Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda ägirt uly tehnologiýa ösüşi amala aşyrylýar. Ýurdumyzy ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasynda innowasiýalaryň, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ähli ulgamlaryň kompýuterleşdirilmegine hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini, şol sanda, aragatnaşyk ulgamynda gazanylanlaryň özleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Biz bu makalada adamzadyň tehniki ösüşiniň uzak geçmişine nazar aýlamagy makul bildik.
Adamzat jemgyýetiniň tehniki ösüşiniň öz kanunlary bar. Ylym we tehnika ähli döwürlerde ynsanyýetiň bähbitlerine hyzmat edipdir. Maddy medeniýetiň başlan döwründe, ol dünýä täzeçe garaýşyň, tebigy güýçlerden halas bolmagyň guraly bolup, adamzadyň medeni taryhynyň täze döwrüniň başlangyjy bolupdyr. Ähli döwürlerde tehnikanyň ösüşi adamyň tebigatyň kanunlaryna akyl ýetirip, olary tejribede ulanyş ukybyna bagly bolupdyr. Emma adam tebigata köplenç zähmet we önümçilik arkaly akyl ýetiripdir. Şonuň üçin, tehniki ösüşiň netijeleri galapyn, önümçiligiň hiline bagly bolupdyr.
Ylmy-tehniki ösüşiň esasynda zähmet ýatyr. Zähmetiň esasy ugurlary, maksadalaýyk iş, zähmet materialy we zähmet guraly bolup durýar. Onuň soňkusy bolsa, zähmet guraly ýa-da tehnikadyr. Önümçilik guraly öndüriji güýçleriň iň möhüm bölegidir. Emma, bu ýerde iň esasy zat – tehnikany döredýän, kämilleşdirýän, herekete getirýän tejribeli adamlar bolup durýar. Tehniki gurallar öz ösüşiniň haýsy basgançagynda bolsa-da, diňe adama hyzmat edýär. Tehniki serişdeleriň görnüşleri adam zähmetiniň dürli-dürli bolşy ýaly dürli-dürlüdir. Dürli görnüşli tehnikalaryň kömegi bilen amala aşyrylýan zähmetiň netijesi, diňe bir maddy önüm bolman, eýsem adamlary we ýükleri daşamagy, medeni we durmuş hyzmatlaryny we beýlekileri öz içine alýar. Köplenç maddy önümçilik dört sany esasy ugra bölünýär: gazylyp alynýan peýdaly çeşmeler, ekerançylyk, gaýtadan işleýän senagat we ulag.
Tehnikanyň ösüş basgançaklary
Taryhy döwürleriň tehniki gurluşy ozaly bilen, onuň ösüş basgançagy bilen kesgitlenýär. Bu basgançaklar önümçiligiň üç esasy ugruna laýyk gelýär – hünärmentçilik, dokma senagaty we ulag. Önümçiligiň taryhy basgançagy, irki neolit (miladydan öň VI — IV müň ýyl) döwründen başlap, senetçilik gurluşy şertlerinde ilkidurmuş jemgyýetçilik gurluşynyň ösüşiniň belli bir döwri bilen häsiýetlendirilýär. Muňa awçylyk hojalygynda ilkidurmuş jemgyýetçilik gurluşynyň tehnikasynyň ýüz müňlerçe ýyllap ulanylmagy güwä geçýär. Hünärmentçilik döwründe önümçilik el zähmetiniň güýji arkaly amala aşyrylypdyr. Ösüşiň bu basgançagynda, esasan, el gurallaryndan we zähmet serişdelerinden peýdalanylypdyr. Ýöne haýwanlaryň, suwuň we ýeliň güýji bilen herekete getirilýän çylşyrymly enjamlar hem ulanylypdyr. Bu serişdeleriň ýönekeýinden tä çylşyrymlysyna çenli ählisi el bilen döredilipdir.
Tehnikanyň hünärmentçilik basgançagy XV asyryň ortalaryna çenli dowam edipdir. Bu döwrüň soňky tapgyrlarynda (takmynan XII-XIII asyr) Günbatar Ýewropanyň önümçiliginde dokma senagatynyň käbir tehniki alamatlary ýüze çykýar.
Hünärmentçilik döwründen önümçilik senagatyna çenli
Hünärmentçilik döwrüniň beýik açyşlary bolan kompas, kitap çap etmek, mehaniki sagat ýaly oýlap tapyşlar senagat döwründe has giňden ulanylyp başlanýar. Hünärmentçilik döwründe ylmyň önümçilik we tehnika bilen arabaglanyşygy çäkli bolupdyr: ozal başdan önümçilik bilen şertlenen takyk we tebigat ylymlary (öňi bilen astronomiýa, matematika we mehanika) ösüpdir. Ýöne bu ylymlaryň tehnika täsiri dowamly bolmandyr, çünki ol öz ösüşinde netijelere we ýetilen ylma däl-de, eýsem, şol döwürde toplanan ägirt uly amaly tejribä we önümçiligiň dürli pudaklaryna daýanypdyr. Şol wagtlarda oba hojalygynda, metallurgiýada, dag-magdan işlerinde, ulagda we şuňa meňzeşlerde bar bolan tejribe daýanýan ukyplaryň gorlary, tärleri, däp-dessurlary käwagt nazaryýet bilen umumylaşypdyr we önümçilik ýörelgelerine laýyk gelýän ylmy düşündirişlerden juda tapawutlanypdyr.
Dürli ýurtlarda ösüşi
Müsüriň, Mesopotamiýanyň, Het döwletiniň, Finikiýanyň, Siriýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Amerika yklymynyň, Gresiýanyň, Rim imperiýasynyň maddy medeniýeti dürli ugurlarda özboluşly we aýdyň ylmy üstünliklere eýe bolupdyr. Ylym gadymy Gresiýada aýratyn üstünlikler gazanypdyr. Miladydan öň, VI-III asyrlarda ol ýerlerde tebigy hadysalary düşündirmäge synanyşýan, ajaýyp naturfilosofiýa mekdepleri esaslandyrylypdyr.
Gadymy takyk we tebigy ylymlarda uçursyz beýik açyşlaryň bardygyna garamazdan, köplenç olar synlap oýlanylan, hyýaly göz öňüne getirmelerden ybarat bolupdyr. Esasan hem, muňa Gadymy Gündogaryň ylmy degişli bolupdyr. Tejribelerde barlanan akylly-başly tehniki işler, täsin dessurlar bilen utgaşdyrylypdyr. Şunuň ýaly ýagdaý orta asyrlarda hem bolupdyr.
Wagtyň geçmegi bilen ylym dini taglymatyň täsirinden üzňeleşip başlapdyr. Bu, esasan hem, Günbatar Ýewropada ýüze çykýar. Bu döwürde Hindistanda, arap halyfatlygynda, Orta Aziýada, Hytaýda, Günbatar ýurtlarynda, möhüm ylmy açyşlar bolýar, ýöne bu gazanylanlar önümçilikde diňe bölekleýin ulanylypdyr. Ylym we tehnikanyň özara gatnaşygynyň täze görnüşiniň buşlukçysy XV asyryň ortalaryndaky wakalar we ilkinji toplanan sermaýa bolupdyr.
Oýlap tapyjylaryň hyzmatlary
Müňlerçe ýyllap dowam eden tehniki ösüşiň irki tapgyrlary barada gürrüň gozgap, täze tehnikanyň anyk döredijisiniň adyny tutup bilmeýäris. Ilkidurmuş gurluşy taryhy açyşlaryň we oýlap tapyşlaryň takyk senesini bilmeýär. Şeýle-de bolsa, olar ilkidurmuş medeniýetiniň köp sanly atsyz-sorsuz döredijileriniň hakyky gahrymanlary bolýar. Olar muny özleri gazanypdyrlar, ody gorap saklapdyrlar, palta, ýaý, gaýyk, tigir, körük sanajy we dokma stanogy ýaly serişdeleri oýlap tapypdyrlar, magdany eredipdirler, ösümlikleri sapypdyrlar, ýer sürmek üçin ýabany öküzden peýdalanypdyrlar.
Şeýle hem Ýer togalagynyň dürli künjeklerindäki oýlap tapyşlar we açyşlar birnäçe gezek gaýtalanypdyr, unudylypdyr, gaýtadan dikeldilipdir we iň soňunda hem amaly tejribede tassyklanypdyr. Bize näbelli ilkidurmuş tehnikasyny we medeniýetini döredijiler, soňra hyýaly we meşhur şahslaryň keşbinde beýan edilipdir. Emma täze oýlap tapyjylar doly aýdyňlyk bilen ýüze çykýança, täze gural ýa-da önümçilik serişdesini döretmek prosesi köp awtorlaryň – dürli milletleriň wekilleriniň gatnaşmagynyň netijesi bolup galmagyny dowam etdiripdirler.
Ýeriň ähli ynsanlarynyň döredijilik ukyby deňdir. Emma ýüze çykan taryhy şertlere laýyklykda, bir halkyň belli bir döwürde bu ukybyny ýüze çykarmak mümkinçiligi uly bolupdyr. Taryhy ösüşiň birsydyrgyn däldigi, ylmy-tehniki üstünlikleriň Aziýanyň, Amerikanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň dürli-dürli milletleriniň wekilleri tarapyndan gazanylmagyna alyp barýar.
Her bir möhüm tehniki täzelik we ylmy açyş dürli ýurtlaryň köp sanly oýlap tapyjylarynyň döredijiliginiň netijesi bolup durýar. Emma bu anyk tehniki, ylmy üstünlikleri amala aşyrmakda aýgytly rol oýnan alymlaryň we oýlap tapyjylaryň şahsy hyzmatyny kemeltmeýär. Olar özünden öňküleriň tejribesine daýanyp, öňde goýlan meselä has doly we dogry jogap berýän, ylmy-tehniki ösüşe mümkinçilik açýan aýgytly çözgüt tapypdyrlar.