2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz umumy bilim berýän hem-de sport mekdeplerinde, okuwçylaryň, türgenleriň, şeýle hem raýatlaryň arasynda Olimpiada-da geçiriljek oýunlaryň görnüşleri, onuň taryhy ähmiýeti barada sport hünärmenleriniň gazet-žurnallaryň sahypalarynda, radioda, telewideniýede wagyz-nesihat işlerini geçirmelidiklerini nygtady. Menem bu ugurdan hünärmen hökmünde köp ýyllyk iş tejribäme esaslanyp, şu makalamda 2017-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça, V Aziýa oýunlarynyň 21 görnüşiniň 3-si boýunça ýagny, türkmen göreşi, ýeňil atletika we tennis barada gürrüň bermegi makul bildim.
Türkmen göreşi
Göreş – adamzada belli bolan sportuň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Oguz handan gözbaş alýan türkmen halkynyň taryhynda sportuň iň köpçülikleýin meşgullanylýan görnüşi bolan türkmen göreşi uly meşhurlyga eýedir. Türkmen göreşi halkymyzyň milli sporty bolup, geçmişden tä şu günlerimize çenli toý-tomaşalary, baýramlary bezeýän sport sungatydyr. Türkmen göreşiniň özüne mahsus bolan özboluşly aýratynlyklary bar. Göreşiň ýakalaşma, alyş hem-de guşakly görnüşleri bolup, olaryň tilsimlerini oňat özleşdiren pälwanlar sportuň başa-baş söweş görnüşleri bilenem meşgullanmaga ukyply bolýarlar. Göreş adamda beden saglygyny, gözellik, sabyr-takady, gujur-gaýraty, hüşgärligi, maksada okgunlulygy ösdürýär.
Irki döwürlerde türkmen göreşini synag hökmünde hem ulanypdyrlar. Kähalatlarda adamlaryň arasynda döreýän dürli jedelleri aksakgallaryň ýolbaşçylygy esasynda göreş tutdurmak arkaly-da çözüpdirler.
Türkmen milli göreşiniň taryhynda birnäçe halypa pälwanlar bar. Olardan Mahmyt pälwan (Pilmahmyt), Bähbit pälwan, Annadurdy Ýagsoran ýaly şahsyýetleri görkezmek bolar. Bu pälwanlaryň ady, şan-şöhraty, goňşy ýurtlarda-da belli bolupdyr. Çeçen asyryň ortalarynda Hudaýberdi Paltaýew, Mätweli Mätiýew, Ata Öwezow, Myrat Saparow ýaly pälwanlarymyzyň ady halkymyzyň arasynda giňden meşhurdy.
Milli Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, türkmen göreşi ýurdumyzda giňden ösdürildi. Sportuň bu görnüşi häli-şindi tutulýan toý-baýramlarymyzyň bezegi boldy. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň başda durmagynda sebit we halkara ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýelemegi maksat edinýän pälwanlaryň ençemesiniň ýetişýändigi örän buýsandyryjydyr.
Ýeňil atletika
Sportuň bu görnüşi hemmelere mahsus, köpçülikleýin meşgullanylýan sportdur. Ol ýöremek, ylgamak, bökmek we zyňmak ýaly sport görnüşlerini öz içine alýar. Sportuň şasy hasaplanylýan ýeňil atletika sportuň ähli görnüşleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. “Atletika” gadymy grek sözi bolup, türkmen dilinde “maşk etmek” diýen manyny aňladýar. Gadymy Gresiýada güýçli, çydamly, çalasyn, batyr adamlary ýaryşdyryp, olaryň çalasyn hereketlerine tomaşa edipdirler. Olara “atletler” diýip, at beripdirler. Ýeňil atletika öz başlangyjyny örän gadymdan alyp gaýdýar.
Biziň eýýamymyzdan öňki 776-njy ýylda geçirilen birinji Olimpiadada ýeňil atletikanyň diňe ylgamak görnüşi boýunça ýaryş guralypdyr. Ýaryşa gatnaşyjylar golaý aralyga ylgamak boýunça ýaryşypdyrlar. Soň-soňlar bu bäsleşigiň çägini artdyryp, 5 görnüş boýunça güýç synanyşypdyrlar. Olar ylgamak, uzynlygyna bökmek, göreşmek, ýasmyk (disk) we naýza zyňmak boýunça öz ussatlyklaryny görkezipdirler. 1896-njy ýylda geçirilen I Olimpiýa ýaryşlarynda amerikaly atlet T.Berk 100 metr aralygy ilkinji bolup geçýär. T.Berk bu aralygy 12 sekuntda geçmegi başarypdyr. Parižde geçirilen II Olimpiada ýaryşlarynda bu aralygy 11 sekuntda geçmegi başarýarlar. 100 metr aralygy 10 sekunda getirmek üçin atletlere 68 ýyl gerek bolupdyr. 1968-nji ýylda Meksikada geçirilen XIX Olimpiýa oýunlarynda amerikaly D.Haýns 100 metr aralygy 9,95 sekuntda geçýär. 2009-njy ýylda Germaniýada geçirilen ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda ýamaýkaly atlet Huseýn Bolt 100 metr aralygy 9,58 sekuntda geçmegi başarýar we dünýä rekordyny täzeleýär. Häzirki döwürde Olimpiada ýaryşlarynda ýeňil atletikanyň 20-den gowrak görnüşi boýunça ýaryşlar guralýar.
Tennis
XI asyrda “real – tennis” ýa-da “zýo-de pom” esaslandyrylýar. Ol “eliň aýasynda oýnalýan oýun” manysyny beripdir. XIII we XIV asyrlarda Italiýada, Angliýada hem-de Fransiýada tennisiň dartylan ýüpüň üstünde topy elleriň kömegi bilen zyňylýan görnüşi oýnalypdyr. Diňe iki ýüz ýyldan soň, ýagny XIV asyrda tennis raketkasy peýda bolupdyr. Häzirki zaman tennis oýny 1873-nji ýylda Beýik Britaniýada ýaýbaňlanýar. Ony oýlap tapan britan goşunynyň serkerdesi Uolter Uingfirddir. Ol tennisi öz myhmanlaryna güýmenje hökmünde ýasapdyr.
Uolter Uingfird 1874-nji ýylda tennis oýnunyň düzgünini kesgitleýär. Ilki tennisi elde, biraz soňra ellikde, taýakda oýnapdyrlar. Ilkinji tennis ýaryşy 1877-nji ýylda Angliýanyň Uimbldon şäherinde geçirilýär. 1913-nji ýylda halkara tennis federasiýasynyň (TTF) düýbi tutulýar. 1998-nji ýylda oňa 190-a golaý milli federasiýa goşulýar. Tennis olimpiýa oýunlarynyň arasyna 1896-njy ýylda goşulýar we şol ýylda erkekleriň arasynda, 1900-nji ýylda bolsa zenanlaryň arasynda ýaryş geçirilýär. Atlary rowaýatlara öwrülen tennisçilerden Bill Tilden, Elsnort Waýns Fred Perri, Jek Kreýmler we Panço Gonsale dagy köplere bellidir.
Amangeldi Atabaýew,
Akdepe etrabyndaky 2-nji orta
mekdebiň mugallymy.