň kalbynda köp zat aýdylman galdy. Çünki ol çuňňur syrlaryny aýdyp bilenokdy. Ol galanyň içine girende, ähli adamlar ony garşylamaga geldiler, bir ses bilen oň halyna agladylar. Galanyň ýaşululary öňe saýlanyp, şeýle diýdi:
– Gidiber, ýöne bizden daşlaşma. Sen biziň gijelerimizi gündize öwürdiň, seniň juwanlygyň arzuw etmäge huruç berdi. Sen biziň aramyzda kesekem, myhmanam dälsiň, eýsem, söýgüli, eziz perzendimizsiň. Gözlerimiz didaryňa teşne hem bolsa, sabyr et.
Erkek kişiler we zenanlar hem içlerini dökdüler:
– Deňiz möwçleriniň bizi aýra salmagyna, seniň aramyzda geçiren ýyllaryň ýadygär bolup galmagyna ýol berme! Sen ruh bolup, aramyzda gezdiň, saýaň bolsa, ýüzümizde nur bolup şugla saçdy. Biz seni juda söýdük. Ýöne biziň söýgimiz sessiz-üýnsüz bolup, bürençek bilen örtülendi. Ýöne häzir ol batly sesi bilen seniň öňüňde äşgär bolýar. Hemişe şeýle bolupdyr ahyryn, söýgi aýralyk pursadyna çenli öz çuňlugyny bilmeýär.
Beýlekiler hem gelip oňa towakga etdiler. Emma ol jogap bermedi. Ol diňe başyny aşak sallady, ýanynda duranlar onuň kükregine damýan gözýaşlaryny gördüler. Ol jemende bilen birlikde, ybadathananyň öňündäki uly meýdana tarap ugrady. Ybadathanadan Almitra diýen zenan çykdy. Ol bihal däldi. Almitra çuň mähir bilen oňa garady, çünki bu zenan, Almustafanyň gala gelen güni ýanyna baran, ynanan ilkinji ynsanydy. Zenan ony mübärekläp, dil ýardy:
– Hudaýyň bendesi, sen has ýokary kämilligiň gözleginde uzak wagtlap gämiň ýoluna garapdyň. Häzir seniň gämiň geldi, seniň hökman gitmegiň gerek. Pikiriňdäki ýere teşneligiň, dogduk depäňe bolan beýik arzuwlaryň çuňňur, goý, biziň söýgimiz seni baglap goýmasyn, saňa bolan zerurlygymyz seni saklamasyn. Emma bizi taşlap gitmezden ozal, biz bilen gürleşmegiňizi, hakykatyňyzy, oý-pikirleriňizi bize galdyrmagyňyzy haýyş edýäris. Biz olary öz perzentlerimize, olar bolsa, öz perzentlerine goýarlar we ol berbat bolmaz. Sen tenhalykda biziň günlerimizi yzladyň, oýalygyňda düýşümizdäki agylarymyza we gülkülerimize gulak asdyň. Şonuň üçin häzir bizi özümize äşgär et, dogluş we bakyýete göçüň arasyndaky bolup geçýän ähli bilýänleriň barada gürrüň ber.
Ol şeýle jogap berdi:
– Eý, Orfalesiň adamlary size ruhuňyzdaky hemişe bar zatlardan başga näme gürrüň bereýin?
Söýgi hakda
Almitra oňa bakyp, şeýle diýdi:
– Halypa bize söýgi hakda gürrüň ber.
Ol başyny göterip, adamlara garanda, olary ümsümlik gurşap aldy. Ol belent ses bilen şeýle diýdi:
– Haçan-da, söýgi sizi çagyrýarka, onuň yzyna düşüň, onuň ýoly agyr, öwrümli bolsa-da. Onuň ganatlary seni penalasa – iýmiş beriň. Perlerine ýapyşan tikenleriň çümmegi mümkin bolsa-da. Haçan-da, ol seniň bilen gürleşende – oňa ynan. Onuň sesiniň demirgazyk şemalynyň dagy-daşy tozduryşy dek, düýşleriňi bozmagy mümkin bolsa-da. Çünki söýgi başyňa täç goýýan hem bolsa, bendi edýär. Şeýle hem ösdürip ýetişdirip, gyrkýar.
Ol diňe bir sende has ýokary derejelere çenli göterilmän we Kuýaşa sary yraň atýan näzijek şahalaryňy sypalaman, eýsem, kökleriňe çenli aralaşyp, olary ýer bilen birlikde lerzana getirýär. Edil bugdaý harpygynyň çäjini gysyşy deý – ol seni bagryna basýar. Ol seni mesaňa äşgär etmek üçin döwýär, harpykdan azat etmek üçin eleýär. Ol seni päklemek üçin üweýär. Ol seni tä ýumşaýançaň ýugurýar; şol wagt seni Hudaýyň sahawatly suprasynyň mukaddes nany bolmagyň üçin öz keramatly ataşyna berýär. Söýgi bularyň baryny öz kalbyň syrlaryny bilmegiň, bu bilim bilen durmuşyň kalbynyň bir parçasy bolmagyň üçin edýär. Emma siz wehim edýänligiňizden ötri diňe asuda söýgini, söýgi sapasyny gözleýärsiňiz.
Şondan soň, size öz egnaçyklygyňyzy dessine ýapmagyňyz, söýgi harmanynyň döwülýän ýerinden uzaklaşmagyňyz üçin iň gowy pursat döreýär. Söýgi özünden özge hiç zat bermeýär we özünden başga hiç zat almaýar. Söýgi eýelemeýär, şeýle hem eýeletmeýär; çünki söýgä diňe söýgi ýeterlikdir.
Siz söýgini öz akymyna gönükdirip bileris diýip pikir etmäň, eger-de ol sizi mynasyp hasaplasa, özi gönükdirer. Söýginiň diňe özüni amala aşyrmakdan başga islegi ýok. Şoňa görä-de, goý, seniň söýgiňde hem eräp akyp, mukamyny gijä çalyp berýän, ýüwürýän çeşme kimin isleg bolsun.
Çakdanaşa köp mähirliligiň derdini duýmaly. Söýgä öz şahsy hakydaň bilen ýaradar bolmaly; şeýle hem höwes we hoşallyk bilen derýa bolup akmaly. Säher çagy ganat baglan ýürek bilen oýanmaly, söýginiň ýene-de bir gününe hoşallyk bildirmeli. Günorta çagy söýgi joşgunlygy barada oýlanyp dynç almaly. Agşamlaryna hoşallyk bilen öýe dolanmaly. Şonda ýüregiňe besläniňe doga-dileg edip, dilleriňiziň taryp edýän aýdymy bilen uka gitmeli.
Nika hakda
Şol wagt Almitra ýene-de söze başlady we oňa ýüzlendi:
– Halypa, nika barada näme aýdarsyňyz?
Ol şeýle jogap berdi:
– Siz biri-biriňiz üçin doguldyňyz, ömürlik hem bile bolarsyňyz. Hatda bakyýete göçüň ak ganatlary siziň günleriňize saýa salsa-da. Ýöne goý, siziň birligiňizde belli bir aralyk bolsun, goý, asman ýelleri siziň araňyzda tans etsin. Birek-biregi söýüň, ýöne söýgüden zynjyr ýasamaň. Goý, bu söýgi siziň göwnüňiziň arasyndaky möwç urýan deňiz bolsun!
Biri-biriňiziň pyýalaňyzy dolduryň, ýöne bir pyýaladan içmäň. Biri-biriňize öz çöregiňizden beriň, ýöne bir dişlem çörekden gätmäň. Bilelikde aýdym aýdyň, tans ediň, şadyýan boluň, ýöne biri-biriňize ýalňyz galmaga ýol beriň. Hatda lýutnýanyň her bir tary ýeke hem bolsa, olar birmeňzeş owaz bilen ýaňlanýar.
Ýüregiňizi birek-birege beriň, ýöne saklamak üçin däl. Çünki diňe durmuşyň gollary siziň ýürekleriňizi saklap biler. Bile boluň, ýöne beter golaý däl. Çünki ybadathananyň sütünleri hem aýratyn durýar. Dub we serwi agaçlary hem biri-biriniň saýasynda ösmeýär ahyryn.
Peşgeş bermek hakda
Şol wagt barly adam gönüsinden geldi:
– Bize peşgeş bermek barada gürrüň bersene.
Ol şeýle jogap berdi:
– Haçan-da, eýeleýän zadyňyzdan bir bölek berýärkäňiz, onçakly zat ýitirmeýärsiňiz. Haçan-da, janyňyzdan bir zatlar eçilseňiz, şonda bir zatlar berýärsiňiz. Çünki emläk ertirki gün gerek bolar öýdüp, gorkyňyza gorap saklaýan zadyňyzdan başga näme bolup bilsin. Haçan-da, zyýaratçylaryň yzyna düşüp, mukaddes şähere barýarka, süňklerini ýolsuz-ýodasyz çägede gömen, çendenaşa hasaply ite ertirki gün näme getirer!? Guýy suwdan doluka, teşnelikden gorkmak teşneligiňi gandyryp bilmezlikden başga hiç zat däldir.
Käbir adamlar köp zada eýe bolup, bar zadyndan juda az berýärler. Olar muny diňe başgalaryň özüni ykrar etmekleri üçin berýärler, olaryň gizlin islegleri sowgatlaryny peýdasyz edýär. Emma az zada eýe bolup, ähli zadyny berýän adamlar bar. Bular durmuşa, onuň sahylygyna ynanýanlar bolup, olaryň gapjyklary hiç haçan boş bolmaýar. Hoşallyk bilen berýänler bolup, şol hoşallyk olaryň serpaýydyr. Dert bilen berýänler bolup, şol dert olaryň çokunýan zadydyr. Şeýle hem agyry-ünjüsiz berip, ondan şatlyk gözlemeýän, ýagşylygyny unudýan adamlar bar; olar edil alysdaky deräniň mit gülleriniň hoşboý ysyny asmana ýaýradyşy ýaly eçilýärler.
Eýsem, berip bilmeýän nämedir bir zadyň barmy? Bar zatlaryň bary bir gün dargadylar. Şonuň üçin häzir ber, goý, berilýän wagt seniň mirasdüşerleriňki däl-de, seniňki bolsun. Sen “Men berjek, ýöne diňe mynasyplara” diýip, köp aýdýarsyň. Seniň miweli bagyň daragtlary, öri meýdanyňdaky sürüler şeýle diýenok. Olar ýaşamak üçin berýärler, çünki olar üçin bermezlik berbat bolmak bilen barabar. Sen ilki özüňi bermäge, berýän el bolmaga mynasyp et. Çünki hakykatda, diňe durmuş durmuşa berýär, sen bolsaň, özüňi berýän saýýaň, aslynda welin, sen diňe şaýatsyň. Siz alyjysyňyz, siziň ähliňiz alyjysyňyz – minnetdarlygyň ululygy barada pikir etmäň, şeýtmek bilen, siz özüňize, size peşgeş berýäne agram salýarsyňyz.
Dostluk hakda
Şol mahal bir ýigit öňe saýlanyp, janykdy:
– Halypa bize dostluk barada aýtsaňyzlaň!
Ol uzak garaşdyrmady:
– Seniň dostuň – bu seniň kanagatlandyrylan zerurlygyňdyr. Ol seniň ekin meýdanyň bolup, oňa mähir bilen tohum sepýärsiň, hoşallyk bilenem hasyl alýarsyň. Ol seniň supraňyň nany, ojagyň ataşydyr. Çünki onuň ýanyna teşnelik bilen baryp, aram we sapa gözleýärsiň. Haçan-da, dostuň saňa öz pikirini aýdanda öz hyýalyňda “ýok” diýmekden çekinme, “bor” sözüňi hem gaýgyrma. Haçan-da, ol dymanda, goý, seniň kalbyň onuň kalbyna diň salmagyny bes etmesin; çünki dostlukdaky ähli pikirler, islegler we umytlar sözsüz dünýä inýärler we şatlyk bilen paýlaşylýar.
Goý, dostlukda maksat däl-de, çuňlaşýan ruh bolsun! Çünki öz syrlaryny açmakdan özge zady gözleýän söýgi, çyn däldir, megerem, gabat gelen zady tutmak üçin, çen bilen taşlanan duzakdyr. Goý, seniň iň gowy zatlaryň dostuňky bolsun! Eger-de ol seniň günleriň gaýtgynlaryny görmeli bolsa, goý, ol daşgynlaryňy hem bilsin! Eger-de, diňe wagt geçirmek üçin dost gözleýän bolsaň, ol saňa nämä derkar?!
Onuň ýanyna wagtyňy hoş geçirmek üçin bar! Çünki dost seniň ruhuňy boşluk bilen doldurman, zerurlyklaryňy kanagatlandyrmalydyr. Şeýle hem dostlugyň süýjüliginde, goý, gülki hem-de deň paýlaşylýan şatlyk bolsun! Çünki kalp ownuk-uşak zatlaryň neminden säherini tapyp gujurlanýar.
Zähmet hakda
Soň daýhan şeýle diýdi:
– Halypa, bize zähmet barada gürrüň bersene!
Ol şeýle jogap berdi:
– Siz Zemin hem-de onuň ruhy bilen hemra bolmak üçin zähmet çekýärsiňiz. Çünki bihuda gezmek pasyllarda bigäne bolup, durmuş ýörelgesinden daşyna gadam urmakdyr – buýsançly başlaryňy egip, uzak ýola düşmekdir. Haçan-da, siz işläniňizde saz guraly ýaly bolup, onuň kalbynda wagtyň pyşyrdysy owaza öwrülýär. Beýlekileriň ählisi sazlaşykly owazlanýarka, siziň haýsy biriňiz dymma saz guraly ýaly bolmak isleýärsiňiz? Ýöne men, siz işleýärkäňiz, Ýeriň iň mukaddes arzuwy doglan mahaly, size tabşyrylan şol arzuwyň bir bölegini amala aşyrýandygyňyzy size aýdýaryn. Siz özüňizi zähmet bilen saklap, hakykatda, durmuşy söýýärsiňiz. Zähmet arkaly durmuşy söýmek, ýaşaýşyň iň pynhan syrlaryna akyl ýetirmekdir. Durmuş bu isleg döreýänçä, hakykatdan hem boşlukdyr. Ýöne bilim bolmasa, tagallalaryň bary kördür. Ähli bilim hem zähmetsiz bihudadyr.
Haçan-da, siz söýgi bilen işleýärkäňiz, özüňizi-özüňize, biri-biriňize hem-de tebigata ulaşdyrýarsyňyz. Eýsem, söýgi bilen zähmet çekmek näme? Bu seniň kalbyňdan uzaýan sapak bilen köýnek tikmek ýaly bir zat bolup, hamala, seniň söýgüliň bu köýnegi geýjek ýalydyr. Bu söýgi bilen öý gurmak ýaly bolup, göýä, ol öýde dildaryň ýaşajak mysalydyr. Bu mähir bilen tohum taşlamakdyr we şatlyk bilen hasyl toplamakdyr, göýä, seniň dilberiň ol miweleri iýjek ýalydyr. Bu öz göwnüň islegi bilen amal edip, ähli zady ýerbe-ýer etmekdir. Ady arşa çykan ähli eždatlaryň alnyňda durandygyny we saňa seredýändigini unutmaly dälsiň. Seni göýä, düýşde gürleýän deý telim sapar diňledim: “Mermer bilen işläp, öz ruhunyň suduryny daşdan tapýan adam pähimlidir. Älemgoşary kendir matanyň ýüzüne çekip, ynsanlary begendirýän adam has haýyrlydyr”.
Emma men aýdýaryn we ukyda däl, eýsem, günortan çagynyň oýalygynda, şemal bolsa, edil otuň naşyja baldajygy bilen gepleşýän dek ägirt uly dub agajy bilen mähirli gürleşýär. Diňe ýeliň şuwwuldysyndan nagma düzýän adam beýik bolup, ol özüniň söýgüsi bilen sapaly boldy. Zähmet – bu görünýän söýgüdir. Eger-de, nany ünssüz bişirseň, onda sen adamlary çig çörek bilen diňe ýarpy-ýalta doýurarsyň. Eger-de sen aýdymy hat-da, perişde ýaly aýdýan hem bolsaň, ýöne seniň aýdymyňda söýgi bolmasa, onda adamlaryň gulaklaryny gündizleriň we gijeleriň sedasyny eşitmekden saklarsyň.
Akyl we hyjuw hakda
Şol pursat zenan maşgala dil ýardy:
– Bize paýhas hem hyjuw barada gürrüň beriň!
Ol şeýle jogap berdi:
– Siziň göwnüňiz köplenç bäsleşik meýdany bolup, akylyňyz hem wyždanyňyz hyjuw we şöwket bilen darkaş gurýar. Käşgä, men siziň göwnüňiziň ylalaşdyryjysy bolsamdym, ruhuňyzdaky bäsdeşligi jebislige, sazlaşyga öwrüp bilsemdim. Eger-de, siziň özüňiz barlyşmak islemeseňiz we öz içki dünýäňize mähir bermeseňiz, men muny nädip başararyn? Siziň paýhasyňyz, hyjuwyňyz, göwnüňiziň ruludyr, gämiňiziň ýelkenidir. Eger-de seniň ruluň ýa-da ýelkeniň synsa, onda ol biderek ýere iki ýana çyrpynyp, ugruny üýtgeder ýa-da deňziň ortasynda galar. Çünki akyl bir özi dolandyrsa, çäklendirýän güýçdür; hyjuw hem perwaýsyz bolsa, tutaşýan ataş özüni ýok edýär. Şoňa görä, öz göwnüň aýdym aýtmagy üçin paýhasyňyza hyjuwyň belentliklerine göterilmegine ýol beriň; seniň hyjuwyň dowamly galkynmagy, kaknus guşy kimin öz külünden galkyp çykmagy üçin, goý, paýhas seniň hyjuwyňy akyla laýyk gönükdirsin!
Men siziň öz gelen kararyňyza, göwün islegleriňize edil öýňüze gelen arzyly myhmanyňyz dek garamagyňyzy isleýärin. Şeksiz, siz bir myhmany beýlekisinden ýokarda goýmarsyňyz, çünki kimde-kim myhmanyň birine, beýlekiden has köp üns berse, ikisiniňem söýgüsini, ynamyny ýitirer. Haçan-da, depeleriň arasynda, ak derekleriň salkyn saýasynda otyrkaňyz, uzakdaky ekin meýdanlarynyň, çemenzarlyklaryň parahatlygyna, asudalygyna ünsüňizi jemläniňizde – goý siziň kalbyňyz ümsümlik bilen şeýle seslensin: “Tebigat paýhas bilen rahatlyk döredýär”. Haçan-da, tupan turup, güýçli ýeller jeňňeliň daragtlaryny yralanda, gök gürrüldisi we ýyldyrym asmanyň şan-şöhratyny jar edýär – şonda, goý, seniň kalbyň yzzat bilen pyşyrdap şeýle dillensin: “Tebigat hyjuw bilen öňe hereket edýär”. Ahyrda, siz tebigatyň gurşawynyň nepesisiňiz we tebigatyň ýapraklarysyňyz. Sizem paýhas bilen dynç almalysyňyz, hyjuw bilen hem hereket etmelisiňiz.
Özüňi tanamak hakda
Şol wagt erkek kişi şeýle diýdi:
– Bize özüňi tanamak barada gürrüň beriň!
Ol mähetdel etmedi:
– Siziň kalplaryňyz öz ümsümliginde gijeleriň we gündizleriň syrlary barada bilýär. Ýöne gulaklaryňyz kalbyň bilimini diňlemäge teşnedir. Siz öz pikiriňizde hemişe bilýän zatlaryňyzy, sözde hem eşidersiňiz.
Siziň köňlüňiziň pynhan çeşmesi, şaggyldap deňze sary göterilip batly akýar; siziň tükeniksiz çuňlugyňyzyň genjini bolsa, öz gözleriňiz äşgär edýär. Emma size bu näbelli hazynanyň agramyny çekmek üçin terezi hökman däl. Çünki, ol çäksiz, uç-gyraksyz deňiz. “Men göwnüň ýöreýän ýoluny tapdym” diýmäň. Megerem, “Men öz ýolumdan ýöreýän göwne sataşdym” diýiň! Çünki göwün ähli ýollardan ýöreýär. Göwün göni ýöremeýär, gamyş kibi ösmeýär. Göwün suwda bitýän nilufar güli deý gunçalap, sansyz gül ýaprajyk getirýär.
Gözellik hakda
Şol mahal şahyr şeýle diýdi:
– Bize gözellik hakda gürrüň ber!.
Ol şeýle jogap berdi:
– Eger-de onuň özi seniň ýoluň ýa-da ýolbelediň bolmasa, sen nädip gözelligi gözlejek, nädip ony tapjak?! Eger-de onuň özi seniň sözleriň haýýaty bolmasa, nädip ol barada gürrüň berersiň?!
Gözelligi her kimiň öz görşi bar:
Gözellik mährem we mylaýym. Öz husny-jemalyndan az-kem utanýan ýaş ene dek aramyzda gezip ýör.
Ýok, gözellik – bu güýçli hemem gorkuly zat, çünki ol edil apy-tupan kimin aýagymyzyň astyndaky goja Zemini, başymyzyň üstündäki asmany sarsdyrýar.
Gözellik – bu mylaýym pyşyrdy bolup, ruhumyz bilen gürleşýär. Onuň sedasy edil şemaldan gorkup elenýän haýal ataş ýaly, biziň ümsümligimiziň öňünde peselýär.
Biz onuň sedasyny dag gerişleriniň arasyndan eşitdik, çünki onuň sesi bilen birlikde, toýnaklaryň tapyrdysy, ganatlaryň pasyrdysy we şirleriň arryldysy gulagymyza ildi.
Ol jybarly pasly baharda depeleriň üstünden gülüp-ýaýnap gelýär. Negada biz ony güýz ýapraklary bilen tans edýärkä gördük.
Siz bularyň baryny gözellik barada aýtdyňyz. Emma, hakykatda, siz ol hakda däl-de, eýsem, özüňiziň kanagatlanmadyk zerurlygyňyz hakynda gürrüň berdiňiz, gözellik – bu zerurlyk däl, eýsem, aşa joşgunlyk halydyr. Ol boş uzan el däl-de, has takygy, alaw bilen gurşalan ýürekdir, haýran galyp, aýdyma hiňlenýän göwündir. Dogrusy, ol gözüň ýumuk bolsa-da, seniň alnyňda duran şekil, gulagyňa pagta dykylan bolsa-da, saňa eşidilýän aýdymdyr. Ol daragtyň çylgam-çylgam gabygyndaky şire däl, gollara berkidilen ganat hem däl, has dogrusy, baky pajarlap duran bag we hemişe uçuşda bolan perişdeler toplumydyr.
Eý, Orfalesiň adamlary! Gözellik – bu durmuş bolup, öz päk roýundan perdesini syran çagy emele gelýär! Emma siz durmuşyň özüsiňiz, özüňiz onuň perdesisiňiz. Gözellik – bu özüni aýnada görýän ebedilikdir. Emma siziň özüňiz ebediliksiňiz, özüňiz onuň aýnasysyňyz.
Söwda-satyk hakda
Şol mahal täjir gypynç etmän şeýle diýdi:
– Bize satyn alyş we satyş barada gürrüň bersene!
Ol şeýle diýdi:
– Zemin miwelerini eçilende, elleriňi nädip doldurmalydygyny bilseňiz, mätäçlik çekmersiňiz. Söwda-satyk Zeminiň peşgeşlerinden bolup, ol arkaly siz bereketli näz-nygmatlara gowuşýarsyňyz. Eger-de bu söwda-satyk söýgi hem adalat bilen amal edilmese, ol birini gysgançlyga, ýene-de birini bolsa, teşnelige alyp barar.
Eý, deňziň, ekerançylygyň we üzümçiligiň zähmetkeşleri, siz haçan-da, tikinçi, küýzegär hemem hoşboý ysly ösümlikleri ýygnaýanlar bilen bazarda sataşanyňyzda, tereziňize we bir nyrhyň beýleki bir nyrha bolan gatnaşygyna gözegçiligiňizi elden bermäň! Seniň zähmetiňe boş sözlerini satyp, söwdaňa şärik bolmaga dyrjaşýanlardan gaça duruň! Şeýle diý: “Biziň bilen ekin meýdanyna bar ýa-da biziň doganlarymyz bilen deňze git-de, tor taşla; çünki bize hem bolşy ýaly, Zemin we deňiz size-de sahylyk eçiler”.
Eger-de ol ýere aýdymçylar, tansçylar we tüýdükçiler gelse, olaryň hem sowgatlaryny satyn alyň! Çünki olar hem miwe toplaýjylar bolup, olaryň satuwa getiren zatlary diňe arzuw-hyýallardan düzülen hem bolsa, ruhuňyz üçin oňat iýmitdir. Siz bazar meýdanyny taşlap gitmezden ozal, hiç kimiň eli boş gitmezligine gözegçilik ediň!
Iňrik garalypdy. Almitra şeýle diýdi:
– Goý, şu gün, şu ýer we köňlüňe gelen sözleriň ýadygär bolup galsyn!
Ol şeýle jogap berdi:
– Eýsem, gürrüň beren menmi? Eýsem, menem diňleýji bolmandymmy näme?
Soňra ol binanyň basgançagyndan aşak düşdi, ähli adamlaram onuň yzyna düşdüler. Ol öz gämisine mündi-de, paluba çykdy. Ol ýene bir gezek märekä ýüzüni öwrüp, şeýle diýdi:
– Eý Orfalesiň adamlary, ýeller maňa sizi şu ýerde galdyryp gitmelidigimi aýdýar. Meniň gyssanmaçlygym ýeliňkiçe ýok, ýöne men hökman gitmeli. Biz hemişe ýörelmedik ýoly gözleýän jahankeşdelerdiris. Hatda Zemin uka gidende hem biz ýolumyzy dowam etdirýäris. Biz berdaşly ösümligiň tohumyndan bolup, bişip ýetişenimizde hem-de ýüregimiz dolanda, bizi ýele berip, pytradýarlar. Siziň araňyzda geçiren günlerimem, size aýdan sözlerimem gysga boldy. Ýöne, eger-de sesim siziň gulagyňyzda ýaňlanmasyny bes etse, söýgim ýadyňyzdan çyksa, şonda men ýene-de yzyma dolanaryn. Men ýene-de siz bilen has doly kalbym, hemem göwnümiň dili bilen sözleşerin. Hawa, men deňziň joşguny bilen ýene-de gaýdyp gelerin. Bakyýete göç meni gizlese-de, doly ümsümlik gurşap alsa-da, ýene-de siziň duýgy-düşünjäňizi gözlärin. Meniň gözleglerim bihuda bolmaz. Eger-de meniň size aýdanlarym hakykat bolup çyksa, şol hakykat aýdyň ses bilen özüni äşgär eder, ol sözler bolsa, siziň pikiriňize has golaý bolar.
Eý, Orfalesiň adamlary, men ýel bilen gidýärin, ýöne boş çuňluga däl. Eger-de şu gün siziň zerurlyklaryňyzyň hem-de meniň söýgümiň kanagatlanýan güni däl bolsa, onda, goý, şu gün başga bir güne berlen wada bolsun. Şeýlelikde, meniň doly ümsümlikden yzyma dolanjagymy biliň! Säher bilen gaýry ýerlere gidýän duman, meýdanlarda diňe ýokary göterilip, bulutlarda toplanmaly hem-de ýagyş bolup ýagmaly nemini galdyrýar. Men hem şol dumana meňzeýärin. Gijäniň ümsümliginde siziň köçäňizden ýöredim, ruhum bolsa, siziň öýleriňize girdi. Şonda siziň kalplaryňyz meniň kalbym bilen deň urýardy, demleriňiz bolsa, roýuma çawýardy, şonda men siziň baryňyzy tanadym. Hawa, men siziň şatlygyňyzy, derdiňizi paýlaşdym, ukudakaňyz siziň gören düýşleriňiz meniň düýşlerimdi. Men köplenç siziň araňyzda daglaryň arasyndaky köl boldum. Men siziň belentlikleriňizi, beýikli-pesli eňňitleriňizi, hatda geçip barýan pikir we arzuw sürüleriňizi şöhlelendirdim. Siziň çeşmelerdäki oýnap ýören çagalaryňyzyň gülküsi, derýalarda suwa düşüp ýören ýaşlaryňyzyň arzuwy meniň ümsümligime goşuldy. Bu çeşmeler, derýalar meniň çuňlugyma aralaşanlarynda-da aýdym aýtmaklaryny bes etmediler. Emma, gülküden has süýji, arzuwdan has uly zat hem meniň ýanyma geldi. Bu sizdäki çäksizlikdi; siz tebigatyň öýjükleri we damarlarysyňyz; onuň mukamyndaky seniň mukamyň diňe sessiz-üýnsüz tirpildeýär. Bu ägirt uly tebigatda siziň hiç biriňiz kiçi dälsiňiz. Men oňa seredip, sizi gördüm hem söýdüm.
Eýsem, söýginiň perwaz urýan ähli aralyklary bu uly tebigatyň gurşawynda dälmi näme?! Haýsy garaýyş, haýsy umyt-arzuw, haýsy çaklama bu uçuşdan has uzaklara alyp gidip biler?! Alma güllerine bürenen ägirt uly dub agajy deý ol uly tebigat siziň içki dünýäňizde ýaşaýar. Onuň paýhasy sizi Zemine baglaýar, onuň hoşboý ysy sizi älem giňişligine göterýär, onuň mäkämligi bilen siz bakysyňyz. Saňa iň gowşak zynjyr dek ejizdigiňi aýdypdylar. Ýöne bu diňe hakykatyň ýarysy. Seniň güýjüň hem iň berk zynjyra barabardyr. Sizi iň kiçijik işiňiz bilen ölçemek, ummanyň kuwwatyny onuň köpürjiginiň näzikligi bilen ölçemek ýalydyr. Şowsuzlygyňyz üçin sizi aýyplamak üýtgäp duranlygy üçin ýylyň pasyllaryny aýyplamak bilen barabardyr. Hawa, siz ummana çalym edýärsiňiz, agyr ýük urlan gämi siziň kenaryňyzda joşguna garaşsa-da, umman dek öz joşgunyňyzy gyssap bilmersiňiz. Siz edil ýylyň pasyllaryna çalym edip, öz gyşyňyzy baharda inkär etseňiz-de, içiňizde aram tapan bahar uky arasynda ýylgyrýar, ýöne öýke-kine etmeýär.
Men bulary diňe söz bilen aýdýaryn, ony pikirlenseňiz, özüňizem bilersiňiz. Eýsem, söz bilimi pikirler ummanynyň saýasy dälmi näme? Siziň pikiriňiz hem-de meniň sözüm, bular düýnki günümiz, gadymyýetimiz hakda ýazgylary saklaýan möhürlenen hakydamyzyň möwçleridir. Gadymyýetde Zemin bizi hem, özüni hem, gijeler hakda hem hiç zat bilmeýärdi. Paýhasly adamlar saňa öz pähiminden bermek üçin ýanyňa geldiler. Men hem seniň paýhasyňdan almak üçin geldim. Şeýlelikde, men danalykdan hem uly zady tapdym. Bu siziň ösýän ruhuňyzyň alawydyr, onuň ösüşine gowy üns berseňiz, ýaşan günleriňize ökünmersiňiz.
Bu daglar, bu düzlükler şol birwagtyň özünde sallançak hem basgançakdyr. Haçan-da, siz eždatlaryňyzyň aram tapan ýerlerinden geçeniňizde, ol ýere gowy seretseňiz, el-ele berip, bilelikde tans edýän özüňizi we perzentleriňizi görersiňiz. Hakykatdan-da, siz bu barada çynlakaý oýlanmalysyňyz. Beýlekiler hem seniň ýanyňa geldiler, olar ynamyňa altyn wadalary berdiler. Senem olaryň sözüne baýlyk, güýç hem şöhrat berdiň. Ýöne men size wadadan az bersem-de, siz maňa has köp sahawat eçildiňiz. Siz maňa durmuşa bolan çuňňur teşneligi peşgeş berdiňiz. Şeksiz ynsana özüniň ähli maksatlaryny guranlar üçin, tutuş durmuşyny çüwdürime öwürmekden uly sowgat ýokdur. Meniň buýsanjym we serpaýym şularda jemlenýär; haçan-da, men içmek üçin çüwdürimiň başyna gelenimde, diri suwuň özüniň teşnedigini görýärin; men ondan içýärkäm, ol hem meni içýär.
Men depeleriň arasynda iýmiş çöpläp ýörsem-de, meni öz supraňyzyň başynda görmek islediňiz. Haçan-da, siz meni şatlyk bilen penalanyňyzda, men binanyň eýwanynda dynç alýardym. Eýsem, bular höregimi süýjülige öwren, ukymy reňkli düýşler bilen dolduran gijelerime bolan mähirli aladaňyz dälmi näme?! Munuň üçin size köp gowy dilegler edýärin: siz köp zat berýärsiňiz, beren ähli zadyňyzy özüňiz hem bilmeýärsiňiz. Siziň käbirleriňiz meni keseki hemem öz ýalňyzlygyndan serhoş bolan saýyp, şeýle diýdiňiz: “Ol adamlar bilen däl-de, jeňňeliň daragtlary bilen gürleşýär. Ol depeleriň üstünde ýalňyz-tenha oturup, aşak – biziň galamyza seredýär”.
Meniň depä çykanym, barmasy uzak ýerlere aşanym dogrumy?! Uly belentlikden ýa-da daş aralykdan seni nädip görüp bilerin?! Hakykatdan-da, kimdir biri uzaga giden bolsa, nädip ýakyn bolup biler? Siziň araňyzdan käbirleri içlerinden şeýle diýdiler: “Jahankeşde, jahankeşde ýetip bolmaýan belentligiň aşygy, näme üçin bürgütleriň höwürtge ýasaýan belentliklerinde mesgen tutýarsyň? Näme üçin ýetip bolmaýan zatlary gözleýärsiň? Gel, biziň birimiz bol, biziň nanymyzdan garnyňy doýur, biziň suwumyzdan teşneligiňi gandyr”.
Olar öz göwünleriniň ýalňyzlygynda maňa bulary aýtdylar. Eger meniň diňe olaryň şatlygynyň we gussasynyň syrlaryny gözleýändigimi bilsediler, onda olaryň ýalňyzlygy has-da çuňňur bolardy. Men diňe siziň asmanda perwaz urýan uly içki dünýäňize aralaşdym. Ýöne meniň dünýäme hem aralaşýarlar. Men ynansam hem şübhelenýärdim; şoňa görä, size has köp ynanmagym, sizi has köp tanamagym üçin öz ýaramy ýygy-ýygydan dyrnaçaklaýardym. Men şu ynamym we bilimim bilen aýdýaryn; siz diňe öz bedeniňiziň, öýüňiziň ýa-da ekin meýdanyňyzyň ygtyýarynda dälsiňiz. Seniň meniň dagyň depesinde pelpelleýär, ýel bilen birlikde-de syýahat edýär.
Ähli zatlaryň başlangyjy gubarly bolup, ahyry aýdyň bolýar. Siziň hem meni edil başlangyç ýaly ýatlamagyňyzy isleýärin. Durmuşyň ähli janly närseleri dury kristallardan däl-de, dumandan başlanýar. Kristalyň çöken dumandygyny kim bilýär? Siziň meni ýatlap, şulary unutmazlygyňyzy isleýärin: sizdäki iň gowşak görünýän zat, hakykatda, iň güýçli hem aýdyň zatdyr. Eýsem, ystyhanlaryňyzy guran, berkiden siziň nepesiňiz dälmi? Eýsem, siziň bu galaňyzyň gurlup, ondaky ähli zatlaryň döredilmegi siziň eýýäm unudan arzuwlaryňyz dälmi?
Ol bulary aýdandan soň, töweregine seredende, kämahal dabaraly ýelkenlere, käte hem uzak gözýetime seredýän gäminiň kapitanyna gözi düşdi:
Ol şeýle diýdi:
– Meniň gämimiň kapitany sabyrly, çakdanaşa sabyrly adam. Ýel öwüsýär, onuň ýelkenleri hem ynjalyk tapanok. Hatda, gäminiň rulam eýýäm ugur isleýär, her niçik-de bolsa, kapitanym ümsümligime rahatlyk bilen garaşýar. Deňziň ägirt uly owazyny eşiden deňizçilerim, sabyrlylyk bilen meni diňlediler. Ýöne olar indi uzak garaşyp bilmeýärler. Men taýýar. Çeşmeler deňze ýetdiler, beýik ene ýene-de öz perzendini bagryna basýar.
Eý Orfalesiň adamlary, sag boluň! Bu gün tamamlandy. Ol suw liliýasy ýaly özüniň ertirki güni üçin ýapylýar. Şu ýerde bize berlen zatlary saklarys, eger-de, bu ýeterlik bolmasa, onda biz ýene-de täzeden jemlenip, elimizi berýäne tarap bilelikde uzadarys. Unutmaň, men yzyma dolanaryn. Ýene az wagtdan sähelçe pursat ugurdaş ýelde dynç alýarkam, başga bir ene meni dünýä inderer. Siz bilen geçiren ýaşlygymam, hoş galyň!
Biz diňe düýn arzuwymyzda didarlaşypdyk ahyryn. Siz ýalňyzlygymda meniň üçin aýdym aýtdyňyz, men siziň islegiňiz bilen gökde gala gurdum. Ýöne indi biziň düýşlerimiz bizden uzaklaşdy, paýawlady, indi säher çaglary ýok. Günortan çagy golaýlaşýar, ýarym günümiz eýýäm, doly güne öwrülýär. Indi biz bir-birimizden aýra düşmeli. Eger-de, ýadymyzyň alagaraňkylygynda biz täzeden didarlaşsak, biz ýene-de gürleşeris we sen maňa has çuňňur manyly aýdym aýdyp berersiň. Eger-de, biziň elimiz ýene bir arzuwda gabatlaşsa, biz asmanda ýene-de bir minara gurarys.
Ol şeýle diýenden soňra, deňizçilere yşarat etdi, olar dessine labyry galdyrdylar, bagyny çözdüler. Gämi gündogara tarap ugur aldy. Märekeden bir ýürekden çykýan ýaly ses geldi, ol agşam alagaraňkylygyna siňip, uly surnaý çalynýan dek deňziň üstünden çawyp geçdi.
Diňe Almitra dumanlaryň arasynda gözden gaýyp bolýança gämä siňe seredip dymýardy. Haçan-da, ähli adamlar dargandan soň hem Almitra onuň “Ýene az wagtdan sähelçe pursat ugurdaş ýelde dynç alýarkam, başga bir ene meni dünýä inderer” diýen sözlerini ýürekden ýatlap, kenarda ýeke özi galypdy.
Terjime eden
Ýegenmämmet Taýlyýew,
“Zaman-Türkmenistan”.
Terjime eden
Ýegenmämmet Taýlyýew.
“Zaman-Türkmenistan”.