Ho­wa maý­la­ýar: ba­har­da gyş­da­ky ýa­ly so­wuk, to­mus­da­ky ýa­ly jöw­za­ly ys­sy ýok. Bu dö­wür­de adam­lar üçin iň ka­da­ly ho­wa şert­le­ri bo­lup geç­ýär.
Gün­diz uza­ýar: gi­je gys­ga­lyp, gündiz uza­ýar. Kä­bir bar­lag­lara görä, Gü­nüň giç bat­ma­gy­ ada­myň ru­hu­ny gö­ter­ýär. ABŞ-nyň Bri­gan Ýang adyn­da­ky uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň 2016-njy ýyl­da ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, gü­nüň uzyn bol­ma­gy gaý­gy-ala­da­ny azald­ýar.
Guş­lar gaý­dyp gel­ýärler: bir­nä­çe jan­ly-jan­dar­lar, şol san­da guş­lar gy­şy­na has ýy­ly ýer­le­re göç­ýär­ler. Ýa­zyň gel­me­gi bi­len peý­da bol­ýan gar­la­waç­lar jür­kül­deş­ip, ýazyň ge­len­di­gi­ni buş­la­ýarlar.
Ow­lak-gu­zu­lar peý­da bol­ýar: haý­wan­la­ryň kö­pel­ýän wag­ty meý­dan­da te­bi­ga­tyň jan­la­nyp, ot­la­ryň gö­ge­rip baş­la­ýan wag­ty­na ga­bat gel­ýär. Ba­har­da di­ňe ow­lak-gu­zu­la­ry däl, eý­sem ýa­ba­ny haý­wan­la­ryň hem ça­ga­la­ry­ny gör­mek bol­ýar. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de eý­je­jik jan­dar­la­ry syn­la­ma­gyň adam­da ýag­şy duý­gu­la­ry oýar­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Şeý­le hem mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len bar­lag­da ki­çi­jik jan­dar­la­ra to­ma­şa et­me­giň ün­sü­ňi jem­le­mä­ge oňyn tä­sir ed­ýän­di­gi ýüze çykaryldy. Te­bi­ga­ty has ýa­kyn­dan syn­la­sa­ňyz, okuw ders­le­rin­de has ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyp bi­ler­si­ňiz!
Da­şar­da has köp wagt ge­çir­mek: ho­wa­nyň ka­da­ly bol­ma­gy açyk ho­wa­da has köp wagt ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Yl­my göz­leg­le­riň ne­ti­je­sin­de te­bi­gat­da ge­ze­lenç et­me­giň ýü­rek ur­şu­ňy ka­da­laş­dyr­ýan­dy­gy, ada­my ra­­hat­lan­dyr­ýan­dy­gy­ we beý­nä oňyn tä­sir ed­ýän­di­gi­ ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Mi­çi­gan uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň 2005-nji ýyl­da ge­çi­ren bar­la­gy gü­neş­li ba­har ho­wa­syn­da 30 mi­nut ge­ze­lenç et­me­giň keý­pi­ňi go­wu­la­ýan­dy­gy­ny we ýat­keş­li­gi­ňe oňyn tä­sir ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. Şeý­le hem bar­lag­da gü­neş­li ho­wa­nyň dö­re­di­ji­lik­li pi­kir­len­mä­ge hem go­şant goş­ýan­dy­gy anyk­lan­dy.
Al-ýa­şyl te­bi­gat: ba­ha­ryň gel­me­gi bi­len ösüm­lik­ler we agaç­lar ýa­şyl do­na bü­ren­ýär. Sal­kyn sa­ýa­ly agaç­lar, esa­san hem, şä­her ho­wa­sy­nyň has sal­kyn bol­ma­gy­na tä­sir ed­ýär.
Aras­sa ho­wa: ösüm­lik­ler fo­to­sin­tez ar­ka­ly Gün şöh­le­si­ni, kö­mür­tur­şy ga­zy­ny we su­wy iý­mi­te öwür­ýär we kis­lo­rod bö­lüp çy­kar­ýar. Ösüm­lik­le­riň gö­ge­rip baş­la­ma­gy mö­hüm eko­lo­gi­ýa hyz­ma­ty­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rip, ho­wa­ny aras­sa­la­ýar. At­mos­fe­ra­da­ky kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň muk­da­ry her ýaz­da we to­mus­da azal­ýar.