Ir döwürler adamlar ilden ile habary sesiň üsti bilen ýetiripdirler. Müňlerçe ýyl mundan ozal (b.e.ö. 6 müň ýyl töw.) agaç düýplerini, birneme gijräk bolsa deprekleri ulanyp başlapdyrlar. Şertli urgularyň kömegi bilen habarlar bir ýerden beýleki ýere ýetirilipdir. Mundan başga-da, habar ýetirmekde ot bilen tüsseden hem peýdalanylypdyr.

An­tik döw­ri
Yn­san dur­mu­şy­nyň ta­ry­hyn­da ara­gat­na­şy­gyň soň­ra­ky gör­nü­şi hök­mün­de ça­par­çy­ly­gy – il­ki py­ýa­da, bir­ne­me gij­räk bol­sa at­ly ça­par­çy­ly­gy gör­kez­mek bo­lar. Me­so­po­ta­mi­ýa­da, Mü­sür­de, Gre­si­ýa­da, Per­si­ýa­da, Hy­taý­da, Rim im­pe­ri­ýa­syn­da yk­jam ýo­la goý­lan poç­ta ara­gat­na­şy­gy bo­lup­dyr. Hat üs­ti bi­len ýol­lan­ýan ha­bar­lar py­ýa­da hem at­ly ça­par­la­ryň üs­ti bi­len es­ta­fe­ta ýö­rel­ge­si bo­ýun­ça ug­ra­dy­lyp­dyr.

Ga­dy­my Gün­do­gar
Poç­ta­nyň ta­ry­hy hat ýa­zu­wy­nyň ta­ry­hy bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hat ýa­zu­wy­nyň dö­re­me­gi bi­len, ha­bar hat gör­nü­şin­de ýe­ti­ri­lip ug­ra­lyp­dyr. Mu­nuň özi bol­sa poç­ta ara­gat­na­şy­gy­nyň dü­ýbü­niň tu­tul­ma­gy­na ge­ti­rip­dir. Ara­gat­na­şyk gul­lu­gy­nyň düz­gün­leş­di­ri­len il­kin­ji eda­ra­la­ry diý­seň ir, an­tik döw­rün­de peý­da bo­lup­dyr. Il­kin­ji ge­zek poç­ta ha­ba­ry 5 müň ýyl tö­we­re­gi mun­dan ozal Me­so­po­ta­mi­ýa­da ýü­ze çy­kyp, ol de­giş­li ýe­ri­ne to­ýun hat şe­kil­len­di­ri­len gör­nüş­de ýe­ti­ri­lip­dir. Mü­sür­de hem poç­ta ara­gat­na­şy­gy şeý­le ga­dy­my döw­re de­giş­li ha­sap edil­ýär.
Şeý­le-de, hat ýol­la­mak­da hat-pet gat­nad­ýan kep­de­ri­ler hem peý­da­la­ny­lyp­dyr.
Ga­dy­my Mü­sü­riň poç­ta işi ha­kyn­da, tak­my­nan, b.e.ö. 255-nji ýyl bi­len se­ne­le­nen we poç­ta hat­la­ry­ny bir ada­myň ýe­ti­ren­di­gi­niň ha­sa­bat ýaz­gy­sy gal­dy­ry­lan pa­pi­rus­da­ky (hat ýaz­mak üçin gar­gy­dan taý­ýar­lan­ýan ma­te­ri­al) na­ma ar­ka­ly hem mag­lu­mat al­mak bol­ýar.

Ga­dy­my Gre­si­ýa
Yl­ga­ýan ça­par­lar sa­gat­da 55 sta­di­ýa (10 km tö­we­re­gi), bir gat­naw­da bol­sa 400-500 sta­di­ýa ara­ly­gy geç­me­gi ba­şa­ryp­dyr­lar. Fi­dip­pid şol ça­par­la­ryň iň meş­hu­ry­dyr. Plu­tar­hyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ol b.e.ö 490-njy ýyl­da Ma­ra­fo­nyň al­ky­myn­da bo­lan sö­weş­de ga­za­ny­lan ýe­ňiş ha­ba­ry­ny Afi­na ýe­ti­rip­dir we ha­lys ys­gyn­dan ga­çyp, he­läk bo­lup­dyr. Bu yl­gaw il­kin­ji ma­ra­fon hök­mün­de ta­ryh­da ga­lyp­dyr. Fi­dip­pid ha­ba­ry di­ňe dil üs­ti bi­len ýe­ti­rip­dir.
Has mö­hüm ha­bar­la­ry ýe­tir­mek üçin, ga­dym dö­wür­de at­ly, dü­ýe­li ça­par­lar iberi­lip­dir. Dio­dor Si­si­liýs­ki­niň ýaz­ma­gy­na gö­rä, Alek­sandr Ma­ke­dons­ki­niň har­by ser­ke­rde­le­ri­niň bi­ri öz ygtyýaryn­da ýö­ri­te dü­ýe­li ça­par­la­ry sak­lap­dyr.

Ýew­ro­pa­da we beýleki
ýurtlarda poçtanyň ösü­şi
VII asyr­da mu­sul­man ha­lyf­ly­gyn­da işi oňat ýo­la goý­lan yzy­gi­der­li poç­ta gul­lu­gy eme­le gel­ýär. Onuň hyz­mat­la­ryn­dan çäk­len­di­ri­len möç­ber­de şah­sy adam­lar hem peý­da­la­nyp bi­lip­dir­ler. Şol wag­ta çen­li bar bo­lan poç­ta ara­gat­na­şy­gy has-da ös­dü­ri­lip baş­la­nyp­dyr. Her bi­ri­ni uzak­dan ta­nap bo­lar ýa­ly, poç­ta ça­par­la­ry­nyň her haý­sy­nyň öz aý­ra­tyn ta­pa­wut­la­n­dy­ryş bel­gi­le­ri bo­lup­dyr. Ola­ra sa­ry len­ta­nyň kö­me­gi bi­len boý­nuň da­şyn­dan aý­la­nyp, egin­den asyl­ýan ýö­ri­te tag­ta­jyk­lar – öz­bo­luş­ly şah­sy­ýet­na­ma­lar ber­lip­dir.
1820-nji ýyl­da ka­gyz söw­da­sy­ny ed­ýän Bre­wer ta­ra­pyn­dan Braý­ton­da buk­ja oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr. 1840-njy ýyl­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da poç­ta mar­ka­sy­nyň çy­ka­ryl­ma­gy bol­sa, poç­ta ara­gat­na­şy­gy­nyň ta­ry­hyn­da mö­hüm ta­ry­hy wa­ka bol­dy. Bir­ne­me soň­ra, Ang­li­ýa­da we onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky ýer­ler­de bu­ýur­ma buk­ja­lar ula­ny­lyp baş­lap­dyr.
Mö­hür­li ban­de­rol­lar 1857-nji ýyl­da Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da, 1864-nji ýyl­da Tä­ze Gü­nor­ta Wal­lis­de, 1868-nji ýyl­da De­mir­ga­zyk ger­man bir­leş­me­sin­de ýü­ze çy­kyp­dyr. Soň­ra şeý­le ban­de­rol­lar 66 döw­let­de gi­ri­zi­lip­dir. Ýa­pyk hat­lar üçin blan­ka­lar 55 ýurt­da, il­ki­baş­da 1879-njy ýyl­da Fransiýanyň Pa­riž şäherinde gi­ri­zi­lip­dir. Ar­gen­ti­na­da we Fran­si­ýa­da tö­le­nen jo­gap­ly blan­ka­lar bo­lup­dyr. Poç­ta pul ge­çi­rim­le­ri üçin blan­ka­lar 1865-nji ýyl­da Germaniýanyň Braunş­weýg­ şäherinde peý­da bo­lup, soň­ra 14 ýurt­da gi­ri­zi­lip­dir. Di­ňe üç ýurt­da poç­ta pul ge­çi­rim­le­ri üçin mö­hür­li buk­ja­lar bo­lup­dyr.
Açyk ha­ty oý­lap tap­mak pi­ki­ri öň­ki nemes ge­ne­ral-poçta-di­rek­to­ry Gen­rih fon Ste­fa­na de­giş­li­dir. Te­leg­ra­fyň (1832 ý.), te­le­fo­nyň (1876 ý.) we ra­dio­nyň (1895 ý.) oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy bi­len, poç­ta ara­gat­ny­şy­gy mil­li­on­lar­ça adam­la­ryň ha­bar­laş­ma­gy­nyň se­riş­de­si hök­mün­dä­ki wa­jyp äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­män gel­di. Poç­ta te­leg­raf­da özü­ne ägirt uly he­ma­ýat­çy tap­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de Ger­ma­ni­ýa­nyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, äh­li döw­let­ler bu iki ul­ga­myň uly bäh­bi­di­ne poç­ta işi­ni te­leg­raf bi­len bir­leş­dir­di­ler.

Gy­zyk­ly mag­lu­mat
Ulag hyz­mat­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man şert­le­ri üçin geň bo­lup gö­rün­ýän, hat­la­ryň uzak ara­lyk­la­ra örän gys­ga wagt­da ýe­ti­ri­len ge­zek­le­ri ta­ryh­da seý­rek bol­man­dyr. Ine, 1849-njy ýy­lyň 6-njy aw­gus­tyn­da Lon­don­dan ug­ra­dy­lan hat Şweý­sa­ri­ýa, New­şa­te­le iki­len­ji gü­ni ýe­ti­ri­lip­dir. 1905-nji ýyl­da Oks­ford­dan ýol­la­nan hat Maýn bo­ýun­da­ky Frank­fur­ta üç gün­de ba­ryp ýe­tip­dir, ýog­sa bu ýo­luň hä­zir dört-bäş gün eg­le­jek­di­gi bel­li­dir.

In­ter­net ma­te­ri­al­la­ry esa­syn­da taý­ýar­lan­lar:
Tä­ji­gö­zel Haý­da­ro­wa,
“Za­man-Türk­me­nis­tan”,
Goç­na­zar Heş­de­kow,
žurnalist.