Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda “Elektron hökümeti” döretmek we elektron hyzmatlary etmegiň gerimini giňeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Dürli pudaklary ösdürmegiň maksatnamalarynda, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryny ulanmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge aýratyn orun berilýär. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda ýüze çykan “Elektron hökümet” adalgasy, köpler üçin tanyşdyr. Häzirki wagtda maglumat tehnologiýasynyň dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly, “Elektron hökümet” düşünjesiniň döremegine we durmuşa geçirilmegine sebäp bolandygyny aýdyp bolar.
“Elektron hökümet” “electronic government” adalgasynyň ilkinji gezek ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Bill Klintonyň diwanynyň iş dolandyryş müdirliginde ulanylyp başlap, internetiň we maglumat tehnologiýasynyň ösmegine uly itergi berýär. Dünýä tejribesinde bu adalga, adatça, döwlet bilen raýatlaryň, döwlet bilen işewürleriň, döwlet bilen häkimiýetiň aýry-aýry edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň guramaçylyk we öňdebaryjy tehniki serişdeleriniň toplumy hökmünde garalýar. “Elektron hökümet” düşünjesi, bir ýurtda ýa-da sebitde ýaşaýan raýatlara dürli jemgyýetçilik hyzmatlaryny bermek maksady bilen elektron aragatnaşyk enjamlarynyň, kompýuterleriň we internetiň ulanylmagyny aňladýar. Umuman aýdanyňda, “Elektron hökümetiň” kömegi bilen ýurduň raýatlary hökümetiň ähli pudaklary bilen aragatnaşyk saklap bilýärler, şeýle hem maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy arkaly hökümetiň jemgyýet bilen aragatnaşygy aňsatlaşýar. Elbetde, “Elektron hökümet” bu kesgitlemeler üçin ulanylýan ýeke-täk adalga däl, käwagtlar dünýäde onuň ýerine “internet dolandyryşy”, “sanly hökümet” we “onlaýn hökümet” ýaly sözler ulanylýar. “Elektron hökümetiň” esasy maksady döwletiň hyzmatlaryna elýeterliligi ýeňilleşdirmek, raýatlara we kärhanalara köp peýdalary getirmek üçin tehnologiýany ulanmak bolup durýar. “Elektron hökümetiň” işe girizilmegi hökümet bilen işewürleriň arasyndaky aragatnaşygy has-da ýeňilleşdirýär.
“Elektron hökümet” hyzmatlarynyň özi dürli görnüşde bolýar. Ol saýlawlarda elektron ses bermäge hem mümkinçilik berýär. Bu ulgamy ulanyp, adamlar onlaýn ýa-da jübi telefonlary arkaly döwlet hyzmatlaryndan aňsatlyk bilen peýdalanyp bilýärler. Mundan başga-da, “Elektron hökümetiň” işe girizilmegi bilen, adamlar dürli hyzmatlara agza bolup, olaryň edaralara gitmeginiň zerurlygyny aradan aýyrýar. Şeýle hyzmaty ýola goýmak hökümete uly ösüşleri getirýär. “Elektron hökümet” hyzmatlary esasan, şeýle görnüşlerde hödürlenýär: G2G, G2E, G2C we G2B.
XX asyryň ikinji ýarymynda dünýä ylmynda ýüze çykan “maglumat jemgyýeti” düşünjesi 50 ýyl bäri kemala gelýär – bu senagat jemgyýeti üçin, täze ugur bolup, onuň jemgyýetçilik gurluşyny kesgitlemek üçin esas bolup hyzmat edýär. “Elektron hökümet” – munuň özi bir ýurtda ýa-da sebitde raýatlara we beýleki adamlara jemgyýetçilik hyzmatlaryny bermek üçin, kompýuter we internet ýaly tehnologik aragatnaşyk enjamlarynyň ulanylmagydyr. “Elektron hökümet” – munuň özi hökümetiň gönüden-göni raýatlara hyzmat etmek üçin, täze mümkinçilikleri hödürlemegidir.
“Elektron hökümet” düşünjesi, has takygy, döwlet edaralarynyň we jemgyýetiň maglumat alyş-çalşygyny öz içine alýar. Özara gatnaşygyň esasy hereketlendirijisi bolsa, barha ösýän maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarydyr. “Elektron hökümet” ulgamynyň döredilmegi, ylmy we tehnologik taýdan ösüşdir.
Häzirki zaman hukuk ylmynda “Elektron hökümet” adalgasyna düşünmek üçin çemeleşmeleriň birnäçe görnüşi bar. Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly döwlet edaralary bilen jemgyýetiň arasynda özara gatnaşyklary gurap, jemgyýetçilik hyzmatlaryny hödürlemek, şol çemeleşmeleriň iň esasylarynyň biri bolup durýar. “Elektron hökümet” düşünjesi, köptaraply bolup, häzirki zaman kompýuter we aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly döwlet gözegçiligini üpjün etmegi aňladýar. Olaryň durmuşa geçirilmegi döwlet edaralarynyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar, raýatlaryň mümkinçiliklerini giňeldýär we netijede, ykdysadyýeti ilerledip, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny has-da ösdürýär.
Biziň ýurdumyzda “Elektron hökümetiň” durmuşa ornaşdyrylmagy bilen maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary we “Elektron hökümet” dolandyryşy babatynda, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky ornuny berkitmek üçin zerur ädim bolar.
“Elektron hökümet” adalgasy, jemgyýetiň durmuşynda hökümet edaralarynyň ähmiýetini kesgitlemek üçin, maglumat jemgyýetinde emele gelen häzirki zaman çemeleşmesiniň gysgaça beýany bolup durýar. Bu adalga, esasan, döwlet dolandyryşyny guramagyň we ösdürmegiň täze usulyny, raýatlar bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagy, işiň anyk peýdaly netijelerini ýüze çykarmagy, wagty tygşytlamagy we döwlet edaralarynyň jogapkärçiligini aňladýar. Bu usul, döwlet wezipelerini ýerine ýetirmek üçin, täze maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny maksatly we utgaşdyrylan görnüşde ulanmaga esaslanýar.