Salam ibermek-getirmek, hat-habar alyşmak, ir döwürlerden bäri dowam edip gelýän dürli ugur-tärli aragatnaşyk serişdesi bolup, bu möhüm işi ýerine ýetirmekde çaparçylyk sungatyna uly orun degişli bolupdyr. Bu hakykat, şeýle hem, hat-pet gatnatmagyň sogaply işdigi, diňe bir taryhy çeşmelerde däl, eýsem, atalar sözinde we ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde hem öz beýanyny tapypdyr. Muňa “Hoş habary çapar getir, galanyny nesip ýetir”, “Çapary – sogaply, sapary – togaply” ýaly, halk pähimleriniň, ýazyjy Ata Gowşudowyň “Perman” romanyndaky çaparyň keşbiniň, şahyr Allaberdi Haýydowyň Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip ýören gerçegiň poçta işgärinden söýgüli sonasyndan hatlary getirmegi hem äkitmegi haýyş edýän kalbynyň owazynyň üsti bilenem göz ýetirmek bolýar. Elbetde, şu ýerde Dewid Briniň “Poçtalýon” atly belli eserini, onuň esasynda 1997-nji ýylda döredilen adybir filmi ýatlap geçmek hem artykmaçlyk etmese gerek. Onuň režissýory we baş gahrymany belli aktýor Kewin Kostner bolup, filmde ýeňil bolmadyk günleriň çaparçylyk işinden, çaparlar üçin öte hupbatly, hat-habar alýanlar üçin bolsa, öte şatlykly pursat-wakalary yzarlanylýar.
Elbetde, wagtyň geçmegi bilen, gürrüňini edýän ulgamymyzyň işi barha kämilleşipdir. Netijede, italýan dilinden terjime edilende “Duralga” diýen manyny berýän poçta aragatnaşyk ulgamy kemala gelip, her döwrüň ösüşine, şert-mümkinçiliklerine laýyklykda özgerip, şu günlere gelip ýetipdir. Ine, biziň zähmet çekýän “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýamyz barada aýtsak, ol 1993-nji ýylda döredilýär. Şol ýyl hem “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy bütindünýä poçta birleşiginiň agzalygyna kabul edilip, döwletiň aragatnaşyk ulgamyna degişli ugurda araçy bolup çykyş edýär. Şonuň netijesinde bolsa, 190-dan gowrak ýurt bilen örän gysga wagtda ýollamalary ugratmaga we kabul etmäge mümkinçilik döredi. 1996-njy ýyldan “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýollamalary eltmegi çaltlandyrmak maksady bilen, “EMS Express Mail Service” geçirijilerine birleşdirilýär. Bu bolsa 7 – 10 iş gününiň dowamynda hat-habar ýollamalary Ýer ýüzüniň islendik nokadyna ýetirmek diýmekdir.
Dünýä ýurtlarynyň aragatnaşyk edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Türkmenistanyň we bütin dünýäniň aragatnaşyk ulgamyna degişli bolan markalardan özboluşly toplum döredildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy aragatnaşyk ulgamyna degişli bolan markalaryň ýüzlerçesini çykardy. Olarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şöhratly geçmişi we milli mirasy, taryhy ýadygärlikleri, medeniýeti, sungaty, türkmen türgenleriniň sportda gazanýan üstünlikleri, haýwanat we ösümlik dünýäsi dürli öwüşginlerde öz beýanyny tapdy. Şeýle hem, Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhynda gazanylýan üstünlikler şöhlelenýär.
Haýsy ugur bolsa-da, onuň kämilleşmegi üçin, ýurt derejesinde berilýän üns-alada uly ähmiýete eýe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň döwrebap ösdürilmegi, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda uly tagalla edýär. Aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatynyň hiliniň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi üçin, Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” gol çeken Karary bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşine badalga berildi. Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly, ykdysady ulgamda öňegidişlik gazanmak bilimleri, innowasiýalary we sanly maglumatlary giňden ornaşdyrýan ýurtlara başardýar. Şundan ugur alnyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet tarapyndan sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň esasy poçta gullugy özüniň internet portalyny döretdi. Ol özboluşly wirtual bolup, portalyň kömegi arkaly ýerli kärhanalaryň önümlerini satuwa çykaryp, tutuş ýurdumyz boýunça önümlerini ýerlemek bolup durýar. “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy elektron hyzmatlaryna hyzmatyň täze görnüşlerini ornaşdyrmagy hem göz öňünde tutýar.
Poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýörite işgärleri-çaparlary internet-portalyň üsti bilen ýerleniljek harytlary tiz we ynamdar eltip bermek işlerini ýerine ýetirýärler. Bu bolsa alyjylar hem-de satyjylar üçin, birnäçe ýeňillikleri döredýär. Aragatnaşyk ulgamynda pul geçirimini kabul etmek, pul geçirimini tölemek, gymmaty yglan edilen hat-habarlary kabul etmek, harytlyk görnüşinde ýollamalary kabul etmek, abuna ýazylyşygy kabul etmek, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň arasynda pul geçirimlerini kabul etmek, lomaý we ownuk söwda işleri we hojalyk harytlary, elektroenergiýa, ýaşaýyş jaý hyzmatlary töleglerini kabul etmek, sargytly hat-habarlary kabul etmek, EMS hyzmaty, çaparçylyk hyzmaty, salgydan salga gowşurma hyzmatlaryndan ybaratdyr.
Häzirki wagtda “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynda 2526-dan gowrak adam işläp, onuň Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bölümçeleri bar. Olar hat-habarlary, döwürleýin abuna ýazylyşygy geçirmek we eýelerine wagtynda gowşurmagy üpjün edýärler. Howa ýoly, demir ýol we awtoulaglar arkaly her gün ýurdumyzyň şäherleriniň arasynda hatlary we ýollamalary ugradylan salga ýetirýärler. Şeýlelikde, Türkmenistanyň iň çetki etraplaryna-da aragatnaşyk ulgamy boýunça ýollama öz wagtynda gowşurylýar. Her günde ýurdumyzyň ähli künjegine gündelik neşirler ýetirilýär. “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň düzüminde hem özlerine ynanylan wezipesini abraý bilen ýerine ýetirýän başarjaň hünärmenler az däl. Olardan Arslan Sähedowyň, Baýramgül Bekmyradowanyň, Nartäç Ballyýewanyň, Mähriban Hanekowanyň, Maýagözel Annamyradowanyň, Güýçmyrat Çaryýewiň, Işan Işanowyň, Döwletmyrat Bapbaýewiň, Maýsa Taşikowanyň, Maral Esenowanyň, Aýbölek Ataýewanyň, Gülşirin Amanowanyň, Ogulla Täşliýewanyň, Gülnabat Nurjanowanyň, Hatyja Tekebaýewanyň atlaryny agzap geçmek bolar. Bu hünärmenleriň ýokarda bellenilip geçilen işleri ýerine ýetirmekdäki yhlasly zähmeti müşderileriň alkyş-hoşallyklarynda öz beýanyny tapýar.
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde sanly ykdysadyýete geçmek boýunça birnäçe hyzmatlar hödürlenýär.
Resminamalaryň elektron dolanyşygy: hödürleýän sanly hyzmatlarymyzyň sanyny we möçberini giňeltmek bilen birlikde kompaniýanyň we onuň düzüm birlikleriniň arasyndaky resminamalarynyň dolanyşygyny doly elektron görnüşe geçirmek işleri hem alnyp barylýar. Ýurdumyzdaky poçta aragatnaşyk bölümlerinde täze döwrebap kompýuter enjamlary ornaşdyryldy we bir bitewi tor arkaly bir-birine birikdirildi, şeýle hem elektron onlaýn abuna ýazylyşygy ýola goýuldy.
Bu ugurda alnyp barylýan işler geljekde-de has kämilleşdirilip, dünýä ülňülerine laýyklykda alnyp barlar. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, il-ulsumyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda, taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin! Dumly-duşdan gelýän hoş habarlar bagtyýar durmuşymyzyň bezegine öwrülsin! Olary iberen-getiren sag bolsun!
Jeren Hojamyradowa,
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk
kompaniýasynyň ykdysadyýet we
şertnamalar bölüminiň başlygy.
Almagül Gylyjowa,
Abuna ýazylyşyk bölüminiň başlygy.