Guşlaryň içinde ary­dan ki­çi­sem bar, go­ýun­dan ulu­sam. Guş­lar işi­ne iň ök­de jan­dar­lar ha­sap­lan­ýar. Adam ýa­ly ses çy­kar­ýan jan­dar bo­lan to­tu­lar hem guş­lar maş­ga­la­syn­dan. Pis­se­dir ho­zy aw­to­ýo­la taş­lap, ony ulagyň döw­me­gi­ne ga­ra­şyp, soň­ra dat­ly iý­mi­şi iý­ýän guş­lar hem bar. Ir­ki dö­wür­ler­de bol­sa, kep­de­ri­ler hat gat­nat­mak­da peý­da­la­ny­lyp­dyr. Iň uzak ara­ly­gy­ dem-dynç al­maz­dan ge­çip bil­ýän guş­lar hem bar. Eý­sem, guş­la­ryň in­že­ner­lik uky­by­nyň bar­dy­gy­ny eşi­dip­mi­di­ňiz?

Guş­la­ryň kä­si de­ňiz ke­na­ryn­daky çä­ge­lik­de, kä­si be­lent dag ge­riş­le­rin­dä­ki ga­ýa­lyk­lar­da, käbiri gür jeň­ňel­lik­ler­de, kö­pü­si agaç şa­ha­la­ryn­da hö­würt­ge ýa­san­ýar­lar. Olar duş­man­la­ryn­dan, ýa­gyn­dan, so­wuk­dan go­ran­mak üçin hö­würt­gä­ni yg­ty­bar­ly ýer­ler­de ýa­sa­ýar­lar. Gü­nor­ta Af­ri­ka­da ýa­şa­ýan dokmaçy (Phi­le­tai­rus socius) guş­lar köp­çü­lik bo­lup ýa­şa­ýar­lar we köp gat­ly hö­würt­ge­le­ri gur­ýar­lar. Guşlaryň bu görnüşiniň gu­ran bir hö­würt­ge­sin­de ýüz­den gow­rak maş­ga­la ýa­şa­ýar. Höwürtgeleriň iň ulu­sy­nyň be­ýik­li­gi 7,5 met­re, ini 3,5 met­re ba­ra­bar bol­ýar. Hö­würt­gä­niň gi­rel­ge­si aşak­da we gap­dal­da bo­lup, duş­man­la­ry gi­rip bil­mez ýa­ly edi­lip gu­rul­ýar. Bu hö­würt­ge­ler­de bir asy­rdan bä­ri “ýa­şa­lyp” otu­ry­la­ny hem az däl.
Guş­la­ryň köp bö­le­gi hö­würt­ge­le­ri­ni ýaş ot-çöp­ler­den ör­mek ar­ka­ly ýa­sa­ýar. Ys­sy ýer­ler­de ýa­şa­ýan guş­la­ryň hö­würt­ge­le­rin­de ula­ny­lan “ma­te­ri­al” we usul ola­ryň ýe­ter­lik de­re­je­de sal­kyn bol­ma­gy­ny hem üp­jün ed­ýär. Adat­ça, bu jan­dar­la­ryň ag­la­ba­sy iý­mit we suw tap­mak üçin ilat­ly ýer­le­re go­laý ýa­şa­ýar. Hö­würt­ge aga­jyň ýa­ba­ny haý­wan­lar ba­ryp bil­me­jek de­re­je­de in­çe, em­ma hö­würt­gä­ni gö­te­rip bil­jek de­re­je­de berk şa­ha­syn­da gu­rul­ýar. Şeý­le hem ow­nuk guş­lar has iri guş­la­ryň gir­mez­li­gi üçin gür şa­ha­la­ryň ara­syn­da hö­würt­ge­le­ýär.
Hö­würt­ge­le­riň kö­pü­si da­şyn­dan se­re­deniň­de ýö­ne­keý ýa­ly bolup görünse-de, örän çyl­şy­rym­ly bo­lup, guş özi üçin ze­rur äh­li zady göz öňün­de tu­t­ýar. Guş hö­würt­ge­de ýu­murt­ga­la­ýar, jüý­je çy­kar­ýar we ola­ry ulald­ýar. Alym­la­ryň soň­ky ge­çi­ren bar­lag­la­ry­, guş­laryň ýaz aý­la­ryn­da agaçlaryň şa­ha­la­ryn­da hö­würt­ge­le­ri­ni ýa­san­la­ryn­da öz be­den­le­ri­ni my­sal al­ýan­dyk­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­dy. Olar ýü­pek ýa­ly ýe­ňil we ýum­şak çöp­ja­gaz­lar­dan berk we ýe­ňil hö­würt­ge ýa­sa­ýarlar. Haý­sy­dyr bir se­bäp bi­len ýe­re ga­çan hö­würt­gä duş­sa­ňyz onuň ýe­ňil­di­gi si­ziň hem ün­sü­ňi­zi çe­ker. Kä­bir guş­lar hö­würt­ge ýa­san­la­ryn­da çöp­le­ri bir­leş­dir­mek üçin pal­çyk­dan hem peý­da­lan­ýar. Alym­lar guş hö­würt­ge­sin­de ula­nyl­ýan ýa­pyş­dy­ry­jy ma­te­ri­al­la­ryň haý­sy ho­wa şert­le­rin­de nä­hi­li gu­rap ga­ta­ýan­dy­gy­ny öwrenip, ony bi­na­lar­da ula­nyp bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Hö­würt­ge­de per­ler we beý­le­ki ýum­şak zat­lar hem-de ga­ty çöp­ler bi­le­lik­de ula­nyl­ýar. Guş onuň haý­sy­ny iç ta­ra­py­na, haý­sy­ny da­şy­na, aşa­gy­na ýa-da ýo­kar­sy­na goý­ma­ly­dy­gy­ny go­wy bil­ýär. Hü­när­men­ler hö­würt­ge­dä­ki bi­na­gär­lik gur­lu­şy­nyň in­že­ner­çi­lik, ýük gat­na­wy we önüm­çi­lik ýa­ly ugur­lar­da tä­ze çöz­güt­le­ri tap­ma­ga kö­mek et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.