Türk­men hal­ky daş­ky gur­şa­wa, te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­le­şip, ony gö­zü­niň gö­re­ji dek go­rap gel­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len hal­ky­my­zyň bu ýö­rel­ge­si­ni Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de has-da ös­dür­mek, ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Gö­zel te­bi­ga­ty­my­zyň baý­lyk­la­ry­ny türk­men hal­ky­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň gel­jek­de has-da gül­läp ös­me­gi üçin ýer­lik­li peý­da­lan­mak, sa­ha­wat­ly top­ra­gy­my­zyň be­re­ke­di­ni has-da art­dyr­mak ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan esa­sy iş­le­riň bi­ri­dir.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len dö­re­dil­ýän to­kaý­lyk­lar, ba­gy-bos­san­lyk­lar oňaý­ly mik­rok­li­ma­ty emele getirýär, daş­ky gur­şa­wy aras­sa sak­la­ýar. Çöl­lük ýer­ler­de sa­zak, dag­lyk ýer­ler­de ar­ça, der­ýa boý­la­ryn­da bol­sa dür­li agaç­la­ryň to­kaý­lyk­la­ry dö­re­dil­ýär. Bag ek­mek di­ňe ho­wa­ny aras­sa­la­mak ýa-da adam­la­ryň sag­ly­gy­na oňat tä­sir et­mek bi­len çäk­len­män, ol so­gap iş hem ha­sap­lan­ýar.
Türk­men hal­kyn­da örän ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri Ze­mi­niň baý­lyk­la­ry­dyr gö­zel­li­kle­ri bo­lan su­wa, ýe­re, bag-bak­ja we haý­wa­nat dün­ýä­si­ne aýaw­ly ga­ra­mak dog­ru­syn­da ata­dan og­la, ogul­dan ag­ty­ga ge­çip gel­ýän ýa­zyl­ma­dyk ka­nun­lar bo­lup­dyr. Olar he­mi­şe he­re­ket edip ge­lip­dir we bi­ziň hä­zir­ki bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de-de özü­niň äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­män gel­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň däp-des­sur­la­ry­na hor­mat goý­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýag­şy ýö­rel­ge­ler kä­mil­leş­di­ri­lip, do­wam et­di­ril­ýär. “Ýy­kyl­saň – ýe­re ýa­pyş”, “Ekip­dir­ler biz iý­dik, eken­mi­zi iý­sin­ler. Bag-bak­ja­lar kö­pe­lip, bi­ze sag­bol diý­sin­ler”, “Suw dam­ja­sy – altyn dä­ne­si” di­ýen ýa­ly na­kyl­lar adam dur­mu­şy­nyň esa­sy bo­lup dur­ýan ene top­ra­gy, su­wy he­mem te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi­ni düz­ýän äh­li ösüm­lik­le­ri go­ra­ma­gy, kö­pelt­me­gi ün­de­ýär.
Türk­me­niň te­bi­ga­ta aýaw­ly ga­ra­mak däp­le­ri bi­ziň hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ryn­da we dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­me­giň Mak­sat­na­ma­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Türk­men te­bi­ga­ty gyş­da ak don geý­ýän bol­sa, ba­har­da ýa­şyl beg­res ýa­pyn­ýar, al-el­wan gül­le­re bes­len­ýär. Dag jül­ge­le­rin­den şil­di­räp ak­ýan buz ýa­ly çeş­me su­wu­nyň gym­ma­ty­ny tom­suň jok­ra­ma ys­sy­syn­da nä­me bi­len de­ňäp bo­lar?! Türk­me­niň sa­ry don­ly ag­ras güý­zü­niň hem öz­bo­luş­ly lez­ze­ti bar. Bu pa­syl­da ir-iý­miş ýe­ti­şip, bol­çu­lyk dö­re­ýär. Ys­sy ho­wa­nyň de­re­gi­ne ja­na ýa­kym­ly sal­kyn ho­wa ara­laş­ýar.
El­bet­de, dün­ýä­de äh­li za­dyň ha­sa­by bar. Daş-tö­we­re­gi­mi­zi gur­şap, öm­rü­mi­zi hem döw­rü­mi­zi be­ze­ýän ýa­şyl bag­la­ram, de­ňiz-der­ýa­la­ram, ir-iý­miş­le­rem, jan­ly-jan­dar­la­ram bi­ziň go­ra­gy­my­za mä­täç. Hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: “Esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri hem ila­tyň eko­lo­gik me­de­ni­ýet­li­li­gi­ni ýo­ka­ry gö­ter­mek, ýaş nes­liň aňyn­da daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak dü­şün­je­si­ni ter­bi­ýe­le­mek bo­lup dur­ýar” di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, bu iş­de öň­den gel­ýän mil­li ýö­rel­ge­le­ri hal­kyň aňy­na or­na­şan ýag­şy däp-des­sur­la­ry öw­ren­me­giň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Gö­zel te­bi­ga­tyň ösüm­lik hem haý­wa­nat dün­ýä­si­ni aýaw­ly peý­da­lan­mak, onuň baý­ly­gy­ny bi­sar­pa tut­man, gel­jek ne­sil­le­re mi­ras goý­mak üçin ata-ba­ba­la­ry­myz uly ala­da edip­dir­ler. Bag­la­ra, su­wa, haý­wa­nat dün­ýä­si­ne, ýe­re çe­me­le­şi­len­de, her kim özü­çe da­raş­man, halk ara­syn­da do­wam ed­ýän ýag­şy ýö­rel­ge­ler bo­lup­dyr. Ýa­şu­ly nes­le sa­la sa­lyn­man, hiç zat et­män­dir­ler. Pa­ra­sat­ly pe­der­le­ri­miz, mäh­ri­ban kä­be­le­ri­miz ýaş­la­ry göz­den sal­man­dyr­lar. Ça­ga wag­ty­myz ba­har pas­ly meý­da­na ys­ma­nak, ajy­bal­gaz, jüm­jü­me, çi­gil­dem, kö­me­lek çöp­le­mä­ge gi­de­ni­miz­de, ola­ry kö­ki bi­len sog­rup al­maz­ly­gy ün­där­di­ler. Bag­la­ryň şa­ha­la­ry­ny döw­mez­li­gi, guş­la­ryň hö­würt­ge­le­ri­ni boz­maz­ly­gy, ola­ry za­ýa­la­maz­ly­gy, ki­çi­jik mör-mö­jek­le­re-de deg­mez­li­gi, ýap­la­ryň su­wu­na ha­pa at­maz­ly­gy, gu­ran ot­la­ry ýak­maz­ly­gy tab­şy­rar­dy­lar. Bu ýa­ra­maz iş­le­ri et­me­giň gü­nä ha­sap­la­nyl­ýan­dy­gy­ny nyg­tar­dy­lar. Olar bu be­re­ket­li top­ra­gyň baý­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň so­gap iş­le­riň sa­na­wy­na go­şul­ýan­dy­gy ba­ra­da öwüt-ün­dew be­rer­di­ler.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ala­da­sy bi­len ýur­du­my­zyň te­bi­ga­ty­na be­ril­ýän üns, onuň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek, te­bi­ga­ty­my­zyň iň gö­zel, iň aja­ýyp ýer­le­rin­de adam­la­ryň dynç al­magy­ny, ge­ze­lenç et­megi­ni gu­ra­mak iş­le­ri­ne be­ril­ýän üns has-da art­dy. Te­bi­gat bi­len yn­sa­nyň ara­syn­da­ky saz­la­şyk ös­di. Ge­ze­lenç edip, lez­zet alar ýa­ly gö­zel te­bi­gat­ly aja­ýyp ýer­ler ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de bar.
As­lyn­da-ha, türk­men te­bi­ga­ty­nyň lez­zet ber­ýän, ru­hu­ňy gö­te­rip, kal­by­ňy joş­dur­ma­ýan ýe­ri ýok. Er­ka­na hem mer­da­na türk­me­niň giň­li­gi­ne, päk gö­wün­li­li­gi­ne, sa­hy­ly­gy­na, jo­mart­ly­gy­na meň­ze­ýän te­bi­ga­tyň ga­dy­ry­ny bil­mek, ony go­rap sak­la­mak il­deş­le­ri­mi­ziň baş mak­sa­dy­na, dur­muş des­su­ry­na öw­rül­di.
Hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­na gö­zel­lik çaý­ýan türk­men te­bi­ga­ty Ze­mi­niň hem on­da­ky ýa­şaý­şyň ni­çik­si owa­dan­dy­gy­ny, nu­ra­na­dy­gy­ny dün­ýä ýaý­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baştutan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga, türk­men top­ra­gy­nyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny ne­ti­je­li ula­nyp, eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­ler buý­sanç bi­len bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Çün­ki ýur­du­myz­da te­bi­ga­tyň bar bo­lan gö­zel­lik­le­ri­dir daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak ýa­ly me­se­le­ler döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Her ýyl­da Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­nü­niň bel­le­ni­lip ge­çil­me­gi hem ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ug­ra gö­nük­di­ren iş­le­ri hal­ka­ra de­re­je­sin­de giň­den gol­da­nyl­ýar. Te­bi­ga­ty­my­zyň bar­ha gö­zel­leş­me­gi hem-de tä­miz bol­ma­gy ug­run­da uly ala­da­lar ed­ýän Gahryman Ar­ka­da­gy­my­za ro­waç­lyk­lar ýar bol­sun!

Hal­mäm­met Ama­now,
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Po­li­si­ýa mü­dir­li­gi­niň Ýan­gyn howp­suz­ly­gy bö­lü­mi­niň 112-nji har­by­laş­dy­ry­lan ýan­gyn howp­suz­lyk bö­lü­mi­niň uly gö­zeg­çi­si, içer­ki gul­lu­gyň ma­ýo­ry.