Saud Arabystany uzak wagtlap Gündogar Afrikanyň ýurtlary bilen aram gatnaşyklardan soň, häzirki wagtda Afrika yklymynyň ykdysadyýetine maýa goýmak maksady bilen uzak möhletli meýilnamalary amala aşyryp başlady.
Ýanwar aýynda Gündogar Afrika döwletleriniň bäşisiniň (Sudan, Jibuti, Somali, Eritreýa we Müsür) hem-de ýakyn Gündogar döwletleriniň üçüsiniň (Saud Arabystany, Ýemen we Iordaniýa) baştutanlary Gyzyl deňiz we Aden aýlagy ýurtlarynyň Geňeşini döretmek baradaky şertnama gol çekmek maksady bilen Saud Arabystanynyň paýtagtynda duşuşdylar. Sebitdäki söwdany we diplomatiýany giňeltmek bu ylalaşygyň esasy maksady bolup durýar.
Uzaga çeken gepleşiklerden soň döredilen bu Geňeşe Er-Riýadyň gyzyklanmasy maksada laýyk hasaplanýar. Ortaýer deňzi bilen Gyzyl deňziň arasyndaky gatnawyň ösüşi, şol sanda, syýahatçylyk we söwda – “Wizion 2030” ykdysady maksatnamanyň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda dünýä söwdasynyň 13%-ine golaýynyň bu suw gatnawy arkaly amala aşyrylýandygyny bellemelidiris.
Soňky birnäçe ýylda patyşalyk bu yklymyň ykdysadyýetine gatnaşygyny has-da giňeltdi. 2018-nji ýyla çenli Saud Arabystany sebitdäki dürli taslamalara takmynan, 4 milliard dollar maýa goýup, Afrikanyň iň uly halkara maýadarlarynyň arasynda bäşinji orny eýeledi.
Ykdysady gatnaşyklar Er-Riýadyň içerki zerurlyklary bilen kesgitlenýär. Saud Arabystanynyň häkimiýeti “Azyk howpsuzlygy başlangyjynyň” çäginde Gündogar Afrikanyň oba hojalygyna işjeň maýa goýmak arkaly soňky on ýylda azyk importuna bolan garaşlylygy azaltmaga çalyşýar. Saud Arabystanynyň telekeçileri eýýäm Afrikada oba hojalygy üçin, müňlerçe gektar ýer satyn aldylar. Şeýlelik-de, Afrika giň ekin meýdanlary we hasylly topragy bilen gülläp ösüşi başdan geçirer diýlip garaşylýar.
Patyşalygyň häzirki 32 milliondan gowrak ilaty 2050-nji ýyla çenli 45 milliona ýeter diýlip çaklanylýar we bu ösüş azyk zerurlygynyň ýokarlanmagyna sebäp bolar.
Er-Riýadyň Afrika bilen gyzyklanmagy diňe bir Afrika yklymynyň ykdysady mümkinçiligi bilen baglanyşykly däl. Patyşalykda nebit ykdysadyýetine garaşlylykdan düýpgöter başgaça ugur alnyp, ýaş nesilleriň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen dürli sosial we medeni çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp başlandy. Köptaraply bu meýilnamada Afrika geljegi uly yklym bolup, sebitiň ýurtlarynyň uly ösüşleri gazanmagyna itergi berer. Şol sebäpli Saud Arabystanynyň Afrika yklymyna bolan maýa goýumlary ýakyn ýyllarda has-da artar diýlip garaşylýar.